Aşgabatda pagta önümleriniň Halkara Sergi-Ýarmarkasy hem-de Halkara maslahaty geçirildi

Aşgabatda pagta önümleriniň Halkara Sergi-Ýarmarkasy hem-de Halkara maslahaty geçirildi 30.11.2015

Aşgabatda pagta önümleriniň Halkara Sergi-Ýarmarkasy hem-de Halkara maslahaty geçirildi

2015-nji ýylyň noýabr aýynyň 28-29-na Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň pagta önümleriniň V halkara sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Pudaklaýyn wekilçilikli iki günlik forumy “Türkmenpagta” döwlet konserni, Türkmenistanyň döwlet haryt çig-mal biržasy hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.

Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we edaralaryň, paýtagtymyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, din we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlag hatyny aýratyn üns bilen diňlediler. Onda milli Liderimiz bu sergi-ýarmarkanyň we halkara maslahatynyň geçirilmegi eziz Diýarymyzyň oba hojalygyny, pagtany gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmekde, esasy baýlyklarymyzyň biri bolan pagtaçylyga degişli ylmy barlaglaryň gerimini has-da giňeltmekde hem-de bu ugurda halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklamakda uly ähmiýete eye boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Forumyň işine ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň, esasan-da, pagtaçylyk pudagynyň edara-kärhanalarynyň bölümleri hem-de Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Bangladeşden, Türkiýeden, Germaniýadan, Italiýadan, Hindistandan, Latwiýadan, Moldowadan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan we beýlekilerden daşary ýurt kompaniýalarynyň we guramalarynyň 80-sine wekilçilik edýän dünýäniň 27 ýurdundan hyzmatdaşlar gatnaşdylar. 

Asylly däbe görä, Aşgabatda geçirilýän pagta önümleriniň sergi-ýarmarkasy daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni ýylsaýyn özüne çekýär,   halkara giňişliginde pagtaçylyk babatda ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär. Wekilçilikli pudak forumyna gatnaşyjylaryň sany hem artýar, olaryň hatary täze geljegi uly hyzmatdaşlar, dünýä belli daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri bilen dolýar.

Mysal üçin, 2014-nji ýylyň sergi-ýarmarkasynda daşary ýurtly myhmanlar  dünýäniň 23 ýurdundan kompaniýalaryň 55-sine wekilçilik etdiler, şu ýyl bolsa daşary ýurt kompaniýalarynyň sany (27 ýurtdan) birnäçe onlarça çenli artdy. Bu foruma gyzyklanmanyň şeýle ýokarlanmagy Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň kuwwatynyň artmagy, amatly maýa goýum ýagdaýy, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulmagy, onuň eksport mümkinçilikleriniň artmagy bilen şertlendirilendir.

2015-nji ýylyň sergi-ýarmarkasynyň bölümleriniň köpdürlüligi foruma gatnaşyjylara we myhmanlara taýýar önümleriň täze nusgalary, önümçiligiň ösen tehnologiýalary bilen tanyşmaga, tehniki we azyklyk ekinleriň sortlaryna, tohumlaryň we gaýtadan işlenen çig malyň hiline baha bermäge, dünýäniň köp ýurtlary üçin bu strategik taýdan möhüm pudakda gymmatly iş tejribesi bilen paýlaşmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi.

Her ýyl geçirilýän forum öz işine ýola goýlan asylly däbe görä Hasyl toýunyň öň ýanynda başlaýar. Şonda ýurdumyz edermen daýhanlarymyzyň, şol sanda şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetiren hem-de pagtanyň 1 million 50 müň tonnadan gowragyny ýygnan pagtaçylaryň gazanan üstünligine sylag ýapýar.

Sergi köşgüniň owadan bezelen zallaryndaky ünsüňi özüňe çekýän mazmunly  ekspozisiýalar ýurdumyzyň edara-kärhanalary—dokma, pagtany gaýtadan işleýän senagat, söwda, hojalyk jemgyýetleri, telekeçiler tarapyndan görkezildi. Sergi pawilonlarynyň hatarynda “Türkmenpagta” döwlet konserni, “Ak altyn” satyn alyş kärhanasy,Döwlet haryt-çig mal biržasy, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi, gymmatly çig maly gaýtadan işleýän hem-de pagtadan önüm öndürýän kärhanalar bar.

Milli ykdysadyýetimiziň eksport ugurly ähmiýetli pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň kärhanalarynyň önümlerini görkezýän uly bölüm sergi-ýarmarkanyň köp sanly myhmanlarynda we oňa gatnaşyjylarda  gyzyklanma döretdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň görkezen bölümlerinde oba hojalygynda sebitleriň gazanan ähmiýeti üstünlikleri,obasenagat toplumynyň önümleriniň giň görnüşleri, türkmen topragynyň bereketli hasyllary, azyk önümleri öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň ekspozisiýasy hem oňa gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Telekeçiler et-süýt, çörek we çörek önümlerini, dokma hem-de önümleriň beýleki görnüşlerini görkezdiler.

Daşary ýurtly gatnaşýanlaryň arasynda diňe bir oba senagatynda däl, eýsem  himiýa, maşyngurluşyk, metalurgiýa senagatynda meşgul bolýan kompanýalar we kärhanalar, obasenagat toplumy bilen olary tehniki, çig mal taýdan üpjin etmekde hyzmatdaşlyk alyp barýanlar bar. Arasynda Türkmenistanyň köp ýyldan bäri hyzmatdaşlary bolan daşary ýurtlylaryň   sergi bölümlerı  «Maschio Gaspardo» (Italiýa), «Project Trading Limited» (Turkiýe), «Claas» (Germaniýa), «Central Cotton Comp. LTD» (ABŞ), «ICT Cotton Limited" (Italiýa),  «Premier Cotton Spinning» (Bangladeş), «Lemken» (Germaniýa), «Valley» (ABŞ), «Ruchim S.R.L» (Moldowa), "Bayer" (Germaniýa) we beýleki kompanýalar önümleriniň giň görnüşlerini görkezdiler.

Sergi-ýarmarkasynyň barşynda Sergi köşgüniň maslahatlar zalynda ýörite ugurly pudak edaralarynyň hünärmenleriniň hem-de obasenagat pudagynyň kompaniýalarynyň wekilleriniň, ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de geljegi uly hyzmatdaşlarynyň, oba hojalyk maşyngurluşyk kärhanalarynyň hünärmenleriniň, oba hojalykçy alymlaryň hem-de pudagyň esasy bilermenleriniň gatnaşmagynda  “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahat guraldy. 

Maslahat iki bölümçede öz işini dowam etdi. Olaryň ilkinjisi S.A.Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwerstitetiniň maslahatlaer zalynda, ikinjisi bolsa paýtagtymyzyň oba hojalyk toplumyň binasynyň maslahatlar zalynda guraldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda pagtaçylyk hem-de pagtany gaýtadan işleýän pudaklaryň barha artýan mümkinçilikleri, olary has-da ösdürmegiň geljegi, pagta önümleriniň daşarky bazarlara ugradylyşyny artdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň wekilleriniň çykyşlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de obany durmuş we ykdysady taýdan galkyndyrmagy üpjin etmäge gönükdirilen özgertmeleriň çäklerinde oba hojalyk önümçiliginiň hemmetaraplaýyn ösüşi we barha artýan derejesi aýdyň beýan edildi. Maslahatyň çäklerinde oba hojalyk senagatyny netijeli ösdürmäge tarap ugur alan maliýa-ykdysady gurallar, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürjiler üçin döredilen ýeňillikli şertler, obany ýokary tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň orny, pudakda häzirkizaman tehnologiýalaryny giňden peýdalanmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ylmy maslahatyň çäklerine-de pagtanyň bereketli hasylyny almak üçin agrotehniki çäreler, pagtanyň senagat taýdan gaýtadan işlenilişi hem-de dünýä bazarynda pagta önümleriniň söwdasy ýaly möhüm meseleler şöhlelendirildi. Pagtanyň tohumçylygy hem-de ony ylmy esasda ösdürip ýetişdirilmegiň usullary, pagtaçylyk hem-de pagtany gaýtadan işleýän pudaklaryň häzirkizaman gazananlary we olary geljekde has-da ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmagyň esaslarynda pagtany gaýtadan işlemek, dünýäniň pagta bazarlarynyň ýagdaýlary hem-de onda Türkmenistanyň pagta önümleriň ýerlenilmegi ýaly meseleler hem beýan edildi. Şu babatda dünýäde uly islegden peýdalanýan dokma senagatynyň önümlerini eksport etmek ulgamynda Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmeginiň, şeýle hem öňdebaryjy tehnikalary we enjamlary getirmegi artdyrmagyň geljegine üns berildi.

Maslahatda şeýle hem ählumumy azyk bazaryny ösdürmegiň, oba senagat ulgamynyň netijeliligini hem-de öndürijiligini artdyrmagyň wajyp meselelerine garaldy. Bilermenler bilen türkmen “ak altynyny” sarp edijileriň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Daşary ýurtly myhmanlaryň umumy pikirine görä Aşgabatdaky häzirki iki günlük pudaklaýyn forum oba senagat pudagynda köptaraply halkara hyzmatdaşyny has-da pugtalandyrmakda  we ösdürmekde,  elbetde, Türkmenistanyň pagta süýümini öňdebaryjy öndürjileriň biri hökmünde dünýä giňişligine doly möçberli goşulmagy ugrunda, şeýle hem pudaga maýa goýumlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary çekmek ugrunda ýene bir ädime öwrüldi.

Türkmenistanyň pagta önümleriniň V halkara sergi-ýarmarkasy hem-de  ”Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda halkara nusgaly diplomlar gowşuryldy.

Ykdysady gözden geçirilişiniň işi tamamalnandan soň oňa gatnaşyjylar bildirilen myhmansöýerlik hem-de forumuň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk bildirip  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenme kabul etdiler.

Türkmen döwlet habarlary agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 06.07.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy