Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady 23.12.2015

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady

2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelen badyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz maslahatyň barşynda  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzy durmuş–ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, ýetip gelýän baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek, şeýle hem 23-nji dekabrda işe girizilmegi göz öňünde tutulýan “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijini  ulanmaga bermek bilen bagly görlen çäreler barada hasabatlaryny diňledi.

Halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyny sazlaşykly ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly wezipelere aýratyn ähmiýet berilýär diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz  ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da berkitmek üçin degişli ugurda amala aşyrylýan işleriň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi—bu ýurdumyzyň energetika düzüminiň möhüm bölegi bolup, ol milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň hajatlaryny, şeýle hem dünýäde energiýa serişdelerine bolan islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Iri sebitara taslamasynyň – Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi hem muňa ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu gaz geçirijiniň gurluşygyna ýakynda dabaraly ýagdaýda badalga berildi.

Şunuň bilen baglylykda, “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasynyň hem-de bu möhüm waka gabatlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyly garşylamaga bagyşlanan hem-de Täze ýyl arçalary oturdylan paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň baş meýdançalarynda guralýan baýramçylyk dabaralaryny, şol sanda konsertleri hem-de beýleki medeni – dynç alyş çärelerini guramak hakynda döwlet Baştutanymyza berlen hasabat maslahatyň özenini düzdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Täze ýyl dabaralaryna belli halk we estrada aýdymçylaryny, tans we döredijilik toparlaryny giňden çekmegiň möhümdigini aýtdy. Olar  öz dürli öwüşginli çykyşlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Täze ýylyny garşylaýan türkmenistanlylaryň şatlygyny, ruhubelentligini has-da artdyrmalydyr.

Täze ýyl baýramçylyklarynyň hem-de ýetip gelýän gyşky dynç alyş günleriniň çagalar üçin ýatdan çykmajak wakalara beslenmelidigini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda anyk tabşyryklary berip, ähli çäreleriň, şeýle hem çagalar üçin Täze ýyl sowgatlaryny paýlamak dabaralarynyň ýokary derejede geçirilmegine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Täze ýyly garşylamaga bagyşlanan ähli dabaralar gyzykly we özüne çekiji, baýramçylyga mahsus bolan joşgunly ýagdaýda guralmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylyk günlerinde ýolagçy ulaglaryň, jemagat hojalygy gulluklarynyň sazlaşykly işini üpjün etmegiň, şeýle hem ähli ministrliklerde we guramalarda, häkimliklerde, edaralarda we kärhanalarda nobatçylygy ýola goýmagyň möhümdigini belledi. 

Ýurdumyzda düzgün bozmalaryň öňüni almak we jemgyýetçilik tertibini saklamak boýunça görüljek çäreler, şeýle hem ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmek hem-de köçelerde ýol-ulag hadysalarynyň  öňüni almak maksadynda ýol gözegçilik gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler baradaky hasabaty diňlemek bilen, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy düzgün-tertibi berjaý etmegiň, aýratyn-da, Täze ýylyň baýramçylyk günlerinde berjaý etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryny agzybir we jebis türkmen halkynyň iň gowy däplerinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara baýramçylyk çärelerine degişli derejede taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň ahyrynda bu ýere ýygnananlara jan saglyk we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagynyň bähbidine öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen döwlet habarlar agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 18.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy