Ylymlar güni mynasybetli halkara forum

Ylymlar güni mynasybetli halkara forum 12.06.2018

Ylymlar güni mynasybetli halkara forum

Türkmen paýtagtynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe gabatlanylan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly iki günlük halkara forum öz işine başlady.

Maslahata ýaş türkmen alymlaryndan, mugallymlaryndan başga-da, 30-dan gowrak ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleri, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Bangladeşiň, Türkiýäniň, Eýranyň, Finlýandiýanyň, Bolgariýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Latwiýanyň, Estoniýanyň, Ukrainanyň we beýlekileriň wekilleri gatnaşýar.

Maslahatyň açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň aň-paýhas — işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, döwletiň, ylmyň we işewürligiň özara netijeli gatnaşyklarynyň wezipelerini çözmäge ýardam bermek maksady bilen döredilen Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň alymlarynyň öňünde durýan esasy wezipeleri kesgitläp, Türkmenistanyň ylmy kuwwatyny artdyrmaga, Diýarymyzyň hem-de dünýä ylmynyň gazananlaryny iş ýüzünde giňden ulanmaga, olary önümçilige we bilim ulgamyna işjeň ornaşdyrmaga, innowasion teklipleriň binýadyny döretmäge aýratyn üns berýär.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara hem-de ýurdumyzyň ähli ylmy jemgyýetçiligine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda häzirki zaman bilimleriniň we ylymlarynyň dünýäniň ykdysady, medeni, tehnologik ösüşleri bilen berk baglanyşykly bolmak bilen, parahatçylykly, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň hem örän möhüm şerti bolup durýandygy bellenilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetindäki orny yzygiderli pugtalandyrylýar, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, köp görnüşli, ýokary hilli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalary döredilýär. Ýurdumyzyň ylmy edaralary we ýokary okuw mekdepleri tarapyndan alnyp barylýan barlaglar, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym we bilim ulgamlarynyň sanly düzümleriniň ösdürilmegi möhüm wezipe hökmünde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli wezipeleriň çözülmegine ýardam berer.

Maslahatda edilen ylmy çykyşlar energetikadan başlap ekologiýa çenli dürli ulgamlara innowasiýalary ornaşdyrmagyň möhüm amaly we usulyýet meselelerine bagyşlandy.

Foruma gatnaşyjylar Aşgabatda geçirilýän “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahatyň ylmy tejribäni alyşmak, türkmen we dünýäniň iri ylmy-barlag institutlaryndan gelen daşary ýurtly alymlaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin möhüm çärä öwrülendigini nygtadylar.

Daşary ýurtly wekiliýetleriň birnäçesiniň çykyşlary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Olarda döwlet Baştutanymyzyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilýän wajyp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy bellenilýär. Şu ugurlaryň hatarynda nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, täze serişdeleri öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlar bar.

Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy daşky gurşawy goramaga ylmy taýdan çemeleşmek meselesine degip geçip, türkmen tebigatynyň bioköpdürlüligiň täsin nusgasydygyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işinde aýdyň beýanyny tapandygyny nygtady we ýurdumyzyň tejribeli ekolog alymlarynyň gruzin alymlary tarapyndan öňe sürlen ekologiýa taslamasyny işläp taýýarlamaga gatnaşmagynyň onuň ýokary hilli durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Belarus Respublikasynyň wekiliniň çykyşynda Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň, ylmyň hem-de bilimiň okgunly ösdürilmeginiň belarus we türkmen alymlarynyň hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berip, programmalaşdyrmak, robototehnika, biologiýa, bioinženeriýa ýaly wajyp ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berendigi nygtaldy. Döwletlerimiziň arasynda döredilýän ygtybarly binýat türkmen-belarus ylmy hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge, tejribe alyşmaga hem-de iki halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmäge şert döredýär.

Forumyň myhmanlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen ýaş türkmen alymlarynyň ylmy bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasyna hem gatnaşdylar.

Ertir maslahat bölümler boýunça öz işini dowam eder. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçiriljek mejlisde maglumat we kommunikasiýa tehhologiýalary ara alnyp maslahatlaşylar. Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde oba hojalygy, ekologiýa we biotehnologiýa bilen baglanyşykly meselelere garalar.

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde senagat-innowasion tehnologiýalara bagyşlanan mejlis geçiriler. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçiriljek mejlis ykdysady ösüşe, hukuga, halkara hyzmatdaşlygyna hem-de syýahatçylyga bagyşlanar.

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçiriljek duşuşykda hünärmenler lukmançylyk ylmy we derman serişdeleriniň önümçiligi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde alymlaryň çykyşlarynda ynsanperwer ylymlary ösdürmek hem-de halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri beýan ediler.

Şeýle hem foruma gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyplar, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynyň alymlary bilen duşuşarlar. Giňişleýin medeni maksatnama laýyklykda, myhmanlar Aşgabadyň ajaýyp ýerleri bilen tanşarlar.



Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 20.06.2018 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy