Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň daşary işler ministrini kabul etdi 09.04.2015

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

2015-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri Suşma Swarajy kabul etdi.

Hanym Suşma Swaraj türkmen Liderine Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň  hem-de Premýer-ministriniň ýollan mähirli salamyny ýetirip, öz ýurdunyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz täze taryhy eýýamda iki dostlukly döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň döwrüň wakalaryna we özara bähbitlere gabat gelýän täze hile we mazmuna eýe bolýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesine  aýratyn üns berildi. Şu babatda Türkmenistan tarapyndan başy başlanan iri möçberli bu taslamanyň çalt durmuşa geçirilmegine hindi tarapynyň uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda özara bähbitli türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça giňelýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň  we düzümleriniň çäklerinde türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna iň oňat arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmen döwlet habarlary agentligi



← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 25.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy