Bitarap diýara Täze ýyl geldi!

Bitarap diýara Täze ýyl geldi! 23.12.2015

Bitarap diýara Täze ýyl geldi!

Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäde we ýurdumyzyň çarýanynda täze başlangyçlara, toplumlaýyn özgertmelere rowaçlyk bermegi halkymyzyň eşretli durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Geçen her bir günimiziň türkmeniň taryhyna ýatdan çykmajak ýakymly wakaly sahypany ýazýar. Täze eýýam Türkmenistanyň halkara abraýynyň günsaýyn artýandygyna, dünýä bileleşiginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyny giňden goldaýandygyna we ykrar edýändigine şaýatlyk edýän buýsandyryjy wakalar bilen taryha ýazylýar.

IL-ýurt, Watan hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugry. Şol bir wagtda milli Liderimiziň turuwbaşdan öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen mukaddes şygary berkarar döwletimiziň baş ýörelgesine öwrülip we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly sözleriniň iş ýüzünde amal edilip, halkymyzyň gündelik durmuşynda öz beýanyny tapýandygyna her adimde şaýat bolýarys. Şu maksatdan ugur alnyp ýurdumyzyň ähli pudaklarynda işleri döwrüň talabyna laýyk we sazlaşykly ýola goýmaga aýratyn üns berilýär.

Häzirki döwürde  syýasy taýdan kämil, ykdysady taýdan kuwwatly, ösen medeniýetli ýurt bolan Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere barýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler eziz Diýarymyzy toý-baýramlaryň mekanyna öwrüldi. Türkmenistan döwletimiziň mähriban halky  ýaňy-ýakynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 20 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belläp geçdi. Türkmen halky indi bolsa ak arzuwlara beslenip gelýän täze 2016-njy ýyly garşy almaga taýýarlanýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 2015-nji ýyl il-ýurt bähbitli uly işleriň amala aşyrylan ýyly boldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk baýramlarynyň uly dabaralara beslenip bellenilen ýyly bolan bu ýyl ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan uly ösüşlere gadam basan ýyly hökmünde taryha girdi.

Türkmenistan döwletimize şan-şöhrata beslenip gelýän täze 2016-njy ýylyňyz gutly bolsun! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda özgerişler ýoly bilen täze sepgitlere barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna çekýän il-ýurt bähbitli işleriňizde üstünlikler hemraňyz bolsun! Goý, bütin türkmen halkynyň her bir ojagynda saglyk, abadançylyk, ýurdumyzda parahatçylyk bolup, täze 2016-njy ýyl rysgally, bereketli bagtly ýyl bolsun!

Taňryberdi Aýdogdyýew 

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň Mary

welaýat şahamçasynyň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 20.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy