Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy 08.12.2015

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

2015-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň merkezi köçeleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Mälim bolşly ýaly, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebtleriniň toplumlaýyn ösüş meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasy tutuş düzümiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny, häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän edara ediş we medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýol-aragatnaşyk düzümleriniň gurulmagyny öz içine alýar. Şunlukda, alnyp barylýan köpugurly we giň möçberli gurluşyk hem-de abadanlaşdyrylyş işleri Aşgabat şäherini we ýurdumyzyň beýleki şäherlerini, obalaryny gurşap aldy. Ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tejribeleriň we täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy, adamlaryň durmuşynyň ýokary hil derejesiniň üpjun edilmegi esasy şert bolup durýar.

...Agşamlyk hormatly Prezidentimiz özüniň egindeşleri bilen bilelikde awtobusda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy.

Ýolugra Aşgabadyň doly abadanlaşdyrylan künjeklerini, ak mermere beslenen binalary, ýol-ulag düzüminiň desgalaryny synlap, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häzirkizaman keşbini döretmek boýunça birnäçe teklipleri aýtdy we tabşyryklary berdi.

Halkymyzyň buýsanjyna, şäheriň bezegine öwrülen we ajaýyp binagärlik keşbi emele getirýän ak mermerli desgalar özlerinde dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we milli bingärlik ýöregelerini jemlemek bilen, gaýtalanmajak gözellik döredýär. Binalaryň gurluşygynda täzeçil ýörelgeleriň, oňyn çözgütleriň işjeň ulanylmagy Aşgabadyň gaýtalanmajak binagärlik keşbini emele getirýär. Döwlet Baştutanymyz ýolugra durky täzelenen we täze gurlan binalary synlap, degişli edaralaryň, ykdysady pudaklaryň  paýtagtymyzy we onuň ulag-aragatnaşyk düzümini ýokary halkara derejesinde saklamak bilen baglanyşykly çärelere işjeň gatnaşmalydygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtyyzyň häzirkizaman binagärlik keşbini emele getirmekde we onuň bezeg işlerinde zehinli ýaş binagärleriň mynasyp goşandynyň bolmalydygyny, olaryň bu wezipelere işjeň çekilmelidigini belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäheri tanalmaz derejede özgerdi. Göni hem-de nurana ýollar, özboluşly yşyklandyryş sütünleri hem-de ýol ýakasyndaky gök zolaklar, bag nahallary hem-de dürli güller biri-birine utgaşyp Aşgabadyň özboluşly keşbini emele getirýär. Paýtagtymyzyň ulag düzümi sürüjiler we pyýada ýolagçylar üçin aňrybaş şertleri döretmek maksady bilen yzygiderli kämilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz şäher meýdançalarynyň we ulaglaryň möçberleriniň artýandygynyň nazarda tutup, paýtagtymyzyň ýol – ulag düzümini ösdürmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, bu babatda ýerasty we ýerüsti geçelgeleri, köp zolakly köprüleri we duralgalary öz içine alýan degişli düzümi sazlaşykly ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda bina edilýän degişli desgalaryň ähli ölçegler babatda ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda şeýle desgalaryň taslamalary taýýarlananda we olaryň gurluşygynda ähli aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu işlere häzirkizaman tehnolgiýalarynyň we öňdebaryjy tejribeleriň işjeň ornaşdyrylmalydygyny, ýerli tebigy-howa şertleriniň göz öňünde tutulmalydygyny, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň ýokary hil derejesinde bolmalydygyny, iň esasy bolsa desgalaryň gözellik babatda ýokary ülňülere laýyk gelmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Paýtagtymyzyň ekologiýa abdançylygyny üpjün etmek möhüm mesele boup durýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz şäherde gök zolaklary döretmek işlerine, şäheriň zerur bolan bag nahallary we beýleki ösümlikler, güller bilen üpjün edilmegine aýratyn üns bermelidigini nygtady. Aşgabadyň bökdençsiz elektrik üpjünçiligi, onuň energetika kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy şäher hojalygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra şäheriň merkezinden demirgazyga tarap uzaýan durky täzelenen şaýoluň ugry bilen barýarka, milli Liderimiz ulag ulgamynyň ýolagçylar we sürüjiler üçin ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän ýörite elektron ulgamynyň sazlaşykly hereketini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň ulag düzüminiň ösüşi ýurdumyzyň baş şäheriniň derejesine, onuň halkara ölçegdäki ösýän abraýyna, şeýle hem 2017-nji ýylda şäheriň Aziýanyň sport paýtagty diýen hormatly we jogapkärli derejesine laýyk gelmelidigini belledi. Munuň özi şäheri abadanlaşdyrmagyň ähli ugurlaryna, onda ulag duralgalarynyň, medeni we dynç alyş gurşawlarynyň döredilmegine degişlidir.

Şeýle hem milli Liderimiz ýolugra paýtagtymzyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň gidişi bilen tanyşdy. Häzirki döwürde Aşgabatda guralýan dürli maksatly binalar, senagat desgalary we belent ýaşaýş jaýlary durmuş-ykdysady, binagärlik-çeperçilik, ylmy-tehniki ösüşiň wezipelerini nazara almak bilen şäheriň çäklerini toplumlaýyn ösdürmek meýilnamasyna laýyk derejede alnyp barylýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň  Halkara howa menzilinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda bu ýerde döredilýän şertleriň häzirkizamanyň ruhuna we Türkmenistanyň hemişiklik bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllyk toýuna gelýän köpsanly daşary ýurtly myhmanlara degişli hyzmatlary berjaý etmek kadasyna laýyk gelmelidigini nygtady.

Häzirkizaman ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýewraziýanyň sebitleýin we sebitara ýollarynyň möhüm çatrygynda geografiki taýdan amatly ýerleşmek bilen, biziň ýurdumyz ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklerine eýedir. Şu nukdaýnazardan paýtagtymyzda we onuň çäklerinde ulag-üstaşyr geçelgeliriniň, ulaglaryň dürli görnüşleriniň gatnawlarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz egindeşleri bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Durdylyýewe we Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzda amala aşyrylýan iri desgalaryň gurluşygynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, şähergurluşyk we ulag ulgamynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we onuň egindeşleri awtobusda paýtagtymyzyň demirgazygyndan günorta tarap ugur aldylar. Milli Liderimiz iş saparynda gozgalan meseleleri we bu babatda öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ýörite iş meýilnamanyň taýýarlanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzda bar bolan dürli maksatly binalaryň, ulag ýollarynyň, degişli düzümleriň we köp zolakly köprüleriň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýratyn belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň yşyklandyryş ulgamyna aýratyn üns bermelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça guralan iş saparyny jemläp,  Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde guralýan dürli maksatly döwrebap desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini, olaryň täze taryhy eýýamyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigini we gurulýan binalaryň diňe bir häzirki nesillere däl, eýsem geljekki nesillere-de hyzmat etmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşlaşanda degişli ýolbaşçylara binäçe tabşyryklary berip, olara işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Türkmen döwlet habarlary agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 01.08.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy