Türkmenistanyň Prezidenti konstitusion toparyň mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti konstitusion toparyň mejlisini geçirdi 03.02.2016

Türkmenistanyň Prezidenti konstitusion toparyň mejlisini geçirdi

2016-njy ýylyň 2-nji fewraly paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky konstitusion toparyň mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu topar döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda 2014-nji ýylyň maý aýynda konstitusion özgertmeleri durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň Esasy Kanunyny Türkmenistany syýasy we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen döredildi.

Irden hormatly Prezidentimiz Ruhyýet köşgüne geldi. Bu ýerde milli Liderimizi konstitusion toparyň agzalary mähirli garşyladylar.

Mejlisi açyp we onuň gün tertibini yglan edip, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmegiň örän möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şu wezipeden ugur alyp, biz Esasy Kanunymyzy dünýä ölçeglerine we döwrüň talaplaryna laýyk getirmek üçin 2014-nji ýylda konstitusion özgertmeleri geçirip başladyk diýip belledi. Häzire çenli bu ugurda köp işer edildi. Bu işler häzir hem dowam edýär.

Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere raýatlarymyz, hünärmenler, ylmy işgärler, syýasy partiýalar hem-de jemgyýetçilik guramalary, häkimiýet edaralary we ýaşulular işjeň gatnaşýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly ýaşulularymyzdan, edara-kärhanalardan, syýasy we jemgyýetçilik guramalaryndan, raýatlarymyzdan Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek bilen bagly köpsanly teklipler gelip gowuşýar. Bu tekliplere Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparlarynda hemmetaraplaýyn seredilýär.

Geçirilen bu işleri nazara alyp, biz şu gün ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek bilen bagly esasy meseleleri ýene-de bir gezek ara alyp maslahatlaşmagy makul bildik diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow konstitusion toparyň agzalaryna çykyş etmegi teklip etdi.

Ilki bilen Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çykyş etdi. Garaşsyz türkmen döwletiniň Konstitusiýasy Türkmenistanda döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň kanun taýdan goraglylygynyň ygtybarly kepili bolup durýar diýip, häkim öz çykyşynda belledi. Berkarar döwletimiziň ygtybarly hukuk binýady bolan bu resminama türkmen halkynyň asyrlar boýy kalbynda besläp gelen isleg-arzuwlaryny, özbaşdak, agzybir, ynsanperwer, azat, parahatçylyk söýüji, demokratik döwlet baradaky düşünjelerini, onuň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerini özünde jemleýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda ilatyň ähli gatlaklarynyň gatnaşmagynda Konstitusiýany—Esasy Kanuny döwrüň talabyna laýyk  kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär. Ýaşuly nesliň wekilleri, dürli pudaklaryň zähmetkeşleri, Geňeşleriň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalary özara pikir alyşýarlar, dürli teklipleri orta atýarlar. Şol tekliplere etraplarda, şäherlerde döredilen ýörite toparlar tarapynlan seredilýär. Şonuň esasynda Konstitusiýany kämilleşdirmek hakynda degişli teklipler taýýarlanyldy, soňra olar Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky konstitusion topara iberildi.

Hususan-da, şol işleriň çäklerinde ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji häkimiýetiň we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryny artdyrmak, olaryň özara gatnaşyklaryny,  hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän kadalary kämilleşdirmek babatda tekliplere aýratyn üns berilýär.

Ýerli häkimiýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işleriniň netijeliligi ýerlerde ýokary netijeleri gazanmakda uly orun eýeleýär. Çykyş edeniň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,  ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerli häkimiýet edaralarynyň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň,  etrap, şäher häkimlikleriniň, oba Geňeşlikleriniň işleriniň ýokary netijeli we talaba laýyk ýola goýulmagy örän uly ähmiýete eýe bolup, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda, çäkleri ösdürmek, adamlaryň gündelik durmuşy bilen bagly köpsanly derwaýys wezipeleri çözmekde uly orun tutýar.

Şol maksat bilen halkara tejribesi öwrenilýär, ol türkmen jemgyýetiniň gadymdan gözbaş alýan däplerine esaslanan milli tejribäni baýlaşdyryp biler. Şunuň bilen baglylykda, Konstitusiýany kämilleşdirmek boýunça işler geljekde hem dowam eder diýip, welaýatyň häkimi ynandyrdy.

Soňra çykyş eden Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew  ýurdumyzyň kazyýet ulgamynyň işgärleri döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça tekliplerini doly goldaýarlar we bu ugurda öňde goýan wezipelerini çözmäge jogapkärçilik bilen çemeleşýärler diýip belledi. Demokratik ýörelgelere esaslanan hem-de bu ugurda iň gowy dünýä tejribesini öz içine alýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de üstünlikli ösmeginiň, türkmen halkynyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmegiň ygtybarly esasy bolup hyzmat eder. 

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory G.Hallyýewe söz berildi. Ol milli Liderimiziň Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek bilen bagly işler babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, institutyň işgärleri tarapyndan Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň düzgünleri, daşary ýurtlaryň Konstitusiýalary we ýurdumyzyň gatnaşýan halkara şertnamalary seljerilip, şonuň esasynda konstitusion hukugy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlendi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, onuň çäk bitewiliginiň, konstitusion gurluşynyň döwlet tarapyndan goralýandygy hakynda maddalar, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda Rezolýusiýalar, içeri we daşary syýasatyň esasy ýörelgeleri, jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy, adamy goramaklygyň, goldamaklygyň we oňa hyzmat etmekligiň bolsa döwlet  häkimiýet edaralarynyň baş wezipesi bolup durýandygy baradaky düzgünler öz beýanyny tapdy. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasyna döwlet tarapyndan ylmyň we tehnikanyň kämil ösmegine köp ugurly ýardam berilýändigi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň goldanýandygy, kiçi we orta telekeçiligi  goldamak, salgyt töleýjiniň hukuk taýdan goraglylygy baradaky täze kadalaryň girizilmegi görkezilen ugurlarda işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzdaky özgertmeleriň baş maksady hukuk döwletini kämilleşdirmek, raýat jemgyýetini işjeňleşdirmek, demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmak bolup durýar. Esasy Kanunyň taslamasyna raýat we syýasy hukuklar babatda halkara kadalaryna laýyk gelýän köp partiýalylyk hakynda düzgünleriň girizilmegi ýurdumyzda demokratik edaralary berkitmäge gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň institutyny döretmek baradaky başlangyçlaryndan, şu ýylyň 11-nji ýanwarynda  Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynyň barşynda şu mesele boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren görkezmelerinden ugur alnyp, degişli dünýä tejribesi hemmetaraplaýyn öwrenilýär.

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli döwlet ýolbaşçylygynda bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýy has-da belende göterilip, “açyk gapylar” syýasatyny ýöredýän parahatçylyk söýüji ygtybarly döwlet hökmünde özüni dünýä tanatdy diýip belledi.

Munuň şeýledigine Berkarar döwletimiziň dünýä bileleşiginiň agzasy bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň adam hukuklary baradaky ençeme Konwensiýalaryna  goşulmagy, kabul edilýän Kanunlarymyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen  kadalaryna laýyk getirilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Bitaraplyk hukuk derejesiniň täzeden ikinji gezek dünýä bileleşiginiň agza döwletleriniň biragyzdan goldamagy bilen gaýtadan ykrar edilmegi, ak şäherimiz Aşgabatda bütin dünýä halklarynyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda Bitaraplygymyzyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli Halkara maslahatynyň hem-de baýramçylyk çäreleriniň geçirilmegi munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar.

Bellenilişi ýaly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi günsaýyn pajarlap ösdürmäge gönükdirilen Prezident maksatnamalarynyň çäginde amala aşyrylýan giň gerimli işler “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgäniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, şeýle hem adam hakdaky aladanyň raýatlarymyzyň konstitusion hukuklarynyň goraglylygynyň mizemezligini kepillendirýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Çykyş eden sözüniň ahyrynda ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň beýleki harby we hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmakda, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda,kanunçylyk binýadyny berkitmek hem-de milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşjakdygy barada hormatly Prezidentimizi ynandyrdy. 

Soňra Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň, demokratiýanyň çuňlaşdyrylmagynyň, hukuk medeniýetiniň pugtalandyrylmagynyň hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň halkymyzyň, her bir raýatyň abadançylygyna gönükdirilendigini nygtady.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly,  Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň konstitusion toparyň öňünde goýan wezipelerini hem-de beren tabşyryklaryny  ýerine ýetirmek ugrunda ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik guramalary degişli işleri alyp barýarlar, hususan-da, konstitusion kadalary kämilleşdirmek meseleleri boýunça ýörite maslahatlary, mejlisleri guraýarlar, ilatyň arasynda, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düşündiriş işlerini geçirýärler.  Şeýle işiň usullarynyň biri kärhanalarda, dürli edaralarda Esasy Kanunyň many-mazmunyna hem-de ähmiýetine bagyşlanan duşuşyklary, “tegelek    stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri guramak bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalaryndan, halk köpçüliginden, hünärmenlerden, bilermenlerden gelip gowuşýan degişli teklipleri toplamak, seljermek, umumylaşdyrmak bilen bagly giň möçberli işler amala aşyryldy. Bu işler Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, häkimlikleriň hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň, bilim ulgamynyň we beýleki pudaklaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň  wekilleri bilen bilelikde alnyp baryldy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy konstitusion özgertmeleri amala aşyrmak, döwlet Baştutanymyzyň döredijilikli içeri we daşary syýasatynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň hem-de syýasy-demokratik özgertmeleriň many-mazmunyny we maksatlaryny düşündirmek boýunça köpçülikleýin çäreleri geçirmekde TDP-nyň, beýleki partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ähli  agzalarynyň häkimiýet edaralary, öz-özüňi dolandyryş ulgamlary, deputatlar bilen işjeň hereket edip, öňde goýlan wezipeleri gyşarnyksyz ýerine ýetirmek ugrunda mundan beýläk hem netijeli işleri alyp barjakdyklaryna ynandyrdy.

Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedow öz nobatynda, Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek hem-de onuň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen pudagara toparynyň işiniň çäklerinde Adalat ministrliginiň wekilleriniň halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryny, hususan-da, daşary ýurtlaryň konstitusion kanunçylygyny we tejribelerini öwrenýändigini belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt döwletleriniň konstitusion gurluşynyň tejribesi göz öňünde tutulyp, kazyýet ulgamy, kazyýet önümçiligi hem-de ýuridik kömegi almaga bolan hukuk bilen bagly kadalar has-da aýdyň görnüşde  beýan edildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça görülýän ähli çäreler milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer   ýörelgesini durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösmegine ýardam eder diýip, ministr nygtady. 

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol öz çykyşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ägirt uly, halk bähbitli işleriň halkymyzyň giň goldawyna eýe bolýandygyny aýtdy. Milli Liderimiziň başlangyjy we ýolbaşçylygy boýunça amala aşyrylýan özgertmelere laýyklykda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şu maksatlar bilen  Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyzyň belli alymlarynyň, degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, tejribeli işgärleriň we hünärmenleriň gatnaşmagynda döredilen topar tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça başlanan işler hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer, parasatly ýörelgesine berk eýermek arkaly, ýurdumyzyň häzirki ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, öňdebaryjy halkara tejribesi hem-de bu ulgamda dünýäniň iň gowy gazananlary nazara alnyp amala aşyrylýar. Esasy Kanunyň taslamasy işlenip taýýarlanylanda döwlet Baştutanymyzyň  Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Maslahatynda  eden taryhy çykyşynda aýdan belliklerine, şeýle hem gelip gowşan tekliplere laýyklykda täze maddalar, üýtgetmeler we goşmaçalar göz öňünde tutulan maddalar hem-de täze redaksiýada beýan edilen maddalar dolulygyna işlenildi hem-de degişli bölümlerde beýan edildi.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän ähli başlangyçlarynda, amala aşyrýan taryhy hem-de giň möçberli özgertmelerinde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine uly üns berilýändigi nygtaldy. Bu meselelerde degişli adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň binýatlaýyn esaslaryny we olaryň borçlaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň II bölümi boýunça hem degişli işler geçirildi. Bu işler gelip gowşan degişli teklipler esasynda, şeýle hem öňdebaryjy halkara tejribesini, halkara guramalarynyň esasy resminamalaryny çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmek bilen ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň häkimiýet edaralarynyň  ulgamynyň konstitusion hukuk esaslaryny, ýagny Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň, Ministrler Kabinetiniň, kazyýet häkimiýetiniň we ýerli häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny, hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän baplardan ybarat bolan III bölüm wajyp häsiýetli meseleleri özünde jemleýän bölüm bolup durýar. Bu bölüm boýunça degişli işler ýerine ýetirilende milli Liderimiziň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we  kazyýet häkimiýetleriniň hukuklaryny, borçlaryny we ygtyýarlyklaryny anyk kesgitlemek, döwlet häkimiýetiniň üç şahasynyň hem özbaşdak, adalatlylyk, açyklyk, aýanlyk ýörelgeleri esasynda, döwrüň talabyna laýyk işlemegini gazanmak boýunça öňde goýan wezipeleri esasynda alnyp baryldy. Şunda bu bölüme hem täze maddalary, hereket ediýän maddalaryna birnäçe üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek teklip edilýär.

Gelip gowuşýan teklipler döwlet Baştutanymyzyň  alyp barýan düýpli, uzakmöhletli, halkyň bähbitlerine gönükdirilen maksatnamalarynyň halkymyzyň arasynda giň goldawa eýe bolandygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr hem-de türkmen halkynyň öz milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşynda mundan beýläk hem berk jebisleşip, ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny görkezýär diýip, Mejlisiň ýolbaşçysy nygtady.

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda hem Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalaryndan, guramalaryndan we raýatlaryndan Konstitusiýamyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada teklipleriň gelmegi dowam edýär. Gelip gowuşýan teklipleriň  ählisi Türkmenistanyň Mejlisinde hereket edýän iş toparynda dolulygyna seljerilip, olar ara alnyp maslahatlaşylandan soň umumylaşdyrylyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça taslama işlenip taýýarlanyldy.  Bu taslama täze üýtgetmeleri we goşmaçalary öz içine alýan täze maddalaryň girizilmegi bilen birlikde täze bölümi emele getirýän täze tekliplerden hem ybarat bolup durýar.

Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp baryýlan işleriň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýurdumyzyň hukuk goraýjy we harby edaralary, degişli ministrlikler we pudak edaralary, ýurdumyzyň raýatlary, syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary, häkimiýet ýerli edaralary bilen ysnyşykly hereket etmek arkaly amala aşyrylýandygyny belledi.

Çykyşynyň  ahyrynda Mejlisiň başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň  deputatlarynyň milli Liderimiziň parasatly syýasatyny dolulygyna goldap, Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işlere işjeň gatnaşyp, konstitusion özgertmeleri geçirmegiň düýp mazmunyny, maksatlaryny hem-de wezipelerini  ilata düşündirmekde öň hatarda boljakdyklaryna ynandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti konstitusion toparyň agzalarynyň çykyşlaryny diňläp, olara maksatnamalaýyn çykyş bilen ýüzlendi we ýurdumyzyň Esasy Kanunyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan maksatlary hem-de wezipeleri barada durup geçdi.

Mälim  bolşy ýaly, Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyzyň belledi. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýalary bilen iki gezek ykrar edildi.

Türkmenistan bu Rezolýusiýany Esasy Kanunynda beýan eden dünýäde ýeke-täk döwletdir. Şonuň üçin hem, biz bu taryhy Rezolýusiýalara aýratyn ähmiýet bermegi maksat edinýäris. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny Esasy Kanunymyzda has anyk beýan etmegi göz öňünde tutýarys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenistanyň Konstitusiýasynda Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy kesgitlenen kadalary täze maddada beýan etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şu wezipelerden ugur alyp, Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasynda Türkmenistan kanun esasynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir diýip bellesek, dogry bolar diýip pikir edýärin diýip, milli Liderimiz belledi.

Şeýlelikde, biz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygyny aýratyn nygtamagy göz öňünde tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň berkarar döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, şunuň bilen baglylykda, Konstitusiýada döwletimiziň ykdysady işi adamyň we jemgyýetiň bähbitlerinden ugur alyp düzgünleşdirýändigi, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna durnukly ösüşi üpjün edýändigi beýan edilse, dogry boljakdygyny nygtady.

Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň esaslaryny we borçlaryny kesgitleýän kadalar Konstitusiýada giňden beýan edilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, gelip gowşan teklipler esasynda adam hukuklary bilen bagly maddalary kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Bu tekliplere dünýä tejribesini, halkara guramalarynyň esasy resminamalaryny hemmetaraplaýyn öwrenmek esasynda seretmeli. Şeýlelikde, ýurdumyzyň Konstitusiýasynda adamyň we raýatyň hukuklaryny has-da berkitmek bilen bagly teklipleri ýene-de bir gezek seljermeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň adam hukuklary we azatlyklary boýunça esasy halkara şertnamalaryna gatnaşýandygyny, şol şertnamalaryň kadalaryny öz milli kanunçylygyna işjeň ornaşdyrýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu möhüm meselä Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda aýratyn ähmiýet berilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Taslamada adam hukuklary we azatlyklary babatda döwrebap kadalar öz beýanyny tapmalydyr. Her bir adamyň öz at-abraýyny we mertebesini goramaga hukugynyň bardygy, hiç bir ýagdaýyň şahsyýetiň mertebesini peseltmek üçin esas bolup durmaýandygy anyk beýan edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Berkarar Watanymyzda hemmetaraplaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa, raýatlarymyzyň syýasy hukuklaryny doly kepillendirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Kämilleşdirilen Konstitusiýamyza ýurdumyzda syýasy köp dürli garaýyşlaryň we köp partiýaly jemgyýetiň ykrar edilýändigi baradaky kadalary girizmek boýunça hem teklipler gelip gowuşdy. Şol teklipler ýaşulular we hünärmenler tarapyndan goldandy. Bu düzgünleriň kämilleşdirilen Konstitusiýamyzda berkidilmegi ýurdumyzda demokratiýanyň yzygiderli ösýändigini aýdyň görkezýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanda hususy telekeçiligi ösdürmäge uly üns berilýär. Telekeçileriň netijeli işlemeklerine giň ýol açylýar. Şoňa görä-de, Esasy Kanunymyzda her bir adamyň telekeçilik bilen meşgullanmagy, kanun bilen gadagan edilmedik beýleki ykdysady işi alyp barmagy üçin öz ukybyny we emlägini erkin peýdalanmaga bolan hukugy kepillendirilse, dogry bolar diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow konstitusion toparyň agzalaryna ýüzlenip, döwlet häkimiýetiniň ähli şahalarynyň ornuny we ygtyýarlyklaryny anyk kesgitlemegiň, olaryň halkymyza hyzmat etmekleri üçin amatly hukuk şertlerini döretmegiň hem möhüm meseleleriň biridigini belledi. Şonuň üçin hem, Türkmenistanyň häkimiýet edaralary ulgamynyň konstitusion hukuk esaslaryny kesgitleýän bölüme üýtgetmeleri girizmek baradaky mesele doly öwrenildi. Bu ugurda döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmagyň milli we halkara tejribesi, şeýle hem gelip gowuşýan köp sanly teklipler göz öňünde tutuldy. Şol teklipler Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty, geňeş agzalary, halk maslahatynyň agzalary tarapyndan giňden goldaw tapdy.

Şunuň bilen baglylykda, esasy Kanunymyza Döwlet Baştutanynyň öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda Prezident saýlanýança onuň ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna geçirmegi göz öňünde tutýan kadalary girizmek teklip edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu teklibi ýaşulular hem, hünärmenler hem goldady. Şoňa görä-de, halk köpçüligi ara alyp maslahatlaşandan soň, bu mesele boýunça gutarnykly karara gelinse, dogry bolar diýip pikir edýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlerde ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralaryň, ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynyň hukuk ýagdaýyna täzeden seretmegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz bu edaralaryň ygtyýarlyklaryny, maliýe üpjünçilik we eýeçilik hukuk esaslaryny anyk kesgitlemegiň zerurdygyny öň hem belläp geçendigini aýtdy. Şeýle zerurlykdan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki hereket edýän Esasy Kanunymyzyň 49-njy maddasynyň kadalary üýtgedilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem-de kanunlarynda bellenen tertipde ýerli döwlet dolandyryşyny amala aşyrýandygy beýan edilse dogry bolar. Şeýle edilmegi döwleti dolandyryş ulgamynyň has netijeli işlemeginiň hukuk esaslaryny berkider diýip, milli Liderimz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kämilleşdirilen Konstitusiýamyzda halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryny has giňden we anyk beýan etmek baradaky teklibe hem  mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halk maslahatlarynyň ýerli býujeti we bu býujetiň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty tassyklaýandyklary, kanunçylygy hem-de jemgyýetçilik tertibini gorap saklamaga, raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmäge ýardam berýändikleri hakyndaky kadalar Esasy Kanunymyza girizilse, maksadalaýyk bolardy.

Şonuň ýaly-da, degişli çägi ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada ýerine ýetiriji edaralaryň, ýagny häkimlikleriň ýolbaşçylarynyň habarlaryny diňleýändigi baradaky, şeýle hem halk maslahatlarynyň kabul eden kararlaryny degişli çäkde ýerine ýetirmegiň hökmanydygy baradaky konstitusion kadalary ýurdumyzyň Esasy Kanunyna goşmak teklip edilýär. Konstitusiýamyza şeýle kadalaryň girizilmegi bilen, ýerli wekilçilikli edaralar bolan halk maslahatlarynyň hukuk ýagdaýy has ýokary derejä çykarylar.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýerli häkimiýetiň ygtyýarlyklarynyň ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralara degişli edilmegi Konstitusiýamyzyň kämilleşdirilen nusgasynda beýan edilse, maksadalaýyk bolar diýip aýtdy. Esasy Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini has anyk kesgitlemek teklip edilýär. Bu bolsa, meniň pikirimçe, şol edaralaryň jemgyýetde tutýan ornunyň ýokarlanmagyna getirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Dolandyryş ygtyýarlyklarynyň çäklerinde özbaşdak bolan ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýagny Geňeşleriň işi hem ýokary derejede guralmagyny talap edýär. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, şeýle edilmeginiň, ilkinji nobatda, degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýaşaýan raýatlarymyzyň işjeňligini ýokarlandyrjakdygyny, olaryň öz obalarynyň we şäherçeleriniň durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryna giň mümkinçilikleri döretjekdigini nygtady. 

Şoňa görä-de, Konstitusiýanyň kämilleşdirilen nusgasyna ýerli öz-özüňi dolandyryşy ykrar edýän we kepillendirýän, täze maddanyň goşulmagynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Bu madda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde özbaşdakdygyny we döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyna girmeýändigini görkezýän kadalar girizilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, özüne degişli emlägi dolandyrmak, jemgyýetçilik tertibini gorap saklamak boýunça ygtyýarlyklaryň Geňeşlere berilmegini hem göz öňünde tutmaly. Olara zerur bolan maddy we maliýe serişdeleri bilen birlikde, kanun arkaly aýry-aýry ygtyýarlyklar hem berilse, dogry bolar diýip pikir edýärin. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň ähli halkymyz tarapyndan ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenýän taslamasyna bu teklipleriň girizilmegi Geňeşleriň hukuk ýagdaýyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Umuman, Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda anyk kadalary özünde jemleýän maddalaryň 143-si bolup, şolaryň 28-si täze maddalardyr. Olaryň 80-si bolsa, täze kadalar goşulan ýa-da üýtgedilen maddalar bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe sürülýän käbir beýleki teklipler barada men konstitusion toparyň öňki mejlislerinde we Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda eden çykyşlarymda belläp geçipdim. Şu gün bolsa, has möhüm ähmiýete eýe bolan, köp gezek ara alnyp maslahatlaşylan meseleler barada ýene-de bir gezek durup geçdim diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz  ýokarda aýdylanlary jemläp, konstitusion toparyň garamagyna Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasy hödürlenýändigini belledi. Bu taslamada Toparyň öňki mejlislerinde agzap geçen tekliplerimiz hem göz öňünde tutuldy. Eger-de, siz makullasaňyz, onda bu taslamany ähli halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlemeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Taslama çap edilenden soň gelip gowuşjak teklipleri ýene-de bir gezek doly öwrenmeli we Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny işläp taýýarlamaly. Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşiniň gutarnykly işlenip taýýarlanan taslamasyny bolsa, Ýaşulularyň şu ýyl Aşgabatda geçiriljek maslahatynda Mejlisiň deputatlarynyň kabul etmegi üçin hödürlemeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Häzirki döwürde esasy wezipe Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işleri netijeli alyp barmakdan ybaratdyr. Her bir raýatyň işjeň gatnaşmagynda Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşyp, ony kabul etmäge düýpli taýýarlyk görmeli diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegi Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisi bu mesele boýunça deputatlaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda ýerlerde halk köpçüligi bilen duşuşyklary geçirse, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlary gurasa, maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Umuman, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleri halkymyza doly ýetirmeli. Geljekde hem bu ugurda alnyp barylýan işleri giň gerim bilen dowam etmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şunda döwlet Baştutanymyz ähli halkymyzyň, şol sanda konstitusion toparyň agzalarynyň Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasyny kämilleşdirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna, Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi. 

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny  kämilleşdirmek boýunça konstitusion toparyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taslamasyny makullamak we ähli halkyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlemek hakyndaky” Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen döwlet habarlar agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 19.08.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy