Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary barada

Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary barada 09.04.2015

Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary barada

2015-nji ýylyň 6-8-nji aprel aralygynda Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaýe Timofti Türkmenistanda resmi saparynda boldy. Aşgabatda türkmen-moldowan gepleşikleri ýokary derejede geçirildi. Olaryň üstünlikli geçmegi  däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary milli bähbitlere we bar bolan uly mümkinçiliklere gabat gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga bolan özara islegler bilen kesgitlenildi.

Mälim bolyşy ýaly, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nikolaýe Timofti şu duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ähli gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmaga gönükdirilen anyk ädimleri kesgitlediler.

Uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň mejlisinde we Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleriniň barşynda hem kesgitlendi. Olar ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasynda türkmen paýtagtynda geçirildi.

Moldowa  Respublikasynyň Prezidentiniň sebitde iri atçylyk toplumyna baryp görmegi Türkmenistana, onuň üstünliklerine türkmen halkynyň köpasyrlyk däplerine bolan uly gyzyklanmanyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ahalteke bedewleriniň abraýly halkara ýaryşlarynda we bäsleşiklerinde gazanylan ajaýyp üstünlikleri hem olara bolan gyzyklanmany artdyrýar.

Moldowanyň Prezidenti Nikolaýe Timofti gören zatlaryna tüýs ýürekden haýran galandygyny aýdyp, türkmen döwletiniň Baştutanynyň taýsyz tagallalary  netijesinde täze taryhy döwürde türkmen halkynyň ganatyna öwrülen behişdi bedewleriň şan-şöhratynyň mundan beýläk-de diňe artdyrjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen döwlet habarlary agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 25.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy