Bank karzynyň netijeliligi

Bank karzynyň netijeliligi 25.12.2018

Bank karzynyň netijeliligi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýän depginli, diwesifikasiýalaşdyrylan we innowasion ykdysadyýeti emele getirmek babatynda uly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda “Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda” kararyň kabul edilmegi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleri döwrebap usulda guramaga we oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmäge giň ýol açdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji maslahatynda kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan  “Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda”, “ Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda” we “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” Kararlaryň kabul edilmegi oba hojalyk pudagynda önümçilik gatnaşyklarynyň has-da kämilleşdirilmegine, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna we oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine uly mümkinçilikler döretdi.
Türkmenistanyň “Daýhanbank” Döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň  Oba senagat toplumyna degişli bolan oba hojalyk döwlet kärhanalaryna, daýhan birleşiklerine, hususy telekeçilere, döwlete dahylsyz ýuridiki şahslara we raýatlara karz serişdelerini bermeklik işini yzygiderli alyp barýar.
Ýurdumyzyň Oba senagat toplumynyň netijeli hereket etmegi we oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň alynmagy üçin maliýe goldawynyň berilmeginde we öndürilen önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginde kämil bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmeklik bankymyzyň öňünde esasy meseleleriň biri bolup durýar.
Şoňa laýyklykda, döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini  (bugdaý, pagta, şaly we gant şugundyry) ösdürip ýetişdirmekligiň önümçilik harajatlaryny maliýeleşdirmek we önüm öndürijilerden önümleri satyn almak üçin bank tarapyndan karzlaşdyrmagy netijesinde, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi ýola goýulan.
          Hormatly Prezidentimiziň oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň raýatlaryna gozgalmaýan emlägi girewine alyp karzlary bermek barada kabul eden kararlaryna laýyklykda, bankymyz tarapyndan 8446 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin karz ugrunyň hasabyndan gurluşyk kärhanalaryna  tölegler geçirildi we gurluşygy tamamlanan 5918 sany ýaşaýyş jaýynyň satynalmagy üçin raýarlarymyza ýyllyk 1 göterimi bilen 30 ýyl möhlete ýeňillikli karzlar berildi hem-de häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny karz serişdeleriň hasabyna  maliýeleşdirmek işleri dowam etdirilýär.
          Ýurdumyzda  telekeçiligi  ösdürmek,  jemi  içerki  önümde  olaryň  paýyny ýokarlandyrmak,  telekeçilik  işini  amala  aşyrýanlara  döwlet  tarapyndan ýeňillikli   şertlerde maliýe  goldawyny  bermek  we  täze iş orunlaryny döretmek  babatynda  uly  işler amala aşyrylýar.  
Şoňa laýyklykda hem bankymyz tarapyndan ykdysadyýetiň döwlet däl sektoryna karzlary bermek işleri yzygiderli alnyp barylýar we ýeňillikli şertlerde karzlaşdyrylan hususy kärhanalaryň hem-de hususy telekeçileriň sany ýyl - ýyldan artýar.
Türkmenistanyň Prezidentimiziň ýurdumyzyň telekeçilerini döwlet tarapyndan maliýe taýdan goldamak hakyndaky kararlaryna laýyklykda hususy telekeçileriň oba hojalyk önümlerini öndürmek maksatly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin olaryň 646 sanysyna ýeňillikli karz serişdeleri berildi we bu taslamalaryň hasabyna 1248 sany täze iş orny döredildi.
Bank tarapyndan karzlar esasan hem telekeçileriň oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin berildi we taslamalar boýunça 7587 baş iri şahly maly, 50378 baş ownuk şahly maly, 344538 baş guşy, 347 baş düýýäni, 677 sany bal ary maşgalasyny saklamaklyk, 158 gektar meýdanda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek we 47628 inedördil  meýdanda ýyladyşhanalary gurmak üçin hem-de 30 sany kärendeçä oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin karz serişdeleri berildi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda" 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran 11817 belgili kararyna laýyklykda, täze durmuş guran ýaş maşgalalara öý goşlaryny satyn almak üçin 66 939 sany ýaş maşgalalara we hususy ýaşaýyş jaýy (öýi) satyn almak üçin 355 sany maşgala   karz serişdeleri berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak maksady bilen çykaran kararlaryna laýyklykda 321 sany müşderä karz serişdeleri berildi we 391 sany täze iş orunlary döredildi.  
          Mundan başga, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň müşderilerine bölünip berlen ýer böleginde şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara mikrokarzlary bermeklik barada Düzgünnama laýyklykda, 2018-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna jemi 91 sany müşderä karz serişdeleri berildi.
Ýurdumyzyň oba senagat toplumyna hyzmat edýän bank hökmünde Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky,
ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleriň çäklerinde, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, içerki bazarda azyk bolçulygyny döretmek we ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň eksport mümkinçiligini artdyrmak bilen bagly maýa goýum taslamalaryny karzlaşdyrmak  we önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işlerini gelejekde hem ýokary işjeňlik bilen alyp barar.
Goý, halkymyzy bagtyýar durmuşda bolçulykly ertirlere alyp barýan  Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 18.01.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy