Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty geçirildi 12.09.2015

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty geçirildi

2015-nji  ýylyň 10-njy sentýabrynda “Awaza”milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Ol Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda möhüm şanly waka boldy. Umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri gyşarnyksyz durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda hormatly Prezidentimiz taryhy-syýasy çykyş etdi. Ol öz çykyşynda, Berkarar Watanymyzy kuwwatly, abadan, ýokary derejede ösen, bäsleşige ukyply döwlete öwürmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, häzirki döwürde demokratik kadalaryň binýadynda jemgyýetimizi we döwletimizi ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz Türkmen döwletiniň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada aýdyp, Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasdynyň işine yzygiderli gatnaşýar hem-de onuň mejlislerinde halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi netijesinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly teklipler bilen çykyş edýär. Biziň ýurdumyz şeýle hem daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ýaly möhüm meseleler boýunça başlangyçlary öňe sürdi. Bu başlangyçlar dünýäde giň goldawa eýe boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Ýurdumyzda “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda  Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda şeýle Rezolýusiýanyň   kabul   edilmegi   örän uly şatlykly waka boldy, ýurdumyzyň abraý mertebesini täze belentliklere göterdi diýip, milli Liderimiz nygtady. “Biz Garaşsyz, Bitarap Watanymyza çäksiz buýsanýarys! Biz Watanymyza bolan söýgi bize parahatçylygy berkitmek işinde ägirt uly gujur-gaýrat, çäksiz ylham berýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmenistanyň Ýaşulularyň maslahatynda türkmen halkyna ýüzlenme kabul edildi. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň ýaşulularynyň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýilen at dakyldy. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda ýurdumyzyň zähmetkeşlerine döwlet sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy we hormatly atlary dakyldy. Soňra, Ýaşulular maslahatynda çykyp çykyş etmeklik giňden ýaýbaňlandyryldy.

Ýurt Baştutanymyzyň Permany bilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty 2016-njy ýylda Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu maslahatda Türkmenistamnyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen döwlet habarlary agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 16.10.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy