Şanly ýylyň möhüm taryhy wakalary

Şanly ýylyň möhüm taryhy wakalary 09.09.2015

Şanly ýylyň möhüm taryhy wakalary

2015-nji Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň 7-8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gabatlanyp, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda “Daýanç”,”Ýelken” atly binalar, sport toplumy, söwda-merkezli ýaşaýyş jaý toplumy, Türkmenbaşy etrabynyň merkezinde gurlan “Hazar balyk” açyk paýdarlar jemgyýetiniň bekre balygyny, onuň işbilini ösdürip ýetişdirýän hem-de balygy gaýtadan işleýän kärhana açyldy. Şeýle hem, Ýurtbaştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Kongresler merkezinde”, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň buýurmasy boýunça gurulan bäş ýyldyzly “Merdana” myhmanhanasyny açyp berdi.

Şol gün milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen Awazada “Bagtyýar”, “Şamekan, “Hazar” myhmanhanalary, Türkmenistanyň Daşary iş bankynyň şahamçasy işe başlady. 2015-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda bolsa, Awaza etrabyndaky “Kongresler merkezinde” Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty bolup geçdi.

“Türkmenistan” gazeti


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 16.10.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy