Türkmenistan suwdan peýdalanmak we ekologiýa ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistan suwdan peýdalanmak we ekologiýa ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär 03.04.2015

Türkmenistan suwdan peýdalanmak we ekologiýa ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

2015-nji ýylyň 2-nji aprelinde paýtagtymyzyň “Mizan” täjirçilik merkezinde “Suw damjasy – altyn dänesi”  baýramçylygyna gabatlanylyp, “Suw serişdeleriniň tygşytly we netijeli peýdalanmagyň hem-de daşky gurşawy aýawly saklamagyň möhüm meseleleri” atly halkara maslahat geçirildi.  Türkmenistanyň Suw hojalygy ministrligi we Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan guralan wekilçilikli forum ýurdumyzyň we daşary ýurtly alymlaryň hem-de dünýäniň köp döwletlerinden bilermenleriň 150-den gowragyny, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini jemledi.Ýygnananlar  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Maslahata ägirt uly gyzyklanma bildirilmegi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň we halkymyzyň durnukly ösüşiniň we rowaçlygynyň bähbidine dünýäniň ähli ýurtlary we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän türkmen döwletiniň dünýä bileleşiginde jebisleşdiriji güýç hökmünde barha artýan orny bilen şertlendirilendir. Biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň hem-de bütündünýä we sebit forumlarynyň çäklerinde döredijilikli başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. 

Türkmenistanyň möhüm tebigy serişdeleri, şol sanda suwy aýawly saklamaga jogapkärli çemeleşmegi ýurdumyzyň sebitiň halklarynyň abadançylygynyň we parahatçylygynyň bähbidine suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň ählumumy wezipelerini çözmäge saldamly goşant göşmaga çalyşmagyny şertlendirdi.

Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň täze neşiri – “Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi” atly kitaby hödürlenildi.

Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullygy tarapyndan ýokary derejede çap edildi we özboluşly çeperçilik bezegi bilen tapawutlanýar.

Döwlet Baştutanymyzyň “Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi” atly kitabynda jemlenen parasatly sözlerinde görnükli alym we syýasy Lider, oňyn özgertmeleriň başyny başlaýjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategiki pikirleri öz beýanyny tapýar. Şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa ýurdumyzyň gülläp ösmeginden, türkmenistanlylaryň ählisiniň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Halkara maslahata gatnaşyjylar forumyň jemini jemläp, şu duşuşygyň bu ulgamda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde ýurtlaryň tejribe alyşmagy, bu wajyp ulgamda halkara  hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga umumy çemeleşmäni işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolandygyny bellediler.

Maslahatyň ahyrynda bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak meselelerinde sebit hem-de ählumumy hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi beren şu forumyň ýokary derejede guralmagyna ýardam berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.  

Türkmen döwlet habarlary agentligi



← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 22.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy