Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň Federal Maliýe ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň Federal Maliýe ministrini kabul etdi 15.07.2016

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň Federal Maliýe ministrini kabul etdi

2016-njy ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň federal maliýe ministri jenap Ulrih Maureri kabul etdi.

Türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin myhman  hoşallyk bildirip,  ýüzbe-ýüz duşuşykda maliýe-bank ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige örän şatdygyny  nygtady. Şweýsariýada Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşine, abadançylyk hem-de rowaçlyk ýolunda gazanýan üstünliklerine uly gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi.

Myhman Ýewropanyň maliýe toparlarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli maliýe-bank ulgamyny pugtalandyrmak boýunça soňky ýyllarda ädilen netijeli ädimlere ýokary baha berýändiklerini nygtady. Şol netijeli çäreler bolsa dünýäniň ykdysadyýeti üçin ýeňil bolmadyk döwürde durmuş-ykdysady ösüşi ýokary depginde saklamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda okgunly ösýän, ägirt uly serişdeler hem-de ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan daşary ýurtlaryň işewür toparlary hem-de geljekki maýadarlar üçin uly gyzyklanma döredýär. Olary ýurdumyzda döredilen maýa goýum ýagdaýy hem-de ygtybarly kanunçylyk binýady özüne jemleýär. Bularyň ählisi halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly taslamalara hem-de giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Bu duşuşyk geljekde iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösmegine öz oňyn  täsirini ýetirer.

Türkmen döwlet habarlary agentligi



← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 18.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy