Geçmişimiziň ýaňy - geljegimiziň daňy.

Geçmişimiziň ýaňy - geljegimiziň daňy. 02.02.2016

Geçmişimiziň ýaňy - geljegimiziň daňy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda Bitarap Türkmenistanda milli mirasymyzy gorap saklamak babatynda diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, halkara  derejede alnyp barylýan işleriň hem iňňän uly ähmiýeti bardyr. Türkmen halkynyň  meşhur  “Görogly”  şadessanynyň ÝUNESKO-nyň adamzat maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi ýurt Baştutanymyzyň müňýyllyklardan geçip biziň günlerimize gelip ýeten nepis gymmatlyklarymyzy, dürdäne edebi eserlerimizi gorap saklamak, öwrenmek we halkara derejede wagyz etmek bilen baglanyşykly tagallalarynyň netijesidir.

Häzirki döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işler giň gerim bilen dowam etdirilýär. Mähriban ýurdumyzda şanly geçmişimize, taryhy medeni mirasymyza döwlet derejesinde ägitr uly ähmiýet berilýändigine 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmeginiň özi hem aýdyň şaýatlyk edýär.  Milli mirasymyzyň sarpasynyň has-da belende  galmagyna, ata Watanymyzyň özgermegine,  gülläp  ösmegine uly itergi berjek bu möhüm teklip 2015-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiziň hut özi tarapyndan  öňe  sürüldi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň meýilnamasy türkmen halkynyň täsin medeni mirasyny hemmetaraplaýyn wagyz etmäge,  gorap saklamaga hem-de çuňňur öwrenmäge, medeni köpçülik we aň-bilim işleriniň täze ýollaryny açmaga gönükdirilmelidir” diýip nygtady. Türkmen halkynyň döreden gymmatlyklaryna şeýle uly ähmiýet berilmegi  Türkmenistanda döwlet ideologiýasynyň özenini düzýän, onuň many-mazmunyny emele getirýän bu möhüm işi milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde saklaýandygyny aňladýar.

Halkymyzyň ebedi mirasyny gorap saklamakda, öwrenmekde we milli gymmatlyklarymyzy halkara derejesinde wagyz etmekde tagalla baryny edýän  hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!

Altyn Durdyýewa,

Türkmenistanyň “Daýhanbank”döwlet täjirçilik bankynyň 

Amallara gözegçilik we maliýe monitoring bölüminiň başlygy 


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 25.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy