Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi 14.12.2015

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi

2015-nji ýylyň 13-nji dekabry Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarif we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari gatnaşdylar.

2015-nji ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan edildi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy bilen  bu taryhy wakanyň gabat gelmegi hakykatdan-da çuňňur mana eýedir. Şöhratly sene milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk hem-de dünýä giňişliginde netijeli ykdysady we medeni-ynsanperwer özara gatnaşyk etmek ýörelgesine esaslanan daşary syýasat ugrunyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Halkara jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolan ösüşlere beslenen bu syýasatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy bilen türkmen döwletine iki gezek berkidilen hem-de milli, sebit we dünýä möçberinde abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän  hemişelik Bitaraplyk derejesi öz anyk keşbine eýe bolýar.

Irden hormatly Prezidentimiziň howa ulagy Mary şäheriniň şanly waka mynasybetli dostlukly döwletleriň dördüsiniň baýdagy bilen bezelen   Halkara howa menzilinde gondy. Şol döwletler özleriniň goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hem-de netijeli ykdysady hyzmatdaşlygynyň taryhyna täze sahypa ýazmaga gönükdirilen ägirt uly energetika taslamasyna gatnaşýarlar.

Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik toparlary öz sowgatlaryny—ajaýyp aýdym-saz çykyşlaryny taýýarlapdyrlar.

Biraz wagtdan soňra, howa menziliniň uçuş-gonuş meýdançasyna biri-biriniň yzy bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarifiň hem-de Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansariniň howa ulaglary gondylar. Belent mertebeli myhmanlara ähli hormat sylaglar bildirildi. Ýaş türkmenistanlylar olara ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Ýakynda dostlukly ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleriniň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen dabaralara hem-de “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyna gatnaşandyklaryna ýatladýarys. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Owganystanyň Prezidenti, Pakistanyň Premýer-ministri hem-de Hindistanyň Wise-prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Olaryň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hereket etmegiň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy.Şol duşuşyklaryň barşynda hyzmatdaş ýurtlaryň uzakmöhletleýinlik, deňlik hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýan däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we ösdürmäge hemmetaraplaýyn taýýardyklary öz ynamly tassyknamasyna eýe boldy.

Mary şäheriniň howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti hem-de belent mertebeli myhmanlar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna dabaraly badalga beriljek ýere—“Galkynyş” gaz känine tarap ugradylar.

Ýoluň ugrunda ajaýyp el halylary düşelen milli ak öýler gurnalypdyr. Olar türkmen halkynyň taryhy, özboluşly däpleri, köpasyrlyk durmuşy bilen tanyşlyk boldy.  Ellerinde dostlukly ýurduň baýdaklary bolan Mary welaýatynyň köpsanly ýaşaýjylary geçiriljek dabara gatnaşyjylary uly ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.

TOPH  taslamasy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki ýene-de bir anyk ädimdir. Ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman gurluşyny kemala getirmek, şol sanda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamyny döretmegiň hasabyna kemala getirmek şol strategiýanyň wajyp ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde giň oňyn seslenme döreden netijeli başlangyçlary şol maksatlara ýetmäge  gönükdirilendir. Döwrüň anyk ýagdaýlarynda bu başlangyçlaryň wajypdygyna BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek—2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Kararnamalar aýdyň şaýatlyk edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň münberinden Türkmenistanyň yglan eden ýörelgesi döwletimiziň tutuş energetika syýasatynda beýanyny tapýar. Şol syýasat ýakyn on ýyllyklar üçin ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny diňe bir anyk kesgitlemän, eýsem ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna goşulyşmagy ugrunda anyk ädimleri göz öňünde tutýar.

Energetika  pudagynda däp bolan strategiki hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny saklamak bilen bir hatarda, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar hem-de Günorta-Gündogar ugurlarynda göni energiýa gatnaşyklaryny örän giňeltdi, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, dünýäniň abraýly maliýa guramalary bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýdy. Birnäçe iri halkara taslamalar, şol sanda Türkmenistan-Hytaý transmilli turbageçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Eýran gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň gurluşygy şolaryň netijeleri bolup durýar. Bu geçirijileriň ulanmaga tabşyrylmagy Ýewraziýa yklymynda täze ýangyç energetika düzüminiň kemala gelmegini alamatlandyrdy.

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň şu gün badalga alýan taslamasy hem türkmen energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň geljegi uly ugry bolup durýar. Onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň başy 2010-njy ýylyň dekabrynda, Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan-Owganysta-Pakistan-Hindistan” samintiniň barşynda başlandy. Onuň netijeleri boýunça degişli hökümetara Ylalaşygyna gol çekildi. Häzirki wagtda zerur bolan hemme taýýarlyk işleri geçirildi, şol sanda türkmen tebigy gazyny satyn almak-satmak boýunça şertnamalar baglaşyldy, taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy tamamlandy, Liderligine “Türkmengaz” Döwlet konserni saýlanan “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasy  döredildi.

Esasynda Günorta Aziýa ýurtlarynda tebigy gaza ýokary isleg bildirilmegi durýan bu taslamanyň ykdysady esaslandyrmasyny abraýly halkara guramalarynyň bilermenleri tarapyndan ýurdumyzyň ýerasty baýlyklarynda dünýä ähmiýetli “mawy ýangyjyň” ägirt uly gorlarynyň bardygynyň umumy ykrar edilmegi hem aýdyň ýüze çykarýar. Munuň özi Türkmenistana islendik ugur boýunça, şol sanda şu ugur boýunça hem gazyň uzak möhletleýin iberilmegini kepillikli üpjin etmäge mümkinçilik berýär.

Ozal bellenilişi ýaly, “Galkynyş” gaz käni täze energetika geçirjisiniň serişde binýady bolar. “Türkmengaz” Döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde bu käniň enjamlaşdyrylmagynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde 2013-nji ýylda bu ýerde kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan zawodlar toplumy ulanmaga berildi. 2014-nji ýylda “Galkynyşy” senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna başlanyldy. Ol hem ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge niýetlenendir.

Garaşdyran pursat gelip ýetýär. Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň, Pakistanyň Premýer-ministriniň hem-de Hindistanyň Wise-prezidentiniň ulag kerweni dabaralaryň geçirilýän ýerine gelýär.

Belent mertebeli myhmanlary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, huhuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden mübärekleýärler. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň baştutknlary, iri daşary ýurt firmalarynyň we kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Sungat ussatlarynyň hem-de iň oňat halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk dabarasyna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Olar türkmen halk aýdymlaryny we tanslaryny ýerine ýetirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti we belent mertebeli myhmanlar mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki dabara köpsanly gatnaşyjylaryň ýygnanan binasyna geçýärler. Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi ör turup, el çarpyşmalar bilen dostlukly ýurtlaryň Liderlerini garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, şu günki wakanyň -- «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň hem-de tebigy gazyň gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň üçünji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmeginiň örän möhüm, hakykatda taryhy ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz biz Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny halkara derejesinde giňden we dabaraly belläp geçýäris diýip aýtdy. Bitaraplyk mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna giň ýol açýar. Dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Şoňa görä-de, biz Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Ýer ýüzüniň ýurtlary bilen giň gerimli gatnaşyklary alyp barýarys. Halkara hyzmatdaşlygy esasynda iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýarys. Şu gün düýbi tutulýan «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» halkara gaz geçirijisi hem bu aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri mümkinçilikden peýdalanyp,   şu gün geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri hem-de taslama gatnaşyp, oňa ýakyndan goldaw berýändikleri üçin, belent mertebeli myhmanlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Aziýanyň Ösüş bankynyň «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň hemişe ynamdar tarapdary bolup çykyş edendigini, zerur seljermeleri geçirmekde we tehniki esaslandyrmalary taýýarlamakda uly ýardam we goldaw berendigini belledi. Aziýanyň Ösüş bankynyň beren goldawy bu gaz geçirijiniň gurluşygyna başlamaga bize mümkinçilik döreden örän möhüm şerte öwrüldi. Şoňa görä-de, Aziýanyň Ösüş bankyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmen Lideri şeýle hem, taýýarlyk işleri boýunça gepleşiklere gatnaşan, degişli resminamalary taýýarlan adamlaryň ählisine – diplomatlara, taslama gatnaşýan ýurtlaryň we halkara edaralarynyň hünärmenlerine we bilermenlerine öz minnetdarlygymy beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň uglewodorod çig malynyň halkara bazarlaryna ygtybarly iberilmegine durnukly ösüşiň örän möhüm şerti hökmünde garaýandygyny, şoňa görä-de, «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» halkara gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň baý gorlary bar. Türkmenistan nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenýän,  energiýa serişdeleriniň daşarky bazarlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Häzirki döwürde türkmen tebigy gazy Ýewraziýanyň dürli döwletlerine iberilýär. Gündogar Türkmenistandaky, Amyderýanyň kenaryndaky, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we beýleki sebitlerdäki täze, geljegi uly bolan nebitgaz ýataklary güýçli depginler bilen özleşdirilýär. Şeýle hem, ýurdymyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän nebit we himiýa önümlerini öndürýän innowasion senagat önümçiliklerini döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu bolsa, ykdysady taýdan özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Şu gün biz «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisini harytlyk gaz bilen üpjün etmäge mümkinçilik berjek «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň üçünji tapgyryna hem badalga berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  sözüni dowam etdi. «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi, onuň döwrebap desgalarynyň yzygiderli ulanmaga berilmegi ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman düzümini emele getirmäge uly goşant goşýar. Bu bolsa, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Täze gaz geçirijiniň taslamasy dört döwletiň arasynda baglaşylan hökümetara ylalaşyklary esasynda amala aşyrylar. Bu gaz geçirijiniň uzynlygy, takmynan, 1814 kilometre barabar bolar. «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň uzynlygy 214 kilometre deňdir. Gaz geçiriji Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üsti bilen, Päkistanyň Kwetta we Multan şäherleriniň çäklerinden geçer. Şol ýerden bolsa, Hindistanyň Fazilka ilatly nokadyna çenli baryp ýeter. Täze gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar. Nesip bolsa, şu gün gurluşygyna badalga berilýän bu halkara gaz geçirijisi we onuň ýerüsti kömekçi ulgamlary 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.

Bu örän uly taslamany durmuşa geçirmek boýunça «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň hem-de Tehniki iş toparynyň Aşgabatda, Yslamabatda, Kabulda we Nýu-Delide maslahatlary geçirildi. Bu maslahatlarda taslamany durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak barada birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Bu bolsa, taslama gatnaşýan taraplaryň gaz geçirijiniň gurluşygyny tiz wagtda amala aşyrmaga ýokary derejede gyzyklanma bildirýändiklerine doly şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmengaz» döwlet konserni «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň baştutanlygyna biragyzdan saýlandy diýip aýratyn belledi. Şeýlelikde, «Türkmengaz» döwlet konserni bu halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek we ony ulanmak bilen bagly işlere ýolbaşçylyk eder. Şu ýerde Konserniň tebigy gazy çykarmak, ibermek hem-de turba geçirijileri gurmak boýunça 50 ýyldan hem gowrak tejribesiniň bardygyny aýtmak gerek.

Durmuşa geçiriljek bu iri taslama diňe bir energiýa serişdelerini iberýän tarap üçin däl, eýsem üstaşyr geçirýän we sarp edýän döwletler üçin hem ykdysady taýdan örän uly ähmiýete eýe bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  nygtady. Sebitde durnukly ösüşi we parahatçylygy berkitmäge kuwwatly itergi berer. Ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşar. Täze gaz geçirijiniň gurulmagy netijesinde, 12 müňe golaý goşmaça iş orunlary dörär. Bu bolsa, sebitiň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga, syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösmegine ýardam eder diýip, türkmen Lideri sözüni jemledi hem-de hemmeleri asyryň iri taslamasy bolan «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Täze gaz geçirijiniň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagyny, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Päkistanyň we Hindistanyň halklaryna uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.

Öz çykyşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we onuň üsti bilen bütin türkmen halkyna çuňňur hoşallyk bildirip, şu günki wakanyň—Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmeginiň taryhy ähmiýetini nygtady.

Geçen soňky ähli ýyllaryň dowamynda sebit ähmiýetli bu taslamany durmuşa geçirmek barada gepleşikler geçirilip gelindi diýip, Mohammad Aşraf Gani belledi. Şolaryň netijesinde ýurtlaryň her biriniň mümkinçiliklerini nazarda tutup, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy barada çözgüt kabul edildi.

Bu gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegine ýardam eder, täze şäherler we şäherçeler dörär, müňlerçe täze iş orunlary dörediler diýip, Owganystanyň Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamak üçin amatly şertleri üpjün edýändigini hem bellemek zerurdyr. Bu bolsa sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetiniň esasy alamatydyr. Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň Baştutany türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň halkyny Bitaraplygyň 20 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Gaz geçirijiniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda has-da   netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin ykdysady taýdan bähbitli bolar, ýeke-täk ykdysady ulgamy kemala getirer, energiýa bolan sarp edijiligiň kanagatlandyrylmagyny hem-de ençeme nesiller üçin bagtyýar durmuşy üpjün eder.

Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aziýanyň Ösüş bankynyň adyna aýdan minnetdarlyk sözlerine goşulmak isleýärin—diýip, Prezident Mohammad Aşraf Gani aýtdy hem-de bilelikdäki tagallalaryň hökman üstünlige getirjekdigini nygtady.

Sözüniň ahyrynda Owganystanyň Baştutany mähirli kabul edilendigi hem-de gadymy türkmen topragyndaky häzirki taryhy wakanyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Prezidentine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Soňra Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentlerine, Pakistanyň Premýer-ministrine ýüzlenip,  häzirki wakanyň bolmagyna dörän mümkinçilik, sebitiň ähli halklarynyň bähbidine şeýle bahasyna ýetip bolmajak hem-de öz wagtyndaky başlangyç bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan täze gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlanandygy üçin  hoşallyk bildirdi.

Belent mertebeli hindi myhmanynyň nygtaýşy ýaly, geljekki gaz geçirijisiniň esasy bölegi hökmünde bu uly taslama badalga bermek üçin saýlanyp alnan ýer ýokary derejede adalatlydyr hem-de  kanunalaýykdyr. Şu gün Türkmenistanda--Mary şäherinde döwrüň taryhy altyn haprlar bilen ýazylar. Bu uly başlangyja Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Maryda badalga berilmeginiň çuňňur manysy bardyr. TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine başlanmagy Hazardan Hindistanyň deňiz kenarlaryna çenli ýeke-täk ykdysady ulgamy döretmek ýolunda ilkinji ädim bolup durýar diýip, Hindistanyň Wise-prezidenti nygtady. 

Bu uly we möhüm taslamanyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň umumy tagallalary bilen üstünlikli amala aşyryljakdygyna, netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň aýdyň nusgasyna öwrüljekdigine ynam bildirip, Hindistanyň Respublikasynyň Wise-prezidenti  Mohammad Hamid Ansari TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi hem-de sebitiň ähli halklaryna gülläp ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarif bu ýere ýygnananlary mübärekläp, hemmeleri şu günki ajaýyp waka—TOPH gaz geçirijisiniň düýbüni tutuş dabarasy bilen gutlady.

Şu gün bu ýerde bolmak meniň üçin uly hormatdyr diýip, belent mertebeli myhman aýtdy hem-de TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň iş ýüzünde tiz durmuşa geçirilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu taslama Merkezi Aziýa ýurtlaryny diňe bir ykdysady nukdaýnazardan birleşdirmän, eýsem, has giň hyzmatdaşlyk üçin hem uly ýoly açar, Pakistanyň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrar. Bu bolsa Pakistanyň energetika syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar diýip, Premýer-ministr aýtdy.

Jenap Mohammad Nawaz Şarif täze gaz geçirijisiniň taryhy ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan beýik işleriň parahatçylygy pugtalandyrmak işine hyzmat edýändigini nygtady hem-de TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin diňe bir üstaşyr geçelgäni üpjün etmän, eýsem, ençeme ýurtlar üçin täze geljegi we mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Pakistanyň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik we çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirip, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň bellenen möhletde öz wagtynda durmuşa geçiriljekdigine ynanýandygyny nygtady. 

Soňra ýygnananlaryň el çarpyşmalarynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri, Pakistanyň Premýer-ministri we Hindistanyň Wise-prezidenti geljekki nesillere niýetlenen hata gol çekýärler hem-de ony ýörite guta ýerleşdirip, çagalara gowşurýarlar.

Türkmen döwletiniň Baştutany hem-de belent mertebeli myhmanlar “Galkynyş” känini özleşdirmegiň üçünji tapgyryndaky desgalaryň düýbüniň tutulýan ýerine tarap ugraýarlar. Taryhy pursat gelip ýetýär: Türkmenistanyň Prezidenti hem-de belent mertebeli myhmanlar ýörite gutyny desganyň binýadyna taşlaýarlar hem-de pil bilen ilkinji beton garyndylaryny guýup, gurluşygyň başlanmagyna badalga berýärler. Munuň özi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, Prezident Mohammad Aşraf Gani, Premýer-ministr Mohammad Nawaz Şarif hem-de Wise-prezident Mohammad Hamid Ansari ýörite düwmäni basyp, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berýärler. Bu ýere ýygnananlar özboluşly mazmuna eýe bolan “altyn halkanyň” – täze gaz geçirijisiniň ilkinji sepiniň kebşirleýşini uly gyzyklanma bilen synlaýarlar. 

Bu işleriň ýany bilen XXI asyryň iri energetika taslamasy bolan TOPH-yň gurluşygyna  bagyşlanan hem-de ähli myhmanlarda täsir galdyran wideofilm görkezildi. Ol aýlawly töwerekleýin görnüşde, hatda bu binanyň äpet gümmezini goşmak bilen, şekilleri kabul etmek üçin ýörite tärleri peýdalanyp, iň täze wideotehnologiýalaryň esasynda döredildi.

TOPH gaz geçirijisiniň ilkinji sepiniň kebşirlenilişi tamamlandy. Türkmen döwletiniň Bştutany hem-de belent mertebeli myhmanlar geljekki energiýa geçirijisiniň ýüzüne öz gollaryny çekýärler.

Soňra Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň, Pakistanyň Premýer-ministriniň we Hindistanyň Wise-prezidentiniň bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

Dabara Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda energetika boýunça Ähtnama gol çekilmegi bilen dowam etdi. 

Şeýle hem TOPH gaz geçirijisi boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni we “Afghangas Enterprise” hem-de “Inter state gas systems /Private/ Limited” kompaniýasy we “Gail /Hindsitan/ Limited” kompaniýasynyň arasynda paýdarlar hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Şanly waka—TOPH taslamasynyň hem-de “Galkynyş” känini özleşdirmegiň üçünji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna başlanmagy mynasybetli türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan dabaraly günortanlyk nahary berildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarif  we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari bilen mähirli hoşlaşdy. Olar tüýs ýürekden we myhmansöýer kabul edendigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, dostlukly ýurtlaryň halklaryna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad  Aşraf Ganiniň arasynda söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda taslama gatnaşyjy ähli ýurtlar üçin şu günki wakanyň taryhy ähmiýeti nygtaldy, bu halkara gaz geçirijisiniň gurulmagy diňe ykdysady wezipelerden başga-da, durmuş-ähmiýetli ençeme möhüm meseleleri çözmäge – tutuş sebitde syýasy we durmuş durnuklylygyny pugtalandyrmaga, hususan-da, munuň özi häzirki wagtda owgan halky üçin örän uly ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň Prezidenti TOPH taslamasyna badalga berilmeginiň şu günler Türkmenistanda ýurduň hemişelik  Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän  baýramçylyk çärelerine gabat gelmeginiň  uly many-mazmuna eýedigini belläp, türkmen döwletiniň Baştutanyny diňe bir türkmen halky üçin däl-de, eýsem, ähli dünýä jemgyýetçiligi üçin uly ähmiýete eýe bolan bu sene bilen, şeýle hem  “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli halkara maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen ýene bir gezek gutlady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri we Türkmenistanyň saýlap alan özygtyýarly ösüş ýoluny hem-de oňyn parahatçylyk söýüjilik syýasatyny hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen döwletiniň alyp barýan daşary syýasatynyň  möhüm ugrunyň, şol sanda energetika ulgamy bolup durýandygyny belledi, bu syýasat ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, esasan-da goňşy ýurtlar bilen meýletin erk-islegiň hem-de özara bähbitli ýörelgeler esasynda işjeňleşdirilýär.

Duşuşyk tamamlanandan soň,  iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen hoşlaşdylar hem-de bu ýerden ugradylar. 

Türkmen döwlet habarlar agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 17.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy