Türkmenistan BMG-niň suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär

Türkmenistan BMG-niň suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär 13.04.2015

Türkmenistan BMG-niň suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär

2015-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Tegy şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistan parahatçylygy söýüjilige, oňyn Bitaraplyga we netijeli halkara hyzmatdaşlyga mahsus ýörelgelere esaslanýan daşary syýasy ugry  yzygiderli ýöretmek arkaly, häzirki döwürdäki möhüm ähmiýetli meseleleriň oýlanyşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça işjeň garaýyşlara eýerýär. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu forumyň gün tertibine Ýer ýüzünde yzygiderliösüş bilen baglylykda suwdan rejeli peýdalanmagyň meseleleri girizildi. Üç ýyldan bir gezek geçirilýän şu forum Bütindünýä Suw geňeşi (WWC) tarapyndan guralýar. Bu gurama 1996-njy ýylda döredildi we oňa dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan  300-den  gowrak guramalar girýär. WWC-nji ştab-kwartirasy Fransiýanyň Marsel şäherinde ýerleşýär.

Bütindünýä suw forumy suwa degişli möhüm meseleleri köptaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça özboluşly çäre bolmak bilen, şu wajyp ulgamdaky innowasion başlangyçlary we nouhaulary öňe sürýär. Tegu şäherinde “Suw biziň geljegimiz üçin” diýen şygar astynda geçirilýän ählumumy duşuşyga döwletleriň we hökümetleriň Baştutanlary, köp sanly ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, alymlar, hünärmenler ýygnandylar. Forumyň gün tertibine wajyp ugurlaryň dördüsine (esasy ugurlara, syýasy çärelere, sebit derejesindäki ýagdaýa, ylma we tehnologiýalara) degişli meseleler girizildi.

Dabaranyň başynda ýygnananlaryň öňünde forumyň guramaçylary we kabul edýän ýurduň wekilleri çykyş etdiler.

Ählumumy duşuşyga gatnaşyjylara forumyň gün tertibine bagyşlanan wideorolik görkezildi.

Soňra foruma gatnaşyjylaryň çykyşlary başlandy. Ilki bilen, belent mertebeli myhmanlardan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi, munuň özi ýurdumyzyň we onuň Lideriniň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge täzeçil we oňyn çemeleşmeleriniň ykrar edilýändiginiň ýene bir subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz forumyň belent münberinden çykyş edip, ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň  ählumumy rowaçlyk we ösüş ugrundaky tagallalarynyň  birleşdirilmegine gönükdirilen anyk tekliplerini beýan etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýada suw meselesi örän wajyp, birnäçe ýagdaýlarda bolsa sebitleýin ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.

Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, ählumumy möçberde suw meselelerini çözmegiň çylşyrymlaşýandygyny nazara almak bilen, BMG-niň howandarlygynda we onuň işjeň gatnaşmagynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça BMG-niň Sebit merkeziniň döredilmegi baradaky başlangyjy öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz Suw meselesiniň bu merkeziň işiniň aýratyn bir ugry bolup biljekdigini aýdyp, şeýle düzümiň döredilmeginiň Merkezi Aziýa sebitindäki ýagdaýyň anyk zerurlyklary arkaly ýüze çykýandygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz şu ýyl Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin durnukly ösüş boýunça Döwletara toparynyň başlyklygyny kabul edýändigini aýdyp, sebitde suw meseleleri boýunça döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de onuň halkara guramalary bilen ýola goýulan hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezilmegine işjeň goldaw bermäge türkmen tarapynyň taýýardygyny mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýygjam aragatnaşygy ýola goýmaga we tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklap, foruma gatnaşyjylara üstünlik we netijeli işlemek arzuw etdi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Monako döwletiniň Baştutany emir Alber II, Marokko patyşalygynyň premýer-ministri Abdelila Benkiran bilen duşuşdy. Söhbetdeşliklerde geljekki gatnaşyklaryň maksatnamalary ara alynyp maslahatlaşyldy.

Türkmen döwlet habarlary agentligi



← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 18.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy