Türkmenistanyň Prezidenti Awazada täze sport toplumlarynyň taslamalary bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Awazada täze sport toplumlarynyň taslamalary bilen tanyşdy 21.01.2016

Türkmenistanyň Prezidenti Awazada täze sport toplumlarynyň taslamalary bilen tanyşdy

2016-njy ýylyň 20-nji ýanwary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň howa menzilinden Türkmenbaşy şäherine uçdy. Ol özüniň gysga möhletleýin dynç alyş wagtynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gelip, Hazar deňziniň gözel kenarynda emele gelýän dünýä derejesindäki ajaýyp şypahana bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň kenarynda ýurdumyzda ilkinji milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça başlangyç bilen çykyş edip, bu giň göwrümli maýa goýumly taslamany durmuşa geçirmäge hut özüniň ýolbaşçylyk edýänligi bellärliklidir.

Bu ýerde halkara ölçeglerine gabat gelýän zerur infrastrukturany döretmek üçin ýaýbaňlandyrylan giň göwrümli işleriň netijesinde türkmen topragynyň  bu sahawatly künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Bu gün “Awaza” türkmenistanlylaryň dynç almak üçin söýgüli ýerine öwrüldi. Onuň gözelligine ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlar hem mynasyp baha berdiler. Mundan başga-da, “Awaza” ýokary derejeli duşuşyklaryň, halkara maslahatlarynyň, gözden geçirişleriň we sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri bolmak bilen, iri işewürlik, medeni we sport mekrezi derejesine eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiziň awtomobili “Awaza” köpugurly sport toplumyna gelýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň  orunbasarlary garşyladylar.

Ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň Prezidenti sport toplumynyň eýwanyna bardy. Ol ýerde Hazar deňziniň türkmen kenaryny döwrebap infrastrukturaly häzirki zaman şypahanasyna öwrüp, öz çäklerini ýyl geldigiçe giňeldýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dikeldilýän dürli maksatly desgalaryň ýörite taýýarlanan çyzgylary we şekilleri  ýerleşdirilipdir.  

Milli Liderimiz tanyşdyryş çäresiniň barşynda köpugurly sport toplumynyň taslamasy bilen tanyşdy, onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy - “Myradym”  hususy kärhanasy amala aşyrar. Toplumyň düzümine ýedi bina girýär. Olaryň biri basketbol, ping-pong, tennis, gandbol, woleýbol oýnamak hem-de gimnastika maşklary bilen meşgullanmak üçin niýetlenendir. 2 müň  tomaşaça niýetlenilen ikinji binada giňligi 25x50 metr we 20x25 metr ýüzülýän howuz binasy, belentlikden bökmek üçin  howuz binasy,  fitnes zal we bouling zaly, sauna hammamy, kafe, owkalaýyş otaglary we beýlekiler ýerleşdiriler.

Aýratyn bir bina fitnes maşklary, agyr atletika, gylyçlaşmak, boks, taýekwondo, dzýu-do, sambo, erkin we grek-rim göreşi, beýleki göreşiň başa-baş görnüşleri üçin niýetlenendir. Taslamada iki gatly Buzly köşgi gurmak göz öňünde tutulýar, onda hokkeý, kýorling oýnamak, figuralaýyn typmak üçin meýdançalar, şeýle hem kafe VIP-zaly we münberli 2500 orunlyk meýdança bar, onda türgenler üçin sauna hammamy we dynç alyş otaglary ýerleşdiriler. Mundan başga-da, aýry-aýry üç binada işgärleriň iş otaglary, 150 orunlyk mejlisler zaly bolan edara binasy göz öňünde tutulandyr, ol köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň işlemegi üçin zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr we onda naharhana ýerleşýär, ýanaşyk çäklerinde bolsa basketbol, woleýbol, kiçi futbol oýnamak üçin açyk meýdançalar hem-de ýüzüş howzy gurnalar.

Şeýlelikde, bu iri sport toplumy diňe bir islendik derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin ukyply bolman, türkmen türgenleriniň okuw-türgenleşiklerini  geçirmekleri üçin ýurdumyzyň sportuň dürli görnüşleri boýunça milli toparlaryny dünýä, Aziýa, şeýle hem Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamakda möhüm  merkez bolup hyzmat eder.

Tanyşdyryş çäresiniň barşynda fitnes boýunça belli nemes hünärmeni Bert Rouşenbah döwlet Baştutanymyza täze sport toplumynda gurnaljak abzallaryň we türgenleşik enjamlarynyň tehniki häsiýetnamalary we ulanylyş aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz “Awazada” “Polimeks türk kompaniýasy tarapyndan bina ediljek sagaldyş –dikeldiş merkeziniň taslamalary we çyzgy görnüşleri bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan bu kompaniýanyň wekili täze sagaldyş merkeziniň taslamasy barada döwlet Baştutanymyza giňişleýin gürrüň berdi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalar bilen içgin tanşyp, binalaryň içki we daşky bezeglerine hem-de olaryň ýerleşdirilişine ünsi çekdi. Şunda milli Liderimiz ähli zatlary, gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini, reňk öwüşginlerini, sport meýdançalary üçin örtükleri, tomaşaçylar münberlerini gurnamak, binalary meýilleşdirmek üçin serişdeleri saýlap almaga çenli ähli zatlary içgin oýlanyşykly ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, her bir desgada öňdebaryjy gurluşyk we dizaýner çözgütleri utgaşdyrylmalydyr, olar Hazaryň kenarynyň täsin tebigy keşbine sazlaşykly goşulyp, ekologiýa howpsuzlygynyň ähli talaplaryna laýyk gelmelidir.

Milli Liderimiz taslamalar babatynda birnäçe bellikleri we teklipleri aýdyp, täze toplumlarda türgenler üçin hem, “Awaza” gelýän işjeň dynç alşy çözýänleriň ählisi üçin hem aňrybaş amatlyklaryň döredilmeginiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sport saglygyň we gujur-gaýratyň çeşmesidir we ýurdumyzda sport hereketine goşulyşýanlaryň sanynyň yzygiderli artýandygy guwançly ýagdaýdyr. Bu oňyn meýiller diňe bir türgenleriň gatnaşmagynda ýaryşlary guramak bilen goldanylman, sagdyn durmuş ýörelgesini eýeleýänleriň gatnaşmagynda köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi bilen hem  ösdürilmelidir.

Ýurdumyzda degişli häzirki zaman düzümleriniň kemala getirilmegi, ähli ýerlerde sport desgalarynyň gurluşygynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, geçirilmegi däbe öwrülen Umumymilli spartakiada bu ulgamda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Umumymilli spartakiada ýylyň-ýylyna dürli ýaşdaky we hünärli  türkmenistanlylaryň  müňlerçesi gatnaşýar, sportuň dürli görnüşleri giňden ösdürilýär, ýurdumyzyň türgenleri iri möçberli halkara ýaryşlarynda yzygiderli çykyş edip, üstünlik gazanýarlar.

Döwletimiz milli sport hereketini ösdürmegi höweslendirmek we goldamak meselelerine aýratyn üns bermek bilen, halklaryň ýakynlaşmagynyň, parahatçylykly, dostlukly we dünýäde oňyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň möhüm şerti bolan halkara sport hereketiniň ösdürilmegine öz goşandyny goşmaga çalyşýar. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem şu maksatlara hyzmat eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Aziada-2017-niň Türkmenistanyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de belende göterilmegine hyzmat eder diýip nygtamak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň maksadaokgunly we netijeli häsiýete eýe bolmagynyň üpjün edilmegini hem-de sport ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly “Awaza” sport toplumynyň zallarynyň birinde türgenleşik geçip, dürli maşklary, şol sanda sport enjamlarynynda dürli maşklary ýerine ýetirdi. Türgenleşigiň barşynda milli Liderimiz ýene-de özüniň beden taýdan ajaýyp taýýarlygyny äşgär etdi, bu döwlet Baştutanymyzyň aýratyn çynlakaý çemeleşmek bilen, sportuň dürli ugurlary boýunça yzygiderli meşgullanýandygynyň miwesidir.

Milli Liderimiz bilen birlikde wise-premýerler hem türgenleşik geçdiler.

Sport toplumlarynyň, türgenleşik zallarynyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagynyň, olarda ähli şertleriň döredilmeginiň  Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydygyny bellemek gerekdir. Ilatyň saglygyny pugtalandyrmak, türkmen türgenleriniň häzirki zaman derejesinde türgenleşik geçmeklerini üpjün etmek babatynda, ýokary çport netijelerini gazanmakda alnyp barylýan bu işler ägirt uly ähmiýete eýedir.

Sport enjamlarynyň ählisi ýönekeý maşklardan çylşyrymly maşklara geçmäge we tutuş bedene düşýän agramy oýlanyşykly artdyrmaga niýetlenendir. Olara bu babatda aýratyn ýokary talap bildirilýär. Fitnes-zalda ýörite displeýler gurnalan türgenleşik enjamlary oturduldy. Olar arkaly her bir adam türgenleşigiň geçişini synlap, goýberen ýetmezçiliklerini düzetmäge hem-de maşklary dürs ýerine ýetirmegi öwrenmäge mümkinçilik alýar.

Milli Liderimiz fitnes bilen meşgullanmagyň her bir adam üçin örän uly ähmiýete eýedigini, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmekde, beden agzalaryny berkitmekde, özüňi duýuşyňy gowulandyrmakda onuň möhüm ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz fitnes zalda döredilen ajaýyp şertleriň sport bilen meşgullanmaga isleg bildirýänleriň ählisi üçin netijeli türgenleşik geçmäge mümkinçilik açýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz türgenleşigini tamamlap, fito-bara tarap ugrady, bu ýerde milli Liderimiz öz egindeşleri bilen bilelikde dürli ösümliklerden taýýarlanan melhemli çaýlary içdi. Mälim bolşy ýaly, bütin dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýan fitoterapiýa usullary Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde giňişleýin beýan edilendir.

Milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisine saglyk we uly  üstünlikleri arzuw edip, sport toplumyndan ugrady.

Türkmen döwlet habarlary agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 22.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy