2016-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýerine ýetirilmeli işler

07.01.2016

2016-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýerine ýetirilmeli işler

2016-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýerine ýetirilmeli  işler şu aşakdakylardan ybarat:


  1. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ilatymyza berilýän karzlaryň gerimini giňeltmek;

  2. Ýurdumyzyň raýatlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararlary boýunça  ýeňillikli karzlary bermek;

  3. Önümçilik maksatly karzlaryň gerimini giňeltmek;

  4. Oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan hususy haryt öndürijileriň oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak, tohum, tehniki hyzmatlar, dökün we maldarçylyk, guşçulyk, ýyladyşhanalary gurmak, bal arylary saklamak, ot-iým ätiýaçlyklaryny döretmek bilen bagly taslamalaryny karzlaşdyrmak;

  5. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak  bilen bagly maýa goýum taslamalaryny karzlaşdyrmak;

  6. Bank hyzmatlaryny hil taýdan ýokary derejä götermek, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, ilatyň talaplaryna laýyk gelýän täze bank hyzmatlaryny girizmek hem-de müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini yzygiderli kämilleşdirmeklik arkaly müşderileri banka çekmek;

  7. Ilatyň goýumlarynyň we kärhanalaryň depozitleriniň möçberini artdyrmak maksady bilen, dünýä tejribesine laýyklykda  has oňaýly şertlerde nagt däl görnüşinde önüm öndürijilerimize täze görnüşli goýumlary hödürlemek;

  8. Halkyň serişdelerini goýuma çekmeklige höwes döretmeklik üçin, goýumlaryň  nagt we nagt däl görnüşini artdyrmak;

  9. Bankyň goýumlaryny, depozitlerini we beýleki hyzmatlaryny gazetleriň, tele-radio ýaýlymlarynyň üsti bilen mahabatlandyryp, müşderileriň sanyny artdyrmak;

  10. Plastik kartlary çap etmek we Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna ýüzlenen telekeçileri we raýatlary bank kartlary bilen üpjün etmek;

  11. Kartlaryň limidini üýtgetmek, zaýalanan we ýiten kartlary täzelemek, bloga düşen kartlary açmak;

  12. Bankymyz boýunça müşderilere nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek we hasaplaşyklary ýeňilleşdirmek üçin, amatly şertleri döretmek maksady bilen, bar bolan bankomatlaryň, terminallaryň sanyny gerekli mukdara çenli artdyrmak:

  13. Bankymyzda hyzmat edilýän edara-kärhanalarda meýilnama esasynda bankomatlary gurnamak, müşderilere bank kartlaryny paýlamak we zähmet haklaryny, beýleki tölegleri bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrmak.


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 20.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy