kredit hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Ýyl

goýum hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Siziň girdejiňiz:

Internet hyzmatlary

Internet hyzmatlary

walýuta - 22.10.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy

Täzelikler

Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2017-nji ýylyň 29-31-nji martynda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň Türkmenistana resmi sapary boldy.....
Daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň ene-atalaryna Daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň ene-atalary Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň şahamçalarynyň üsti bilen

Hormatly ildeşler

03.02.2017
Hormatly ildeşler

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, Sizi bank kart hyzmatlaryndan peýdalanmaklyga çagyrýar!

“Altyn asyr” bank kartlary, söwda merkezlerinde harytlary satyn alanyňyzda, durmuş hyzmatlary, öýjükli we öý telefonlaryna tölegleri geçirmekde, sarp ediş maksatly we ipoteka karzlarynyň esasy bergisini we göterim tölegleri, ýangyç goýujy beketlerinde hasaplaşyklary hem-de Internetiň üsti bilen bank kartyňyz arkaly göz öňünde tutulan tölegleri geçirip bilersiňiz.

         


Bank ulgamyndaky özgerişler

Ýurdumyzda pul serişdeleriniň dolanyşygyny sazlaşdyrmak bank edaralarynyň işiniň baş maksady bolup durýar. Häzirki döwürde banklar ýeterlik pul serişdeleri bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginini üpjün edýär hem-de pul serişdeleriniň dürli pudaklarda oýlanyşykly dolanyşygyna ýardam berýär. Şonuň bilen birlikde, banklar iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň möhüm çeşmesine öwrülýär. Maliýe toplumy ýurdumyzyň tutuş ykdysadyýetiniň netijeliligine örän oňyn täsir edýär, çünki onuň baş maksady milli pulumyzyň satyn alyş ukybyny üpjün etmekdir hem-de içerki sarp ediş bazarlarynda nyrhlaryň durnuklylygyny saklamakdyr.

MUKADDES GARAŞSYZLYGYŇ  BOSAGASYNDA

Hormatly  Prezidentimiziň  saýasynda erkana  ýaşaýan mähriban halkymyzyň her bir  güni ýatdan  çykmajak şanly senelere, taryhy wakalara beslenip, ak nur bolup dogýar.  Bagtyýar durmuşymyzda röwşen ýollarymyzy ak  geljege alyp barýan, geçmiş taryhymyzy, buýsançly şu günümizi, ýagty ertirimizi bagtyýar döwrana baky ýar eden  biziň  Gahryman Arkadagymyz, mähriban Watanymyz we  mukaddes  Garaşsyzlygymyzdyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň  şanly 25 ýyllygy

Mukaddes  ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň  baýramçylygy bu gün her bir türkmenistanlynyň kalbyny joşa getirýar.

“Altyn-Asyr” plastik kartlaryna 5% girdeji

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň müşderileri tarapyndan açylan “Altyn-Asyr” plastik kartlarynyň galyndy pul serişdelerine 2016-njy ýylyn oktýabr aýynyň 01-den başlap ýyllyk 5 göterim girdejiler hasaplanylyp aýma-aý kart hasabyna geçirilip başlanandygyny Size habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2016-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Takehiko Nakaony kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen Liderini ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ýakynlaşyp gelýän 25 ýyllyk şöhratly senesi bilen gutlap, türkmenistanlylara parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, özbaşdak ösüşiniň ýyllary içinde Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiniň belent sepgitlerine ýetdi, onuň halkara abraýy artdy, şeýle hem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan alyp barýan içeri we daşary syýasaty doly goldawa eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri Halkara howa menzilini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de daşary ýurtlardan gelen köpsanly hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň esasy howa derwezesiniň – türkmen paýtagtynyň täze Halkara howa menziliniň açylmagy mynasybetli uly dabara boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň Federal Maliýe ministrini kabul etdi

2016-njy ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň federal maliýe ministri jenap Ulrih Maureri kabul etdi.

“Altyn asyr” plastik kartylary arkaly bankomatlardan we terminallardan alnan nagt puluň möçberinden 1 % ýygym

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky,  2016-njy ýylyň 01-nji iýulyndan başlap şahsy taraplaryň “Altyn asyr” plastik kartylary arkaly bankomatlardan we terminallardan alnan nagt puluň möçberinden 1göterim ýygym hem-de nagt däl tölegleri amala aşyrylanda her bir geçirilen töleg üçin 0.20 manat ýygym almak hyzmatlaryny girizýär.

“Altyn-Asyr” plastik kartlaryna 2% girdeji

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň müşderileri tarapyndan açylan “Altyn-Asyr” plastik kartlarynyň galyndy pul serişdelerine 2016-njy ýylyn aprel aýynyň 7-den başlap ýyllyk 2 göterim girdejiler hasaplanylyp aýma-aý kart hasabyna geçirilip başlanandygyny Size habar berýär.

Bilim-ylmyň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda bilim ulgamynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we onuň  ýolbaşçylygynda geçirilýän özgertmeler döwletiň we jemgyýetiň ählitaraplaýyn ösmeginiň esasyny düzýän maksatnamalarynyň biridir. Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň baş maksady netijeli bilim ulgamyny döretmek bolup durýar, ol adam serişdelerini kämilleşdirmek, milletiň intellektual mümkinçiligini ýokarlandyrmak ýoly bilen Türkmenistanyň ykdysady taýdan ýokary göterilmegine, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň hünärli işgärler bilen üpjün bolmagyna, ösüp barýan şahsyýetiň bilime bolan isleglerini kanagatlandyrmaga ýardam edýär.

MAGTYMGULY, SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan ösüşleriň bedew bady  bilen öňe barýar. Milli Liderimiz tarapyndan  2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmeginiň özünde  hem uly many bardyr. Şonuň üçin geçmiş mirasymyza, gadymy we taryhy ýadygärliklerimize berilýän üns ýokary derejededir. Şunuň bilen baglylykda, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, ynsanperwerliginiň beýik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine  üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan milli baýram Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygrýýet gününe bagyşlanan baýram ýurdumyzyň  ähli ýerlerinde dabaraly ýagdaýda  giňden bellenilýär.

ATLY ÝÖRIŞ  -  UÇAR GANATLY ÝÖRIŞ

2016-njy ýylyň 5-nji maýynda  Homatly Prezidentimiz Gurbanguly  Berdimuhamedowyň  gatnaşmagynda  2017-nji ýylda Aşgabatda  geçiriljek  Ýapyk binalarda  we söweş  sungaty boýunça   V Aziýa  oýunlarynyň başlanmagyna  500 günüň galmagy  mynasybetli  köpçülikleýin  atly ýörişe badalga berilmegi taryhy waka boldy.  Aziada - 2017- ä  badalga  berilmegine  500 gün  galmagyna  gabatlanyp Nusaý galasynda  guralan  atly ýörişiň ýurdumyz  üçin aýratyn uly ähmiýeti bar.

Bedewler – toýlarymyzyň bezegi

Türkmen halkynyň bedew atlaryna bolan söýgüsi örän uludyr. Bu söýgi gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedewe goýýan sarpasynda bütin türkmen  halkynyň asyrlarboýy kemala gelen ýokary medeniýetini görmek bolýar. Her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramynyň bellenilmegi-de halkymyzyň uçar ganatyna, syrdaş ýoldaşyna goýýan hormat-sylagynyň bimöçberdigine güwä geçýär.

Il saglygy ýurt baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden başlap ähli ulgamlar bilen bir hatarda halkymyzyň saglygyna we ýurdumyzyň sport ulgamyna hem aýratyn üns berdi. Döwletimizi ösdürmekde, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda Mähriban Arkadagymyz uly işleri amala aşyrýar. Ilatyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmakda sport esasy orny eýeleýär. 

Manadyň durnuklylygy barada

Manadyň durnuklylygyny üpjün etmek «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maksatlarynyň biridir. Şu ugurda döwletimizde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan toplumlaýyn çäreler geçirilýär.

Täze ylham çeşmesi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  halkymyza ýene-de bir ajaýyp “Çaý - melhem hem ylham” atly kitabyny peşgeş berdi. Arkadag Prezidentimiziň täze kitaplary ýazyp, onuň bilen halkymyzy begendirip durmagy eýýäm däbe öwrüldi.

Nowruz baýramy!

18.03.2016
Nowruz baýramy!

Pasyllaryň  soltany  baharyň  gelmegi bilen tutuş tebigat  janlanýar.  Her paslyň öz  gözelligi bar.  Ýöne bahar paslynyň  kalbyny heýjana salýan, gözelligine bendi edýän, görünmeýän, bilinmeýän  jadysy bar. Dag-dereler  ýaşyl begres geýende,  durnalar gykuwlaşyp  gelende, lemmer-lemmer gara bulutlar  süýşüp, gök  gübürdäp ýyldyrym çakanda, kükräp-kükräp bahar çagbasy ýaganda, kalbyňda üýtgeşik duýgular döreýär. Il içinde  nowruz gijesi dünýä inen perzent  üýtgeşik akylly-başly bolýar diýen ynam hem bar. Nowruzyň gelmegi bilen  zenanlaryň  teşwişi hem artyp,  Bibileriň tagamy bolan  semenini taýýarlamagyň  ugrunda bolýarlar.

Ösüş ýolly Watanym

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeňleşdirmek üçin düýpli esas döredýär, raýatlaryň abadançylygy, eşretli ýaşaýşy onuň esasy ölçegi bolup durýar. Şonuň üçin hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli özgertmeleriniň özeninde adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowlandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak wezipeleri durýar. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapary hakynda

2016-njy ýylyň 16-17-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri  Muhammad Nawaz Şarifiň  çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň  hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurtda resmi saparynda boldy.

Bank ulgamyny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy

2016-njy ýylyň 07-nji martynda «Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň «Hazar» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň özge pulhanalaryň halkara hyzmatdaşlygy boýunça gaznasy bilen bilelikde guran «Bank işgärleriniň özbaşdak okuwyny ornaşdyrmak» atly sebitara okuw maslahaty öz işine başlady. Oňa Germaniýadan, Gyrgyz Respublikasyndan we Täjigistan Respublikasyndan wekiller, Merkezi bankyň, ýurdumyzyň karz beriji edaralarynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar döwletiniň emiriniň arasynda gepleşikler geçirildi

2016-njy ýylyň 07-nji martynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn resmi sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmen zenanlary - bagtyýarlyk döwründe

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýasynda özüne mähremligi, gözelligi, näzikligi jemleýän mähriban ene-mamalarymyza we gelin-gyzlarymyza has uly sarpa goýulýar. Parasatly ýurt Baştutanymyzyň her bir il-ýurt bähbitli alyp barýan uly tutumlarynda bolsa, eneleriň rahatlygy, eneleriň bagty, nesilleriň röwşen geljegi görünýär.

Aşgabatda Eýranyň haryt öndürijileriniň mümkinçilikleri görkezildi

2016-njy ýylyň 23-nji fewraly paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň ХII ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan sergide goňşy ýurduň esasy pudaklarynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň köp görnüşleri görkezilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasaryny kabul etdi

2016-njy ýylyň 23-nji fewraly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary jenap Mohammad Şariatmadarini kabul etdi. Ol EYR-nyň XII ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak maksady bilen, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna geldi.

Baýdak – döwletliligiň  nyşany

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bu ýyl “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda” , Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk we hemişelik Bitaraplygymyzyň 21 ýyllygynyň baýram ediljek ýylynda toýlanýar. Döwlet baýdagy Watanymyyzyň özbaşdaklygyny we özygtyýarlylygyny, şeýle-de agzybirligini hem Bitaraplygyny alamatlandyrýan döwlet häkimiýetiniň resmi nyşanydyr. Halkymyzyň milli buýsanjy we döwletliligiň nyşany bolan Döwlet baýdagymyzda halkyň ar-namysy, Watana bolan söýgisi hem buýsanjy jemlenendir. Döwlet baýdagymyzyň baýramçylygynyň her ýylda uludan bellenilmegi oňa goýulýan hormatdan nyşandyr.

Baýdak baýramyňyz gutly bolsun mähriban watandaşlar!

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekiline seredip, ony okap bolýar. Ondaky her bir şekil ýa-da reňk türkmeniň öňden gelýän gyzyldan gymmatly mukaddesliklerini, ýaşaýyş babatdaky pähim-parasatly düşünjelerini hem-de olaryň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhyny inçeden yzarlaýar. Baýdak hakynda gürrüň gozgalanda, ilki bilen halkymyzyň taryhy, ata-babalarymyzyň döwlet döretmekde we gurmakda, şonuň bilen bir hatarda halkyň agzybirligini, parahatçylygyny we rahatlygyny üpjün etmekde bitiren ägirt uly işleri, bu ugurda döreden gymmatlyklary hakydaňa düşýär.

Arkadagyň ak ýolunda, baky parla Baýdagym!

Ýurdumyz-Berkarar, Ilimiz-Bagtyýar, bagy-bossan Watanymyz Arkadagymyzyň paýhasyndan güller açýar. Şeýle ajaýyp zamanada ak ýollarda ýaşyl Baýdagymyz elmydama parlaýar.

Parzdepe ýadygärligi hakynda

Ýaňy ýakynda, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabadyň eteginde ýerleşen  taryhy ýadygärlikleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halyçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 15-nji fewraly ýurdumyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneler mynasybetli täze binalaryň we desgalaryň açylyş dabarasyny guramak asylly däbe öwrüldi. Şu gün ählihalk baýramçylygy bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Abadan etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda haly we haly önümleriniň senagat taýdan önümçiligi boýunça iri “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň açylyş dabarasy boldy.

MILLI TARYHYM-MEDENI MIRASYM

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýyl Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýyly diýen şygar astynda geçer. Biziň mirasymyz uly hem-de dürli öwüşginli  bolup, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň döwlet muzeýlerinde aýawly saklanýan genji-hazynany, arheologlar tarapyndan açylmagyna garaşýan, medeniýetiň, söwdanyň we senetleriň gülläp ösen, müňýyllyklaryň dowamynda ylham joşgunynyň hem-de bilim baýlygynyň toplanan şäherleri öz içine alýar. 

Mirasymyz milli guwanjymyzdyr

Berkarar  döwletimizň  bagtyýarlyk döwründe  hormatly Prezidentimiziň  tagallalary netijesinde  taryhy-medeni  ýadygärliklerimizi goramaga, aýawly saklamaga,  öwrenmäge we  baýlaşdyrmaga  gönükdirilen  işler has giň  gerime eýe boldy.

Milli mirasymyz- Milli mertebämiz!

Ýurdumyz Arkadag Prezidentimiziň saýasynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde görülip eşidilmedik belent sepgitlere ýetdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmek, ony gorap saklamak barada döredip beren giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzyň ruhy hem-de durmuşy ähmiýetini, umumadamzat gymmatlyklaryny öwrenmek,  gorap saklamak hem-de geljekki nesillerimize ýetirmek her birimiziň borjumyzdyr.

Täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabaralary

2016-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkymyza sowgat beren “Paýhas çeşmesi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu çäre Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly  mynasybetli guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi.

2016-njy ýylyň 10-njy fewraly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda öz diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Fazil Saýfini kabul etdi.

Beýik Ýüpek Ýoly: Taryhy ýörelge we goşulyşmagyň häzirkizaman syýasaty

2016-njy ýylyň 10-njy fewraly ir bilen Sarahs demir ýol menzilinde Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan –Eýran ugry boýunça herekete girizilen synag otlusyny garşylamak dabarasy boldy.

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

2016-njy ýylyň 9-njy fewraly türkmen paýtagtynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň däp bolan sergisi öz işine başlady, bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Meridýen Uluslararasi Fuarçilik” türk kompaniýasy bilen bilelikde gurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti konstitusion toparyň mejlisini geçirdi

2016-njy ýylyň 2-nji fewraly paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky konstitusion toparyň mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu topar döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda 2014-nji ýylyň maý aýynda konstitusion özgertmeleri durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň Esasy Kanunyny Türkmenistany syýasy we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen döredildi.

Geçmişimiziň ýaňy - geljegimiziň daňy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda Bitarap Türkmenistanda milli mirasymyzy gorap saklamak babatynda diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, halkara  derejede alnyp barylýan işleriň hem iňňän uly ähmiýeti bardyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

2016-njy ýylyň 28-nji ýanwary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary hünär baýramçylygy bilen gutlady

2016-njy ýylyň 27-nji ýanwary Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 24 ýyllygyna hem-de Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Dabara gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk arkaly şanly sene bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Awazada täze sport toplumlarynyň taslamalary bilen tanyşdy

2016-njy ýylyň 20-nji ýanwary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň howa menzilinden Türkmenbaşy şäherine uçdy. Ol özüniň gysga möhletleýin dynç alyş wagtynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gelip, Hazar deňziniň gözel kenarynda emele gelýän dünýä derejesindäki ajaýyp şypahana bilen tanyşdy.

Mirasa sarpa goýmak ýylynda – täze belentliklere tarap

2016-njy ýylyň 17-nji ýanwary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewleriniň saklanylýan ýerine baryp, ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy.

Müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halky özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak we dünýäde giňden wagyz etmek ýörelgelerini şu ýyl Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny dabaralandyrýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi.

Pres reliz

13.01.2016
Pres reliz

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda Visa, MasterCard halkara töleg ulgamlarynyň kartlary arkaly içerki hem-de halkara tölegleri geçirmäge, bank hasaplarynyň üsti bilen daşary ýurt puluny satyn almaga giň şertler döredildi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy

2016-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisinde her ýylyň başynda geçirilýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda Mejlisiň kanunçykaryjylyk deputatlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

2016-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzda 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. 

2016-njy ýylyň dowamynda  Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan  ýerine ýetirilmeli  işler

2016-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýerine ýetirilmeli  işler şu aşakdakylardan ybarat:

  1. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ilatymyza berilýän karzlaryň gerimini giňeltmek;

  2. Ýurdumyzyň raýatlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararlary boýunça  ýeňillikli karzlary bermek;

  3. Önümçilik maksatly karzlaryň gerimini giňeltmek;

Ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi

2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Ol hemmeleriň söýüp garşylaýan we täsinliklere baý bolan Täze ýyl baýramçylygynyň ýakynlaşyp gelýändigini alamatlandyrdy.

Bitarap diýara Täze ýyl geldi!

Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäde we ýurdumyzyň çarýanynda täze başlangyçlara, toplumlaýyn özgertmelere rowaçlyk bermegi halkymyzyň eşretli durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Geçen her bir günimiziň türkmeniň taryhyna ýatdan çykmajak ýakymly wakaly sahypany ýazýar. Täze eýýam Türkmenistanyň halkara abraýynyň günsaýyn artýandygyna, dünýä bileleşiginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyny giňden goldaýandygyna we ykrar edýändigine şaýatlyk edýän buýsandyryjy wakalar bilen taryha ýazylýar.

Baýramçylygyň öň ýanyndaky binagärlik açylyşlary

Türkmenbaşy, 22-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän, kuwwaty ýylda 3 million tonna çig nebiti gaýtadan işlemäge ukyply bolan ELDAD-HT-7 desgasy hem-de umumyzawod hojalyk desgalary açylyp, ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady

2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi

2015-nji ýylyň 13-nji dekabry Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarif we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatda sözlän sözi

Hormatly döwlet Baştutanlary! Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary we agzalary! Hanymlar we jenaplar!

Şu gün şu zalda bütin dünýäden döwlet we hökümet baştutanlary, parlamentleriň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli diplomatlar, syýasy we jemgyýetçilik işgärleri bu halkara maslahata gatnaşmak üçin ýygnandylar. Ilki bilen, gadyrly myhmanlarymyza mähirli salam bilen ýüzlenýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi

2015-nji ýylyň 10-njy dekabry Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna ýadygärlik şaýy pullary

Şanly baýramyň – Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň öň ýanynda ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan her haýsysynyň gymmaty 50 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary hem-de şol pullaryň toplumy çykaryldy. Bu ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpsanly pul ýygnaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

2015-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň merkezi köçeleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň dabaraly maslahaty

2015-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-ne paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň dabaraly mejlisi geçirildi. Ol ýetip gelýän baýramçylyga - biziň döwletimiziň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy. Umumymilli maslahatyň çäklerinde şanly sene mynasybetli watandaşlarymyzyň birnäçesine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy

2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda gurulýan 600 baş atçylyk toplumynda we 114 hojalyk üçin ýaşaýyş jaýlary toplumynda alnyp barylýan işleriň depgini bilen ýakyndan tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

Aşgabatda pagta önümleriniň Halkara Sergi-Ýarmarkasy hem-de Halkara maslahaty geçirildi

2015-nji ýylyň noýabr aýynyň 28-29-na Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň pagta önümleriniň V halkara sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Pudaklaýyn wekilçilikli iki günlik forumy “Türkmenpagta” döwlet konserni, Türkmenistanyň döwlet haryt çig-mal biržasy hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.

Türkmenistanyň Prezidenti gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

2015-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Eýrat Yslam Respublikasynda resmi saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda geçirilen gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumynyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy.

Durnukly ösüşiň kepili

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda, ýurdumyzda kabul edilen Kanuna laýyklykda , töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde, türkmen manady we onuň bölek şaýylyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi.

Durnukly manat - durnukly ösüş

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösüş gazanýar. Muňa 2015-nji ýylyň 1-nji maýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň dört aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatlardan hem göz ýetirip bolýar.

Milli manadymyzyň 22 ýyllygyna

2015-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mejlisler zalynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa hökümetiň agzalary, döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, ykdysady topluma girýän ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň professorlary, mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisi

Durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki bu duşuşygyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygynyň bellenilýän döwründe geçirilmegi bu çärä aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty geçirildi

2015-nji  ýylyň 10-njy sentýabrynda “Awaza”milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Ol Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda möhüm şanly waka boldy.

Şanly ýylyň möhüm taryhy wakalary

2015-nji Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň 7-8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gabatlanyp, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda “Daýanç”,”Ýelken” atly binalar, sport toplumy, söwda-merkezli ýaşaýyş jaý toplumy,. . .

Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň Türkmenistana resmi sapary hakynda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça  Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow 2015-nji ýylyň 24-25-nji awgusty aralygynda Türkmenistanda resmi saparynda boldy. . .

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary hakynda 2015-nji ýylyň 10-11-nji iýuly aralygynda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanda resmi saparynda boldy. Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Hindistanyň  Premýer-ministrine Türkmenistana sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. . .
Türkmenistanda Gana Respublikasynyň ilçisi işe başlady

2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Gana Respublikasynyň Türkmenistanda işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Alhaji Bawa Gilbert Aembillahdan ynanç hatyny kabul etdi.

Türkmenistan BMG-niň suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär

2015-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Tegy şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary barada

2015-nji ýylyň 6-8-nji aprel aralygynda Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaýe Timofti Türkmenistanda resmi saparynda boldy. Aşgabatda türkmen-moldowan gepleşikleri ýokary derejede geçirildi. Olaryň üstünlikli geçmegi  däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary milli bähbitlere we bar bolan uly mümkinçiliklere gabat gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga bolan özara islegler bilen kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

2015-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri Suşma Swarajy kabul etdi.

Türkmenistan suwdan peýdalanmak we ekologiýa ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

2015-nji ýylyň 2-nji aprelinde paýtagtymyzyň “Mizan” täjirçilik merkezinde “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramçylygyna gabatlanylyp, “Suw serişdeleriniň tygşytly we netijeli peýdalanmagyň hem-de daşky gurşawy aýawly saklamagyň möhüm meseleleri” atly halkara maslahat geçirildi.


Täzelikler 1 - 75 (e/a) 75
Hemme sanaw