kredit hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Ýyl

goýum hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Siziň girdejiňiz:

Internet hyzmatlary

Internet hyzmatlary

walýuta - 12.12.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy

Täzelikler

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi

2015-nji ýylyň 13-nji dekabry Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarif we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatda sözlän sözi

Hormatly döwlet Baştutanlary! Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary we agzalary! Hanymlar we jenaplar!

Şu gün şu zalda bütin dünýäden döwlet we hökümet baştutanlary, parlamentleriň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli diplomatlar, syýasy we jemgyýetçilik işgärleri bu halkara maslahata gatnaşmak üçin ýygnandylar. Ilki bilen, gadyrly myhmanlarymyza mähirli salam bilen ýüzlenýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi

2015-nji ýylyň 10-njy dekabry Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna ýadygärlik şaýy pullary

Şanly baýramyň – Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň öň ýanynda ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan her haýsysynyň gymmaty 50 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary hem-de şol pullaryň toplumy çykaryldy. Bu ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpsanly pul ýygnaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

2015-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň merkezi köçeleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.


Täzelikler 56 - 60 (e/a) 77