Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary hakynda

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary hakynda 13.07.2015

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary hakynda

2015-nji ýylyň 10-11-nji iýuly aralygynda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanda resmi saparynda boldy. Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Hindistanyň  Premýer-ministrine Türkmenistana sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň arasynda gepleşikler geçirildi hem-de birnäçe resminamalar we Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Ýokary derejedäki bu duşuşyk soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan özara bähbitli türkmen-hindi gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar.

Biziň ýurtlarymyz dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe bolup, onuň hukuk binýady işlenip düzüldi. Häzir döwletara gatnaşyklaryna dostlukly, deňhukukly we birek-birege hormat goýmak, ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri  boýunça taraplaryň özara düşünişmegi mahsusdyr.

Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk türkmen-hindi gatnaşyklarynyň möhüm  ugrudyr, onda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyna aýratyn orun degişlidir. Onuň amala aşyrylmagy taslama gatnaşýan ýurtlara birnäçe möhüm durmuş we ynsanperwer meselelerini, şol sanda gaz geçirijiniň ugrunda goşmaça iş orunlaryny durmuş düzümini döretmek bilen bagly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer.

Belent mertebeli myhmanyň resmi saparyna gabatlanyp, Aşgabat şäherinde Ýoga we adaty lukmançylyk merkeziniň, şeýle hem hindi halkynyň ruhy Lideri, filosof Mahatma Gandiniň heýkeliniň dabaraly açylyşy boldy. Bu bolsa halklarymyzyň dostlugynyň we doganlygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Narendra Modi geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlandyrma bildirip, iki ýurduň  uly kuwwatyna eýe bolan umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeň ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigini tassykladylar.

Türkmen döwlet habarlary agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 21.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy