Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy 03.12.2015

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy

2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda gurulýan 600 baş atçylyk toplumynda we 114 hojalyk üçin ýaşaýyş jaýlary toplumynda alnyp barylýan işleriň depgini bilen ýakyndan tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

Türkiýäniň “Belda Inşaat Taahhüt ve Tiсaret Ltd. Şti.” gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy toplumyň çäginde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz desgada işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, olarda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilli bolmagynyň möhüm talapdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu künjekdäki binalaryň we ýollaryň degişli derejede saklanmagy babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz  atçylyk toplumynyň athanalary, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Atçylyk toplumynyň hojalyk bölüminde her birinde 60 at ýatagy bolan dört sany athana, her birinde taýçanaklar üçin 80 ýatagy bolan iki sany athana, şeýle hem her birinde taýçanaklar üçin 50 ýatagy bolan dört sany athana, mundan başga-da, her birinde 20 sany at ýatagy bolan  höwür bedewlerine niýetlenen iki sany athana bar. Hormatly Prezidentimiz olarda bedewler üçin oňaýly howa ýagdaýynyň üpjün edilmelidigini, athanalarda amatly salkynladyş we ýyladyş  şertleriniň  ýola goýulmalydygyny belledi. Şeýle hem toplumyň çäginde atlary çapyşyklara taýýarlamak üçin degişli şertleriň üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desga bilen tanyşmagyny dowam edip, athananyň gurluşygynda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gurluşygyň zerur serişdeler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de olaryň ýokary hil derejesine laýyk gelmegini ýola goýmak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan desgalarda bolşy ýaly, bu ýerde bina edilýän athanalaryň gurluşygynda we onuň enjamlaşdyrylyşynda dünýäniň iň gowy tehnologiýalarynyň ulanylmalydygyny, tohumçylyk hojalygyny ýöretmäge ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň ulanylmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz gurulýan toplumyň uzakmöhletleýin geljegi nazarlamalydygyny aýtdy.

Bu künjegiň arassa dag howasy, bu toplumyň atlary we taýçanaklary üçin has oňaýly şertleri üpjün edýär. Gökdepe etrabynda howanyň derejesi şäher bilen deňeşdirilende hemişe 3-4 dereje tapawut edýär, bu bolsa ahalteke bedewleri üçin ýaramly bolup durýar.

Ahalteke bedewleriniň göwnejaý idedilmegi, olaryň döwrebap seýislenmegi hem-de çapyşyklara taýýarlanmagy ugrunda alnyp barylýan işler köpasyrlyk milli däpleriň esasynda hem-de häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesini nazara almak bilen geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu bolsa ýyndamlykda we owadanlykda dünýä ýüzünde şöhrat gazanan bedewleriň dünýä derejesindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyny şertlendirer diýip, milli Liderimiz nygtady.

Bu ýerde gurulýan athanalar we beýleki ugurdaş desgalar türkmen atşynaslaryna, seýislerine uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmelidir, olarda döredilýän şertler döwrüň talabyna laýyk gelmelidir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz  bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Täze toplumda atlary göwnejaý saklamak, olaryň saglygy üçin ähmiýeti bolan ähli zatlar, şol sanda ýere ýörite örtügiň düşelmegi göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz bu serişdeleriň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, olaryň maksada laýyk derejede ulanylmalydygyny aýratyn belledi. Täze toplumyň wezipesi atçylygy has-da ösdürmek, arassa ganly bedewleriň baş sanyny artdyrmak, olaryň köpelişini we tohum aýratynlyklaryny gowulandyrmak wezipesi durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz athanalar bilen tanyşlygyny tamamlap, topluma degişli desgalar babatda giňişleýin maglumat berýän taslamalar bilen tanyşdy. Olaryň taslamasy düzülende tohum atlar üçin athanalaryň ähli tehnologik,  gabara-meýilleşdirme we netijeli çözgütler bu ýeriň şertleri bilen utgaşdyryldy.

Tanyşdyrylan taslamalaryň hatarynda 600 baş atçylyk toplumynyň we 114 hojalyk üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlar toplumynyň umumy görnüşi, merkeziň edara binasynyň, auksion binanyň, okuw merkeziniň, toplumyň muzeýiniň, athanalaryň daşky we içki görnüşleriniň, dört we bäş otagly iki gatly iki öýli ýaşaýyş jaýlarynyň, orta mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň taslamalary  we çyzgylary bar. Şeýle hem toplumyň edara binasynyň öňünde we onuň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän heýkelleriň, yşyklandyryş sütünleriniň, 600 baş atçylyk toplumynyň atlar üçin niýetlenen ýerasty geçelgäniň maketleri görkezildi. 

Toplumyň  çäginde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän tohumçylyk-seçgi we ýörite barlaghana binasynda bedewleri keselden saplamak, hususan-da, bejeriş işlerini geçirmek çäreleri üçin niýetlenen otaglar, ýokary derejeli rentgen enjamlary we UZI otaglary bedewleriň hyzmatynda bolar.

Atçylyk-tohumçylyk toplumy bilen ýaşaýyş jaý toplumynyň arasynda bölüji gök zolak dörediler. Şeýle hem toplumyň çäginde atlar üçin çapuw ýodalary enjamlaşdyrylýar.

Şeýle hem bu ýerde toplumyň işgärleri üçin amatly ýaşaýyş we dynç alyş şertleri döredilýär. Hususan-da, 114 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurlar. Toplumyň çäginde bir dükan bu ýeriň ilatynyň hyzmatynda bolar. Desgalaryň hemmesi ak mermer bilen örtüler. Bu  ýerde çagalar üçin oýun meýdançasy gurlar.

160 orunlyk täze çagalar bagy, ondaky  giň gimnastika we saz otaglary, oýun meýdançasy  körpeleriň ygtyýarynda bolar. Binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylar.

Desgalar gurlanda we olaryň bezeg işlerinde ýokary hilli mermer we beýleki ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdeleri peýdalanylýar. Tutuşlygyna alnanda täze binagärlik toplumy döwrebap gündogar äheňinde bina ediler. Toplumyň çäginde dürli agaçlar we güller ekiler.

Her bir desganyň gurluşygynda, olaryň enjamlaşdyrylyşynda ýerli tebigata we howa şertlerine mahsus aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmagynyň gerekdigini belläp, döwlet Baştutanymyz täze toplumyň  arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagynda, olaryň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz . Bu ýerde  bina edilýän  çagalar bagynyň we mekdebiň bezeg aýratynlyklarynda ahalteke bedewleri, olaryň seýisleniş usullary we atlaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen baglanyşykly ýörelgeleriň ulanylmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belledi. Munuň körpe nesillerde köp asyrlaryň dowamynda halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerine bolan söýginiň we höwesiň terbiýelenmeginde möhüm ähmiýeti bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, toplumyň çäginde esasy binadan başga-da,  ýerasty geçelgeleri bolar.  Olary häzirki zaman athanalarynda gurulmagy zerur hasaplanýan desgalaryň hataryna girýär. Atlar üçin niýetlenen ýerasty geçelgeler bedewler gezime çykarylanda ulag-ýol gatnawyna päsgelçiliksiz geçmegini üpjün eder.

Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, atlaryň gezim etmäge athanadan çykarylanda, olar üçin ýerasty geçelgeleriň zerur bolup durýandygyny belläp, şeýle desgalaryň taslamalary işlenip taýýarlanylanda tejribeli atşynaslaryň, ýaşuly seýisleriň maslahatlaryndan ugur alynmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem milli Liderimize toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde we onuň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän heýkelleriň görnüşleri görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz heýkeltaraşlaryň işleri bilen tanşyp, bu eserleriň örän çuňňur mana eýedigini aýratyn nygtady. Çünki heýkeltaraşlar bu eserlere öz garaýyşlaryny, pikirlerini siňdirmegi başarypdyrlar. Hormatly Prezidentimiz olaryň biriniň “Buýsanç daragty”, beýlekisiniň bolsa “Perzent buýsanjy” manylary aňladýandygyny aýdyp, toplumda bu heýkelleriň mynasyp ýerde oturdylmagyny maslahat berdi.

Ahalteke bedewleri – türkmen topragynyň hakyky gudraty! Olar türkmeniň uçar ganaty!  Biziň milli buýsanjymyz we şöhratymyz, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, ahalteke bedewi—Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň nyşany, onuň ähli halklar bilen parahatçylyga we dostluga ymtylmagynyň janly beýanydyr.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew milli Liderimizi baglary we gülleri ösdürip ýetişdirmek üçin gurulmagy meýilleşdirilýän ýyladyşhananyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, gurulmagy meýilleşdirilýän täze desga üçin umumy meýdany 10 gektara barabar bolan   ýer bölegi kesgitlendi. Ýyladyşhana  Aşgabat-Mary awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinden 7600 metr aralykda, Garagum derýasynyň demirgazyk tarapynda ýerleşer. Ýyladyşhanany Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Tokaý hojalygy müdirliginiň Ak bugdaý etrap tokaý hojalygynyň ýerinde  gurmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, täze desganyň gurluşygyny umuman oňlady. Täze ýyladyşhanada dünýäniň dürli künjeklerinde ösýän, ýöne biziň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyryp bolýan dürli ösümlikleriň we baglaryň nahallarynyň taýýarlanmagy ugrunda zerur işler alnyp barylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgalary gurmagyň hiliniň üpjün edilmegi babatda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, topluma gelýän ýollaryň degişli derejede saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz atçylyk toplumynyň yşyklandyryş ulgamynyň we onuň energiýa üpjünçiliginiň ýola goýulmalydygyny belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, toplumyň çäklerinde  ýokary derejedäki ekologiýa ýagdaýynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, milli Liderimiz bag nahallarynyň oturdylmagynyň, toplumda bar bolan daragtlara degişli derejede ideg edilmeginiň, olaryň suwaryş ulgamynyň sazlaşykly işlemeginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Umuman, toplumyň çäklerinde bar bolan desgalaryň degişli derejede ulanylmagyny üpjün etmek, onda arassa ganly ahalteke bedewleriň  baş sanyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işleri ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.  Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe desganyň gurluşyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklanmagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tejribeli atçylar, seýisler we çapyksuwarlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy, olarda  zerur bolan ähli şertler göz öňünde tutular.

Döwlet Baştutanymyz içki we daşky bezeg aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, olarda göwnejaý ýaşaýyş we ýokary derejeli dynç alyş üçin ähli amatlyklaryň döredilmelidigini belledi. Ýaşaýyş jaýlarynyň özbaşdak howlusy bolup, olarda zerur bolan ugurdaş desgalar, şol sanda türkmen halkynyň milli däplerine gabat gelýän jemgyýetçilik çärelerini guramak üçin desgalar,  ekin ekmek üçin ýörite ýerler göz öňünde tutulypdyr.

Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlarynyň ýokary hil derejesinde bolmalydygyny, olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmelidigini belläp, binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýokary depginlere, bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini belläp, “Belda Inşaat Taahhüt ve Tiсaret Ltd. Şti.” türk  kompaniýasynyň ýolbaşçysyna gurluşyklaryň degişli derejede alnyp barylýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türk işewüri öz nobatynda, milli Liderimizi ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň desgalaryň işini doly derejede we ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.  

Türkmenistanda atçylygyň ösüşini täze derejä çykarmaga,  bu ulgam boýunça türkmen hünärmenleriniň  täze nesillerini kemala getirmäge, atçylyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilip, görülýän çäreler, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen we dünýä ülňüleriniň talaplaryna doly laýyk gelýän täze atçylyk toplumynyň gurulmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary derejesinden habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Türkmen döwlet habarlary agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 27.06.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy