Türkmenistanda Gana Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Türkmenistanda Gana Respublikasynyň ilçisi işe başlady 08.07.2015

Türkmenistanda Gana Respublikasynyň ilçisi işe başlady

2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Gana Respublikasynyň Türkmenistanda işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Alhaji Bawa Gilbert Aembillahdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de Gana Respublikasynyň ýolbaşçysynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda ilçi häzirki döwürde Türkmenistanyň döwlet ösüşi strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Gana Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Mejlisiň köptaraplaýyn işleri we düzümi bilen hem tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda  jenap Alhaji Bawa Gilbert Aembillah Türkmenistanyň we Gana Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp we iki ýurduň halklarynyň erk-islegine esaslanyp üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen döwlet habarlary agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 18.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy