kredit hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Ýyl

goýum hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Siziň girdejiňiz:

Internet hyzmatlary

Internet hyzmatlary

walýuta - 24.06.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy

Täzelikler

Aşgabatda Eýranyň haryt öndürijileriniň mümkinçilikleri görkezildi

2016-njy ýylyň 23-nji fewraly paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň ХII ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan sergide goňşy ýurduň esasy pudaklarynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň köp görnüşleri görkezilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasaryny kabul etdi

2016-njy ýylyň 23-nji fewraly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary jenap Mohammad Şariatmadarini kabul etdi. Ol EYR-nyň XII ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak maksady bilen, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna geldi.

Baýdak – döwletliligiň  nyşany

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bu ýyl “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda” , Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk we hemişelik Bitaraplygymyzyň 21 ýyllygynyň baýram ediljek ýylynda toýlanýar. Döwlet baýdagy Watanymyyzyň özbaşdaklygyny we özygtyýarlylygyny, şeýle-de agzybirligini hem Bitaraplygyny alamatlandyrýan döwlet häkimiýetiniň resmi nyşanydyr. Halkymyzyň milli buýsanjy we döwletliligiň nyşany bolan Döwlet baýdagymyzda halkyň ar-namysy, Watana bolan söýgisi hem buýsanjy jemlenendir. Döwlet baýdagymyzyň baýramçylygynyň her ýylda uludan bellenilmegi oňa goýulýan hormatdan nyşandyr.

Baýdak baýramyňyz gutly bolsun mähriban watandaşlar!

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekiline seredip, ony okap bolýar. Ondaky her bir şekil ýa-da reňk türkmeniň öňden gelýän gyzyldan gymmatly mukaddesliklerini, ýaşaýyş babatdaky pähim-parasatly düşünjelerini hem-de olaryň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhyny inçeden yzarlaýar. Baýdak hakynda gürrüň gozgalanda, ilki bilen halkymyzyň taryhy, ata-babalarymyzyň döwlet döretmekde we gurmakda, şonuň bilen bir hatarda halkyň agzybirligini, parahatçylygyny we rahatlygyny üpjün etmekde bitiren ägirt uly işleri, bu ugurda döreden gymmatlyklary hakydaňa düşýär.

Arkadagyň ak ýolunda, baky parla Baýdagym!

Ýurdumyz-Berkarar, Ilimiz-Bagtyýar, bagy-bossan Watanymyz Arkadagymyzyň paýhasyndan güller açýar. Şeýle ajaýyp zamanada ak ýollarda ýaşyl Baýdagymyz elmydama parlaýar.


Täzelikler 26 - 30 (e/a) 75