Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň Türkmenistana resmi sapary hakynda

Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň Türkmenistana resmi sapary hakynda 26.08.2015

Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň Türkmenistana resmi sapary hakynda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça  Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow 2015-nji ýylyň 24-25-nji awgusty aralygynda Türkmenistanda resmi saparynda boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň hökümetiniň ýolbaşçysyny gadymy türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, Bolgariýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparynyň iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Bolgariýa Respublikasy bilen birek-birege hormat goýmak, deňhukukly esasda we gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalara daýanmak arkaly ýola goýulýan dostlukly hem-de özara peýdaly gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Öz gezeginde, Bolgariýanyň Premýer-ministri Boýko Borisow mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip,  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy mynasybetli şu ýyl belleniljek dabaralar bilen gutlady. Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň möçberlerine haýran galýandygyny belläp, bolgar hökümetiniň baştutany özüniň  Türkmenistana guran saparynyň baş maksadynyň iki ýurduň we halklaryň dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam bermekden, täze mazmun bilen baýlaşdyrmakdan ybaratdygyny nygtady.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Boýko Borisowyň resmi saparynyň we geçirilen gepleşikleriň jemlerine doly kanagatlanma bildirýändigini aýdyp, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň öz gatnaşyklaryny uzakmöhletleýin esasda guraýandyklaryny hem-de iki tarapyň-da bähbidine laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowa açyklyk hem-de özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen oňyn gepleşikler üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Bolgariýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallygyny aýdyp, Türkmen döwletiniň Baştutanyna we Türkmenistanyň tutuş halkyna döredijilikli zähmetde uly üstünlikler, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi hem-de Türkmenistanyň Baştutanyny Bolgariýa Respublikasyna resmi sapar bilen barmaga çagyrdy.

Türkmen döwlet habarlary agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 25.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy