Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi 11.12.2015

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi

2015-nji ýylyň 10-njy dekabry Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda atly hormat nyzamynyň ugratmagynda belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni “Oguzhan” köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde merkezi girelgäniň öňünde belarus Liderini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli we göwünaçyk garşylady. Iki döwletiň Baştutanlary dostlukly görşenlerinden soň, “Oguzhan” zalyna geçýärler, şol ýerde Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň resmi garşylanyş dabarasy boldy.

Hormat garawulynyň serkerdesi iki ýurduň Prezidentlerine hasabat berýär. Belarus Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Iki ýurduň Liderleri nyzama düzülen hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary hem-de ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrýar. Öz gezeginde Prezident Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Baştutanyny Belarus Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyş edýär. 

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soň, türkmen Lilderi öz belarus kärdeşini ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilýän zala geçmäge çagyrýar, şol ýerde ikiçäk görnüşde gepleşikler geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Prezident Aleksandr Lukaşenko minnetdarlyk bildirdi. Belarus Lideriniň ýurdumyza nobatdaky sapary taryhy senäniň—ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň baýram edilmeginiň öň ýanynda bolup geçýär hem-de ähmiýetli wakadyr. Gepleşikleriň netijeleriniň iki ýurduň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň hem-de özara düşünişmegiň has-da pugtalanmagyna hyzmat etjekdigine ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn özara hereketleriň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, pursatdan peýdalanmak bilen, belarus kärdeşine türkmen döwletiniň döredijilikli başlangyçlaryna iş ýüzünde goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Belarus Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda 1995-nji we 2015-nji ýyllarda kabul eden kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edendigini aýtdy hem-de türkmen tarapynyň muňa ýokary baha berýändigini we döwletara gatnaşyklarynyň aýratyn häsiýetiniň ýüze çykýandygy hökmünde garaýandygyny nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, halkara gün tertibiniň ençeme wajyp meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň ýakyndygyny nygtady hem-de şol meseleleriň hatarynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna durnukly üstaşyr ugratmak we ygtybarly ulag geçelgelerini döretmek, parahatçylygyň pugtalandyrylmagy we howpsuzlygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri agzady. Türkmenistan hem BMG-da Belarus Respublikasyny goldaýar, netijeli başlangyçlarynyň tarapdary bolup çykyş edýär. 

Türkmenistanyň Baştutany söwda-ykdysady aragatnaşyklar meselesini gozgap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge uly mümkinçiligiň bardygyny kanagatlanma bilen belledi. Belarus Respublikasy ösen önümçilik düzümi, ýokary tehnologik önümçiligi bolan ýurt hökmünde bellidir. Belarusuň öňdebaryjy kärhanalary tarapyndan öndürilýän awtomobil ulaglaryna häzir Türkmenistanda uly isleg bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu günki duşuşygyň barşynda taraplaryň bähbitleriniň özara gabat gelýän anyk ugurlarynyň kesgitlenjekdigine ynam bildirdi. Bu bolsa geljekde Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir. 

Bilelikdäki Hökümetara toparynyň işine ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly orun berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz şeýle hem Bitaraplyk baýramçylygynyň öň ýanynda guralan sergi-ýarmarkasynyň ähmiýetini belledi. Onda iki dostlukly ýurduň öňdebaryjy kärhanalarynyň önümleri görkeziler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyny belläp, bu ugurda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygy barada pikirini aýtdy. Türkmenistan Belarusa ylym-bilim ulgamynda esasy hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garaýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de bu babatda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge meýlini tassyklady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin Prezident Aleksandr Lukaşenko minnetdarlyk bildirip, Belarus Respublikasynyň bütin halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti häzirki duşuşygyň iki ýurduň arasynda dostlugyň pugtalandyrylmagynda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip hem-de ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny nygtap, belent mertebeli myhmana söz berdi. 

Prezident Aleksandr Lukaşenko mähirli kabul edilendigi, Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çakylyk üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, uly baýramçylygyň—Bitaraplyk gününiň öň ýanynda özüniň Türkmenistana ýene-de gelip görmäge örän şatdygyny nygtady. Belarus Lideri Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de onuň üsti bilen bütin türkmen halkyny Türkmenistanyň eýe bolan Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasy şol Bitaraplyk derejesine esaslanandyr. Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine eýerip, döredijilikli syýasaty işjeň durmuşa geçirýär hem-de ähli ugurlarda üstünlikleri gazanýar diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko nygtady.

Belent mertebeli myhman şanly senä bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatynyň gün tertibiniň wajypdygyny nygtap, bu ähmiýetli foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi.

Belarus Lideri häzirki duşuşygyň dostlugyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň ozalky däplerine esaslanan türkmen-belarus gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak we ösdürmek üçin ygtybarly binýady goýjakdygyna ynam bildirdi. Prezident Aleksandr Lukaşenko söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesini gozgap, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň ertir açylýan bilelikdäki sergi-ýarmarkasynyň wajypdygyny nygtady. Munuň özi türkmen paýtagtyna geljek myhmanlara iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň gazananlaryny görkezmäge oňat mümkinçilikdir. Belent mertebeli myhman, häzirki gepleşikleriň ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny giňeltmek üçin täze gurallary kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. 

Prezident Aleksandr Lukaşenko döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegi barada aýdyp, belarus hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda gurulýan köpugurly hyzmat ediş merkezini, Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyny nazarda tutup, maşyngurluşyk ulgamynda hem-de himiýa senagatynda uly mümkinçiligiň bardygyny belledi. Belarus tarapynyň, şol sanda işewür toparlaryň Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga ymtylmasyny beýan edip, Belarus Respublikasynyň baştutany ýurdumyza dürli pudaklarda öz tejribesini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady. 

Belarus Lideriniň nygtaýşy ýaly, ol bolup geçen uly özgertmelere, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň giň gerimliligine örän haýran galdy. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Baştutanynyň özüni zehinli binagär hökmünde hem tanadandygyny belläp, türkmen paýtagtynda gurlan täze belent binalaryň halka köpasyrlar hyzmat etjekdigini aýtdy. 

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda ähli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtadylar. Deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna degip geçip, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko şol gatnaşyklary milli bähbitlere bolşy ýaly, halkara özara hereketleriniň täze wezipelerine hem laýyk gelýän has ýokary derejä çykarmaga özara gyzyklanýandyklaryny we taýýardyklaryny aýtdylar.

Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga hem-de oňyn tejribe toplanan ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ulag-aragatnaşyk pudaklary, gaýtadan işleýän hem-de himiýa senagatlary, oba hojalygy, maşyngurluşyk, dokma senagaty we beýlekiler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde agzaldy. 

Iki döwletiň Baştutanlary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe wajyp meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň mizemezdigini ýene-de bir gezek nygtap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdylar. 

Soňra “Soltan Sanjar” zalynda gepleşikler Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belarus Liderini we dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygyň kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz uly baýramçylygyň – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän saparyň ähmiýetini belläp, Belarus Respublikasynyň hemişe ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny yzygiderli goldaýandygyny hem-de halkara giňişliginde ýardam berendigini we işjeň goldaw berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň belarus tarapynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllarda kabul edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky kararnamalaryň ikisiniň hem awtordaşy bolup çykyş edendigine ýokary baha berýändigini nygtady. Biz muňa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetiniň ýüze çykmasy hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.  

Türkmen Lideri gepleşikleriň barşynda ýurtlarymyzyň halkara giňişliginde, abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklarynyň barşynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtady. Türkmenistan hem-de Belarus Respublikasy hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladylar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň halkara başlangyçlarynyň, hususan-da, durnukly ösüş, ýaragsyzlanmak hem-de ýaraglary ýaýratmazlyk we beýleki ulgamlardaky başlangyçlarynyň belarus dostlarymyz tarapyndan hemişe goldaw tapýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. 

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, bütindünýä gün tertibiniň energiýa howpsuzlygy ýaly möhüm meselesinde hem Belarusuň jogapkär we oňyn orny eýeleýändigini belledi. Şu babatda milli Liderimiz Türkmenistanyň belarus tarapynyň ýurdumyzyň halkara energetika hyzmatdaşlygy ulgamyndaky başlangyçlarynyň yzygiderli tarapdary bolup durýandygyna mynasyp baha berýändigini aýtdy. Belarus Respublikasy Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynda 2008-nji we 2013-nji ýyllarda öňe süren energiýa serişdeleriniň halkara bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstaşyr iberilmegi hakyndaky kararnamalaryň taslamalarynyň ikisiniň awtordaşy boldy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belarus kärdeşine bu goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Belarusuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny hakyndaky Kararnamasynyň türkmen taslamasyny goldandygy hem-de onuň awtordaşy bolandygy bellärliklidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şu ýyl türkmen tarapy BMG-ä bu mesele boýunça täze Kararnamanyň taslamasyny hödürledi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we belent mertebeli myhmana bu meselede goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Öz nobatynda, ýurdumyz hem halkara giňişliginde Belarus Respublikasyna goldaw berýär, dünýä bileleşiginiň belarus tarapynyň oňyn teklipleriniň ählisini kabul etmegi ugrunda işjeň çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Milli Liderimiz soňky ýyllarda Türkmenistanyň BMG-niň ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi, Ykdysady we Durmuş geňeşi ýaly abraýly düzümlerine, ýöriteleşdirilen toparlaryň hem-de komitetleriň birnäçesine saýlawlarda Belarus Respublikasynyň kandidaturasyny goldandygyny mysal hökmünde getirdi. Halkara düzümlerinde birek-biregi goldamak tejribesi özüniň peýdalydygyny we dogrudygyny, ýurtlarymyzyň, tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu ugurdaky netijeli gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belledi. 

Belarus Respublikasy Türkmenistanyň köpden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Bu ulgamdaky döwletara gatnaşyklary özara bähbitlere hem-de kemala gelen däp-dessurlara esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belarus maýasynyň Türkmenistandaky maýa goýum işjeňliginde äşgär görünýändigini, onuň gatnaşmagynda umumy bahasy 1 milliard 146 million amerikan dollaryna hem-de 1 milliard 33 million manada barabar bolan taslamalaryň 17-siniň amala aşyrylýandygyny belledi.  

Garlykda belarus kompaniýalarynyň gatnaşmagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kärhanasynyň gurulmagy häzirki wagtda möhüm ähmiýetli bilelikdäki taslama bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de bu taslamanyň türkmen-belarus ykdysady hyzmatdaşlygynda möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Milli Liderimiz ýurtlaryň ikisiniň hem oňa uly umyt bildirýändigini, Prezident Aleksandr Lukaşenko bilen gepleşikleriň barşynda bu toplumy ulanmaga bermegiň möhletleriniň berk berjaý edilmegi üçin gurluşygyň barşyna uly üns bermek barada ylalaşygyň gazanylandygyny aýtdy. Galyberse-de, bu kärhananyň çykarjak önümi diňe bir Türkmenistan we sebit üçin däl, eýsem, dünýä bazary üçin hem möhüm ähmiýete eýedir.  

Türkmenistana belarus awtoulag we traktor tehnikalarynyň getirilmegi hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlarynyň biridir. Häzirki wagta çenli ýurdumyza Minsk traktor zawodynyň önümleriniň 5 müňden gowragy getirildi. Milli Liderimiz iberilýän tehnikalaryň özleriniň ygtybarlylygyny, netijeliligini görkezendigini hem-de türkmen daýhanlarynda uly islegden peýdalanýandygyny belläp, häzirki isleglerden hem-de ylalaşylan möçberlerden ugur alyp, bu ulgamda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz öňki ylalaşyklara laýyklykda, belarus tehnikasyna ýokary hilli we öz wagtynda hyzmaty üpjün etmek maksady bilen, Aşgabatda köpugurly hyzmatlar merkeziniň döredilýändigini nygtady.  

Häzirki wagtda belarusly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde täze ugurlaryň birnäçesiniň üstünde işlenilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we hususan-da, gürrüňiň Türkmenistana belarus kärhanalary tarapyndan öndürilýän ýük wagonlaryny, ýol enjamlaryny, liftleri hem-de beýleki önümleri getirmek barada barýandygyny aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň azalandygyna ünsi çekip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň has netijeli, maksadaokgunly işiniň zerur bolup durýandygyny nygtady. Bu toparyň golaýdaky mejlisi şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirildi. Milli Liderimiz haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, goşulyşmagyň geljegi uly usullaryny gözlemäge, önüm öndürijileriň arasynda has ysnyşykly göni gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. Şu babatda iki ýurduň işewür toparlarynyň işine uly umyt edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de Belarusuň senagatçylarynyň we işewür toparlarynyň uly wekiliýetiniň ýurdumyza saparynyň bolandygyny, bilelikdäki işewürler maslahatlarynyň geçirilendigini belledi. 

Olaryň netijeleri anyk we sarp edijiler üçin äşgär bolmalydyr. Biziň döwletlerimiz işewürler düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hemişe ýardam berýärler, munuň üçin amatly şertleri döredýärler. Milli Liderimiz muny gündelik iş tejribesinde ulanmagyň zerurdygyny belläp, ýurdumyzyň belarusly hyzmatdaşlaryň eýe bolan tejribesine hem-de tehnologiýalaryna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Türkmenistan elektrotehnikada, derman senagatynda, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde sergi – ýarmarka işiniň uly ähmiýete eýedigini nygtap, pursatdan peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko we Belarus Respublikasynyň Hökümetine Belarus Respublikasynyň sergisiniň guralýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu sergi ertir açylar. Sergi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan iri halkara forumynyň geçirilýän günlerinde, ýurdumyzyň paýtagtynda dünýäniň dürli döwletleriniň hem-de halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň bolýan mahalynda geçiriler. 

Milli Liderimiz häzirki wagtda halkara ulag gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, ýurtlaryň ikisinde hem kuwwatly ulag-üstaşyr düzümiň döredilýändigini aýtdy. Şuny hem-de geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigimizi nazara almak bilen, Gündogar we Merkezi Ýewropa, Baltika sebitine, Ýakyn Gündogaryň hem-de Günorta Aziýanyň giň bazarlaryna çykmak arkaly Günorta-Demirgazyk, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň Ýewraziýa ulag-ustaşyr ugruna has işjeň goşulyşmak üçin bu ýagdaýlary ulanmagyň zerurlygy ýüze çykýar diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açylýan mümkinçilikleri bilelikde seljermegiň, umumydünýä ykdysady ýagdaýlara dogry göz ýetirmegiň esasynda bilelikdäki strategiki meýilleşdirmegiň ugurlaryny kesgitlemegiň wajypdygyny nygtady. Bu ugurda ulag ulgamy has aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýar. 

Türkmen we belarus halklarynyň ýakynlaşmagynda hem-de özara düşünişmeginde, däp bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk möhüm orun eýeleýär. Milli Liderimiz bu babatdaky hyzmatdaşlygyň öňden gelýän we berk däplere esaslanýandygyny hem-de ygtybarly hukuk binýadyna hem-de toplanan tejribä daýanýandygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamy boýunça özara gatnaşyklary aýratyn belledi. Häzirki wagtda Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmenistanly talyplaryň dokuz müňdan gowragy okaýar. Milli Liderimiz möhüm wezipeleriň hatarynda Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde anyk hünärler boýunça, aýratyn hem innowasion başlangyçlarynda ykdysadyýetimiziň özgerdilmegini nazara almak bilen, Türkmenistanda aýratyn zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. Gürrüň ýokary tehnologiýalar, informatika, häzirki zaman dolandyryş ulgamyndaky hünärmenler barada barýar. Umuman, Türkmenistan Belarusa bilim ulgamyndaky esasy hyzmatdaşlarymyzyň biri hökmünde garaýarys we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym ulgamynda, hususan-da, iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugry boýunça oňat mümkinçilikleriň açylýandygyny hem belledi. Şol hyzmatdaşlyk Ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2013-2017-nji ýyllar üçin maksatnamasyna esaslanýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň ylym edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, medeni gatnaşyklar ulgamynda baý tejribe toplanylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hususan-da, özara esasda ýurtlarymyzyň Medeniýet günlerini geçirmek ajaýyp däbe öwrüldi diýip, milli Liderimiz aýtdy we Prezident Aleksandr Lukaşenko we ähli belarusly dostlarymyza golaýdaTürkmenistanda geçirilen Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikleriň barşynda bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, Türkmenistanyň we Belarusuň halklarynyň ýurtlarymyzyň taryhyna, medeniýetine, sungatyna bolan uly özara gyzyklanmasyny höweslendirmek barada ylalaşylandygyny aýtdy. 

Iki halkyň ruhy baýlygynyň, ýokary intellektual kuwwatyň olaryň özara baýlaşmagy, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin çäksiz mümkinçilikleri döredýär. Bu asylly iş köp babatda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häsiýetini kesgitleýär diýip, milli Liderimiz belledi.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we açyklyk ýörelgeleri bilen tapawutlanýandygyny aýtdy. Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürip, türkmen we belarus halklarynyň dostluk däplerine hem-de özara hormat-sarpasyna, döwletlerimiziň özleriniň içeri syýasatynda eýerýän durmuş we ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyna, halkara işlerinde parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerine ygrarlylygyna daýanýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we munuň özüniň ähli meseleler boýunça özara düşünişmek üçin oňat esas bolup durýandygyny nygtady.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny jemläp, Belarusuň Prezidentiniň Türkmenistana şu resmi saparynyň, geçirilen netijeli gepleşikleriň hem-de gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň we halklaryň gatnaşyklarynyň taryhynda ýene-de bir möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz belarusly hyzmatdaşlara geçirilen işler, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli meselelerini uly gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmaga oňyn çemeleşmesi hem-de taýýardygy üçin minnetdarlyk bildirdi.  

Milli Liderimiz çykyşyny tamamlap, Belarusuň halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi hem-de dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna we hut Prezident Aleksandr Lukaşenko türkmen-belarus gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Belarus Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. 

Belarusuň Lideri mähirli garşylanandygy üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şanly senäniň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda dostlukly ýurduň paýtagtynda nobatdaky duşuşyga örän şatdygyny belledi. Belent mertebeli myhman Bitarap türkmen döwletiniň saýlap alan daşary syýasat ugrunyň dogrudygyny nygtap, ony üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň uly şahsy goşandyny belledi. Bu dereje dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa mynasyp bolup, özüniň anyk netijelerini berdi. 

Prezident Aleksandr Lukaşenko sözüni dowam edip, ýurdumyzyň ösüşine hem-de soňky ýyllarda bu ýerde bolup geçen özgertmelere haýran galýandygyny aýdyp, Belarusda dostlukly türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny nygtady. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Belarus Respublikasy hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeňlik görkezýärler, döwletara hyzmatdaşlygynyň täze geljegi uly ugurlaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmaga uly isleg bildirýändiklerini beýan edýärler. 

Belarusuň Lideri öňümizdäki halkara maslahatyna gatnaşmak üçin çakylyga hoşallyk bildirip, forumyň ýokary derejesiniň Türkmenistanyň halkara giňişliginde abraýynyň barha artýandygyny görkezýändigini nygtady. Bu maslahata sebitiň döwlet Baştutanlary, dünýäniň görnükli syýasy işgärleri gatnaşar. Prezident Aleksandr Lukaşenko maslahatda garaljak meseleleriň wajypdygy barada aýdyp, parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň girewi bolup durýanldygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman daşary syýasatyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň garaýyşlarynyň kybap gelýändigini nygtady. 

Belarus Lideri döwlet gurluşyna çemeleşmeleriň umumydygyny kanagatlanma bilen belledi. Taraplaryň pikirine görä, ol durmuş ugurly bolmalydyr. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesi onuň möhüm ýörelgesidir. Adamlar hakyndaky alada Türkmenistanyň we Belarusuň syýasatynyň esasy maksadydyr diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko aýtdy. 

Türkmen döwleti Merkezi Aziýada biziň strategiki hyzmatdaşymyzdyr diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi hem-de munuň ikitaraplaýyn esasda hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem oňyn gatnaşyklar bilen tassyklanylýandygyny belledi. Belarus Lideri geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belläp, onuň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň we dünýäniň gün tertibiniň köp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtady. 

Prezident Aleksandr Lukaşenko söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesine geçip, ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegiň zerurdygyny aýtdy. Belarus Lideri iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, ýakyn geljekde bu ulgamda hem ýokary derejäniň gazanyljakdygyna ynam bildirdi. 

Belent mertebeli myhman sözüni dowam edip, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze ugurlary kesgitlemek babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň möhüm ähmiýetini nygtady. 

Häzirki wagtda Türkmenistan geljegi uly taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirýär diýip, Belarusuň Lideri aýtdy hem-de belarusly hyzmatdaşlaryň olary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi. 

Belarus Lideri Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy kärhanasynyň gurluşygy bilen bagly mesele barada durup geçip, eýýäm ýakyn geljekde bu desganyň ulanmaga beriljekdigini hem-de sebitde we Türkmenistanda uly isleg bildirilýän çig malyň çykarylyp başlanjakdygyny aýtdy. Bu döwrebap kärhana bolar diýip, belent mertebeli myhman nygtady hem-de şeýle taslamanyň Belarusda Russiýanyň işewürleriniň gatnaşmagynda amala aşyrylýandygyny belledi. Bu ulgamda Türkmenistanda toplanan tejribe ýurdumyzda ulanylar diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko aýtdy.  

Belarus Respublikasynyň Baştutany täze senagat toplumyny netijeli dolandyrmak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Häzirki wagtda bu ugurda degişli işler alnyp barylýar diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi. 

Prezident Aleksandr Lukaşenko medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar barada aýdyp, bu ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda geçirilen Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleriniň hem-de ýurtlarymyzyň önümleriniň öňde boljak sergi – ýarmarkasynyň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň Bitaraplygy boýunça halkara maslahatyna geljek daşary ýurt döwletleriniň Liderleri we görnükli syýasatçylar iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň gazanan üstünlikleri bilen tanşyp bilerler diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. 

Belarus Respublikasynyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen şu gün geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny ýene-de bir gezek nygtap, täze bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga meýillidigini tassyklady. 

Prezident Aleksandr Lukaşenko şu ýokary derejedäki gepleşikleriň ähli ulgamlarda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, dostlukly türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hem-de “Belarusuň Milli Ylymlar akademiýasynyň Täze materiallaryň himiýasy instituty” döwlet ylmy edarasynyň az tonnažly himiki önümleri özleşdirmek boýunça bilelikdäki barlaghanasy hakyndaky Düzgünnama; 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilen “Belarusuň Milli Ylymlar akademiýasynyň Genetika we sitologiýa instituty” döwlet ylmy edarasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Şertnama; Mary welaýatynyň häkimligi (Türkmenistan) bilen Mogilýow oblast ýerine ýetiriji komitetiniň (Belarus Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi bilen Belarus döwlet “Belgospişşeprom” Azyk senagaty konserniniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Belarus Respublikasynyň “Senagatçylar we telekeçiler konfederasiýasynyň (hakyna tutujylarynyň)” täjirçilik däl guramalary birleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Ýeňil senagatyň harytlaryny öndürýän we ýerleýän Belarus döwlet konserniniň (“Bellegprom” konserni) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2016-2017-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; 

Maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 2016-2018-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň bilelikdäki hereketleriniň Maksatnamasyna gol çekilýär. 

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler. 

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Liderleri “Magtymguly” zalyna bardylar we şol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.  

Hormatly Prezidentimiz gepleşikleriň jemlerini teswirlemek bilen, olaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi.Geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki gatnaşyklaryň anyk ugurlary kesgitlendi diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistan Belarus Respublikasy bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär, biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy dostlugyň, özara düşünişmegiň baý däpleri, ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygy baglanyşdyrýar diýip döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biz bu gymmatlyklary aýawly saklamagy, häzirki günüň talaplaryna gabat gelýän täze mazmun bilen baýlaşdyrmagy maksat edinýäris diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Belarus Respublikasy—halkara giňişliginde biziň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşymyz bolup durýar diýip milli Liderimiz biziň döwletlerimiziň dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, dürli ugurlarda sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döretmek işinde işjeň gatnaşyklary saklaýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Biziň ýurtlarymyz öz syýasatlaryny hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak hem-de olaryň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerinde gurýarlar diýip milli Liderimiz şu günki gepleşikleriň barşynda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek meselelerine aýratyn üns berlendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýişi ýaly, halkara we sebit syýasatynyň ençeme meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Belarusyň garaýyşlary gabat gelýär ýa-da meňzeş bolup durýar. Bu bolsa dünýä giňişliginde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde biziň ýurtlarymyzyň üstünlikli hyzmatdaşlygynyň girewi bolup durýar. şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň barşynda iki dostlukly döwletiň BMG-niň ornuny berkitmäge, şu we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary dowam etmäge, dünýä bileleşiginiň ähli netijeli maksatlaryny we başlangyçlaryny goldamaga taýýardygynyň tassyklanandygyny aýtdy.  

Milli Liderimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, şu günki duşuşygyň degişli ugurda sazlaşykly hyzmatdaşlygyň esaslaryny berkidendigini belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlarynyň hatarynda söwda, ýangyç-energetika, gaýtadan we işleýän himiýa senagaty, oba hojalygy, maşyngurluşyk, dokma we ýeňil senagaty ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek kesgitlendi. 

Halkara ulag gatnawlary türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, onda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar diýip Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Biziň ýurtlarymyzda kuwwatly ulag düzümi döredilýär. Şuny, şeýle hem geografik taýdan amatly ýagdaýy nazar almak bilen biz ýurtlarymyzy Günorta-Demirgazyk, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň Gündogar we Merkezi Ýewropa, Baltika sebitine, Ýakyn Gündogaryň we Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykarýan Ýewraziýa ulag-üstaşyr ugruna has işjeň goşulmagy üçin özara kuwwaty peýdalanmak barada ylalaşdyk diýip milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 

Türkmenistanyň we Belarusyň halklaryny öňden gelýän dostluk, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklary baglanyşdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz gatnaşyklaryň esasyny düzýän gumanitar ulgama aýratyn ähmiýetiň berilýändigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu ugurda iki halkyň ýakyn gatnaşyklary saklamaga, iki ýurduň baý medeni-taryhy mirasyny öwrenmäge bolan islegine hemmetaraplaýyn goldaw berler, şeýle hem Türkmenistanyň we Belarusyň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik hyzmatdaşlygy üçin hemmetaraplaýyn şertler dörediler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz köp ýyllyk däplere eýe bolan bilim ulgamynda hyzmatdaşlygymyzyň görnüşlerini we ugurlaryny giňeltmek barada ylalaşygyň gazanylandygyny belledi.

Türkmenistan we Belarus Respublikasy uzakmöhletleýin geljek üçin ýakyn we köp ugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene bir gezek görkezdiler. Ol ýurtlarymyzyň we halklarynyň bähbitlerine, döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ösüşine doly gabat gelýär dýiip milli Liderimiz kanagatlanmak bilen belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti sözüniň ahyrynda Belarus Respublikasynyň Prezidentine açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de belarus halkyna parahatçylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan etdi.Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Belarus halkynyň adyna aýdylan mähirli sözler üçin hoşallyk bildirdi hem-de ajaýyp Aşgabat şäherine nobatdaky sapar bilen gelip görýändigine, aýratyn-da Türkmenistan üçin şanly sene bolan hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolunmagynyň 20 ýyllygynyň öňýanynda gelip görýändigine tüýs ýürekden guwanýandygyny aýtdy.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, ol bu waka bagyşlanan Halkara maslahatyna gatnaşmak barada türkmen Lideriniň çakylygyny uly kanagatlanma duýgusy bilen kabul etdi. Şunda dostlukly döwletiň baştutanynyň nygtaýşy ýaly, maslahatyň mowzugy Belarus Respublikasynyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri bilen hem sazlaşýar. Belarus hem Türkmenistan ýaly ähli hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklara ymtylýar, bar bolan meseleleri we dawalary asuda kadalaşdyrmagyň zerurlygyna eýerýär. 

Türkmenistanyň Belarus üçin Merkezi Aziýada möhüm strategik hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygyny bellemek bilen Prezident Aleksand Lukaşenko iki ýurdy hakyky dostlukly gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda guralýan netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny bellemek bilen, belent mertebeli myhman belarus-türkmen gatnaşyklarynyň dowam etjekdigine ynam bildirdi. 

Biziň ýurtlarymyzyň gysga döwrüň içinde ykdysady, gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly üstünlikleri gazanandygyny kanagatlanma bilen belläp, belarus Lideri bu depgini saklamagyň zerurdygyny, bu barada taraplaryň şu günki ýokary derejedäkii duşugyň barşynda ylalaşandygyny aýtdy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin hem şertleriň bardygyny aýtmak bilen, Prezident Aleksand Lukaşenko Belarusyň geljekde hem ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagyň giň gerimli taslamalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Şol taslamalar Türkmenistanda döwrebap oba hojalyk, awtomobil, ýol-gurluşyk, jemagat, ýolagçy tehnikalaryny getirmek arkaly ýurdy senagatlaşdyrmak nukdaýnazaryndan amala aşyrylýar.

Ylym we tehnologiýalar ulgamynda hem anyk işläp düzmeler, oba hojalyk toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bar diýip belent mertebeli myhman belläp, şonuň bilen birlikde saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň belarus-türkmen gatnaşyklarynyň geljegi uly ugry bolup durýandygyny aýtdy. 

Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňni dowam etmek bilen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aşgabat we Minsk şäherlerinde ýerleşýän Söwda öýleriniň ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyna uly goşant goşmalydyr diýip belledi. 

Belarusda gurluşygynyň tamamlanmagyna we ulanmaga berilmegine bir ýarym ýyldan hem az galan kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk dag magdan baýlaşdyryjy toplumyň taslamasyna uly ähmiýetiň berilýändigini aýtmak bilen, belent mertebeli myhman türkmen-belarus gatnaşyklarynyň üstünliginiň aýdyň nyşany hökmünde bu senagat toplumynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Prezident Aleksandr Lukaşenko bu desganyň Belarusyň ýurduň çäklerinden daşarda guran döwrebap we ýokary hilli desga boljakdygyna ynam bildirdi. 

Belarus Lideri gepleşikleriň netijelerini teswirlemek bilen, halkara, sebit meseleleriniň giň toplumyna çemeleşmeleriň meňzeşdigini, halkara gün tertibine garaýyşlaryň hem bitewidigini kanagatlanma bilen belledi.

Belent mertebeli myhman gumanitar ulgamda, aýratyn-da Türkmenistanyň halk hojalygy üçin işgärleri taýýarlamak babatda özara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Türkmenistanly oglanlaryň we gyzlaryň 9 müňden gowragy Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Mundan başga-da, bize entek dag magdan baýlaşdyryjy kärhana üçin hünärmenleri taýýarlamak işi garaşýar diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko belledi.  

Ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň ähmiýete barada aýtmak bilen, dostlukly ýurduň Baştutany Medeniýet günleriniň hemişe ýokary derejede geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Belarusyň resmi wekiliýetiniň şu saparyna Belarusyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň gabat gelmegi bellärliklidir.

Prezident Aleksand Lukaşenko sözüniň ahyrynda ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, türkmen-belarus dostlugyny berkitmäge, täze şertnamalaryň peýda boljakdygyna, şeýle hem döwrebap gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.  

Özara gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyny iş ýüzünde amala aşyrmaga ýardam etjek gepleşikleriň üstünlikli we netijeli bolandygyny bellemek bilen, Belarus Respublikasynyň baştutany türkmen kärdeşini belarus tarapynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.  

Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň hormytyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda döwlet Baştutanlary söz sözlediler.

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň ýurdumyza sapary dowam edýär.

Türkmen döwlet habarlar agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 05.08.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy