Mirasa sarpa goýmak ýylynda – täze belentliklere tarap

Mirasa sarpa goýmak ýylynda – täze belentliklere tarap 18.01.2016

Mirasa sarpa goýmak ýylynda – täze belentliklere tarap

2016-njy ýylyň 17-nji ýanwary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewleriniň saklanylýan ýerine baryp, ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy.

Müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halky özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak we dünýäde giňden wagyz etmek ýörelgelerini şu ýyl Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny dabaralandyrýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi.

Behişdi bedewlere  aýratyn gadyr goýýan, olaryň hüý-häsiýetine belet döwlet Baştutanymyz bedewler bilen didarlaşmak we at çapmak bilen meşgullanmaga wagt tapyp, bu ýörelgäni yzygiderli dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň  at çapmaga ussatlygyna hemmeler şaýatdyr. Şu pursatlar halkymyzyň kalbynda Watanymyzy ösüşiň belentliklerine alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän milli Liderine bolan buýsanjy goşalanýar. Ýurdumyzyň sazlaşykly ösüş depgini ýelden ýüwrük bedewleriň ynamly gadamyna meňzedilýär.   

Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň özüniň buýsanjy, milli gymmatlyk hökmündäki dabarasy bilen dünýäde deňsiz-taýsyzdygyny belleýär. Türkmen halkynyň asylly atşynaslyk däpleriniň kämilleşdirilmegi, ahalteke tohum atlarynyň baş sanynyň artdyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň atşynaslyk pudagynyň halkara ugurdaş düzümlerine goşulmagy, milli atçylyk sportunyň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk sport toplumyndaky bedewler bilen didarlaşyp, Melehan atly bedewde çapuw ýodasyna çykyp, birsellem gezim etdi.

Milli Liderimiziň köpçülikleýin sporta, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine aýratyn ähmiýet bermegi halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, beden taýdan sagdyn ruhy taýdan güýçli nesilleriň terbiýelenilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegini ugur edinýän durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar.

Sport – munuň özi güýjüň, gözelligiň, sagdynlygyň we beýik sepgitlere ýetmäge ynamyň bir ýere jemlenmesidir. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde Türkmenistanda sporta, şol sanda atçylyk sportuna höwes bildirýänleriň sany artýar we jemgyýetimizde bu ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şahsy görelde görkezýär.

Gyş paslydygyna garamazdan, şu günler Aşgabatda we onuň töwerekelerinde ýakymly howa saklanýar. Munuň özi atly gezelenç etmek üçin amatlydyr.  Döwlet Baştutanymyz atly gezelenç edip barşyna bu künjegiň tebigy aýratynlygyny, ajaýyplyklary synlady.

Türkmenistanda ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda tebigaty goramak, suw, ýer hem-de biologiki serişdeleri netijeli peýdalanmak, bioköpdürlüligi we tebigy aýratynlyklary saklamak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda giň möçberli Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde Aşgabadyň töwereklerinde hem-de welaýatlarda miweli we saýaly agaç nahallary köpçülikleýin oturdylyp, tokaý zolaklary döredilýär.

Atlar baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde ahalteke bedewleriniň halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň hatarynda aýratyn orun eýeleýändigini bellemeli. Häzirki döwürde Türkmenistanda atşynaslyk milli medeniýetini dikeltmek we ösdürmek, bu ugurda özegrtmeler syýasatyny amala aşyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şunda, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine we aýawly saklanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň  asyrlar aşyp gelýän ahalteke bedewlerine gadyr goýmak ýaly gadymy milli ýörelgeleriniň dikeldilmegine, ahalteke bedewleriniň we türkmen atşynaslarynyň, çapyksuwarlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende göterilmegine gönükdirilen syýasaty oňyn netije berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň halkara ýaryşlarynda gazanýan ýeňişleriniň sany barha artýar.

Milli we dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan behişdi bedewler gözelligi, çeýeligi, wepalylygy hem-de ösen aňy bilen asyrlaryň dowamynda  şahyrlar, suratkeşler üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi.

Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  atçylyk toplumyna gelip, ajaýyp bedewler bilen didarlaşmagyny öz milli Lideriniň baştutanlygynda täze belentliklere tarap okgunly öňe barýan türkmen halkynyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda ruhy dessurlarynyň we nurana arzuwlarynyň dabaralanmasy diýip atlandyrsa bolar.

Çünki, ahalteke bedewi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyplyklaryny, döwrüň döredijilik kuwwatyny, galkynyşyny, ruhy ýokary göterilişini özünde jemleýär.

Türkmen döwlet habarlary agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 20.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy