Durnukly ösüşiň kepili

Durnukly ösüşiň kepili 12.11.2015

Durnukly ösüşiň kepili

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda, ýurdumyzda kabul edilen Kanuna laýyklykda , töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde, türkmen manady we onuň bölek şaýylyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi.

Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi gönüden-göni pul bilen bagly bolan birnäçe meseleleri çözmegi talap edýär. Olaryň hatarynda manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini ýola goýmak, manadyň goraglylygyny üpjün etmek, manadyň satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak ýaly çäreleri görkezmek bolar.

Milli manadyň hümmetiniň durnukly derejede saklanmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň wajyp guraly, şol bir wagtyň özünde-de,  şerti bolmagynda galýar. Ýurdumyzda hereket edýän puluň kadaly aýlanyşygyny ýola goýmakda onuň ýerli serişdelerden haryt üpjünçiligine aýratyn orun degişlidir. Bu wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmek üçin hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrylýar, ylmyň tehnikanyň we innowasion tehnologiýalaryň gazanan üstünlikleri önümçilige giňden ornaşdyrylýar, şonuň bilen birlikde-de  ýokary netijeler gazanylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe puluň höweslendiriş häsiýetine aýratyn ähmiýetiň berilýändigini hem buýsanç bilen bellemelidiris. Biz muňa hormatly Prezidentimiziň raýatlaryň aýlyk zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny  yzygiderli ýokarlandyrmak barada kabul edýän sahawatly Kararlarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” we “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasy” ýurdumyzyň ykdysadyýetinde bank ulgamynda tutýan ornuny, bank işiniň netijeliligini hem-de ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem ýurdumyzda we dünýä maliýe bazarynda öz mynasyp ornuny eýelemäge güýçli itergi berdi.

Manadyň haryt üpjünçiligini ýokarlandyrmakda ýurdumyzyň döwlete degişli däl bölegini ösdürmegiň ähmiýeti örän ýokarydyr. Häzirki döwürde telekeçilige giň ýol açylýar. Hususan-da, telekeçilik işiniň hukuk binýady berkidilýär we ol yzygiderli kämilleşdirilýär, döwlet tarapyndan goldaw berilýär, ykdysady amatlyklar döredilýär, ýagny pes göterimden karz berilýär,  ýeňillikli salgyt salynýar. Bu öz gezeginde kiçi we orta telekeçiligiň ýokary depgin bilen ösmegine, olaryň öndürýän önümleriniň jemi içerki önümdäki paýynyň yzygiderli artmagyna getirýär.

Manadyň durnukly ykdysady ösüşe täsiriniň ýokarlanmagynda karz gatnaşyklarynyň talabalaýyk ýola goýulmagyna we onuň yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn orun degişlidir. Çünki puluň esasy bölegi nagt däl karz görnüşinde hereket etmek bilen, önümçiligiň netijeliligine we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna gönüden-göni täsir edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulýan karz pullaryň möçberi yzygiderli artýar, möhleti uzaldylýar. Bu öz nobatynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň kadaly ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň sebitleriniň sazlaşykly ösüşine oňaýly täsir edýär. Karz gatnaşyklarynda esasy ýörelgeleriň berjaý edilmegi we karz pullaryň maksadalaýyk, ýokary netijeli ulanylmagy manadyň hümmetiniň bellenilen derejede saklanylmagyna ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler türkmen manadynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, halkara gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga, döwletiň ykdysady kuwwatyny has hem berkitmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ähli amatlyklary döredýär.

“Türkmenistan” gazetinden


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 15.10.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy