Beýik Ýüpek Ýoly: Taryhy ýörelge we goşulyşmagyň häzirkizaman syýasaty

Beýik Ýüpek Ýoly: Taryhy ýörelge we goşulyşmagyň häzirkizaman syýasaty 11.02.2016

Beýik Ýüpek Ýoly: Taryhy ýörelge we goşulyşmagyň häzirkizaman syýasaty

2016-njy ýylyň 10-njy fewraly ir bilen Sarahs demir ýol menzilinde Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan –Eýran ugry boýunça herekete girizilen synag otlusyny garşylamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kuwwatly ulag-üstaşyr düzümi döretmek arkaly özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalaryň başyny başlady.

Ynha, 9-njy fewralda dostlukly ýurtlaryň dördüsiniň ulag-logistik mümkinçiliklerini synagdan geçirýän ýük otlusy Türkmenistanyň Serhetýaka menziline geldi, soňra bu ýerden Bereket şäherine ugrady.

Synag gatnawy bu taslama gatnaşýan ýurtlaryň her birinde demir ýol arkaly ýük daşamagy ýola goýmak hem-de logistikany kadalaşdyrmak üçin birnäçe iş düzgünlerini girizmäge gönükdirilendir. 

Şu ýylyň ýanwar aýynyň aýagynda Hytaý Halk Respublikasynyň iri senagat merkezleriniň biri bolan Çžeszýan welaýatyndaky Iu şäherinden badalga alan demir ýol düzümi HHR-iň demirgazyk-günbataryndaky Sinzýan Uýgur awtonom raýonynyň geçiriş bölüminden geçip, bäş günüň dowamynda 4 müň 491 kilometr ýoly, soňra bolsa dört günüň dowamynda Gazagystanyň çäginden geçip, Türkmenistanyň serhedine çenli 3 müň 417 kilometr ýoly aşdy.

Bu transmilli ýoluň türkmen bölegi Serhetýaka menzilenden Sarahsa çenli aralygy öz içine alýar. Ol 1müň 156 kilometre barabar bolup, otly bu aralygy deslapky hasaplamalara görä, iki günde geçýär. Ýene-de üç günden bu otly ahyrky nokadyna -- Eýranyň paýtagty Tähran şäherine baryp ýeter.

Şeýlelikde, Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugrunyň umumy uzynlygy 10 müň kilometre barabar bolup, otly ony iki hepdä golaý wagtyň içinde geçýär, munuň özi 25-30 gije-gündiz gerek bolan deňiz ýolundan iki esse gysga bolup durýar.

Bu ugur boýunça ugradylan ilkinji konteýner otlusy eýýäm 10-njy fewralda, günüň ikinji ýarymynda Sarahs demir ýol geçelgesi arkaly türkmen-eýran serhedinden geçdi. Şeýlelikde, köp dürli sarp ediş harytlar ýüklenen otly ýoluň türkmen bölegini göz öňünde tutulan iki gije-gündiziň ýerine 28 sagatda geçmegi başardy. Ýoluň geçilmeli wagtynyň gysgalmagy ulag tutumlarynyň hem ep-esli  azalmagyny aňladýar, ýagny ýoluň ykdysady peýdalylygy ýokarlanýar.

Daşary ýurt metbugatynyň belleýşi ýaly, çäkleşýän ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň çäginden geçýän ýük demir ýoly Gündogar Hytaýyň kenar ýakasyndan Pars aýlagynyň bazarlaryna çenli ýükleri tiz wagtda eltmegiň ilkinji logistik çözgüdi bolup durýar.

Türkmenistan boýunça önüm iberýänleriň we daşaýanlaryň isleglerinden ugur alnyp, Serhetýakadan Sarahsa, Eýran bilen Günorta-Gündogar serhede, ýa-da Ak ýaýla çenli we şol ýerden Eýranyň demirgazygyna tarap iki ugur göz öňünde tutuldy. 

Bu iri logistik taslama gatnaşmak Türkmenistan üçin häzirki döwürde durmuş-ykdysady we tehnologik ösüşiň möhüm bölegi hasaplanýan ösen ulag ulgamy bolan döwlet hökmünde üstaşyr mümkinçiliklerini işjeňleşdirmekde, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna goşulyşmagynda möhüm ähmiýeti bardyr.

Çünki bu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag syýasatyny üstünlikli durmuşa gçirmegi netijesinde, gadymy Ýüpek ýoly transmilli awtomobil, demir we howa ýollary görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary bilen gabat gelýän bu ýollar yklymda daşary ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini, üstaşyr ýük daşalýan ýollaryň artmagyny, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň giňelmegini üpjün eder.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegi bolan ulag ulgamynyň ähmiýeti jemgyýetçilik zähmetini we öndüriji güýçleri netijeli ýerleşdirmek babatda çäk bölünişiginiň wajyp bölegi hökmünde kesgitlenýär.

Gazagystan-Türkmenistan –Eýran halkara demir ýolunyň demirgazyk böleginiň açylmagyna bagyşlanan dabaralar 2013-nji ýylyň 11-nji maýynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Nursultan Nazarbaýewiň gatnaşmagynda “Bolaşak” (Gazagystan) we “Serhetýaka” (Türkmenistan) demir ýol menzillerinde geçirildi. 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda bolsa Etrekde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda  transmilli demir ýoluň günorta bölegi açyldy. Ol dostlukly döwletleriň üçüsini birleşdirdi. Bu taryhy waka halkara  ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrülmäge hem-de Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ykdysady taýdan bähbitli demir ýol ugrunyň üpjün edilmegine gönükdirilen polat ýoluň gurluşygynyň tamamlanandygyny alamatlandyrdy.

Ykdysady nukdaýnazardan bu ýol ýükleri daşamagyň örän gysga ugruny, şol sanda üstaşyr ugruna, geljekde bolsa ýolagçy gatnawlaryny üpjün eder. Şeýle hem täze ýol Hazarýaka sebitiniň sazlaşykly ösüşine, onuň ulag, önümçilik we durmuş düzüminiň giňeldilmegine kuwwatly itergi berer.

Taslama günorta we gündogar ugurlarda Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere çykalgany üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň özi ählumumy geoykdysady täzeçil pikirleri, onuň ösüşiniň strategik geljeginiň nazara alynmagyny ugur edinýän hyzmatdaşlygyň täze hem-de giň möçberli görnüşiniň döredilmegini üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly,    Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly-- munuň özi diňe ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrylan taslama bolman, eýsem, sebitiň umumy ýagdaýyna hem-de onuň çäginden daşyndaky şertlere oňyn täsir etmäge ukyply geosyýasy mümkinçilikdir. Ol Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň baş şerti bolmak bilen, syýasy gatnaşyklaryň tutuş yklymlaýyn ulgamyna goşmaça durnuklylygy üpjün eder. Bu taslamanyň halkara we sebitara guramalaryň, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwetleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň derejesindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda örän uly geljegi bardyr.

Bu iri möçberli taslamanyň maksady Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň uzakmöhletleýin strategiýasyna laýyk gelýär. Ol Ýewraziýanyň günorta guşaklygynda durnuklylygyň pugta binýadyny emele getirmäge, uly geljegi bolan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, yklym ähmiýetli iri ulag-üstaşyr geçelgesini döretmäge gönükdirilendir.

Häzirki döwürde sebit we sebitara hyzmatdaşlygynyň ösen düzüminiň esasyny düzýän halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly wezipe has-da möhümdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi Türkmenistanyň daşary we içeri ykdysady bähbitlerine kybap gelýär.

Türkmenistan, Gazagystan, Eýran we bu ýurtlaryň goňşy döwletleri ýerleşişi hem-de milli ykdysady bähbitleri bilen bir sebitiň çäginden çykýan hem-de yklymyň ýurtlarynyň ösüşiniň möhüm ugurlaryny öz içine alýan Ýewraziýa goşulyşmaga uly gyzyklanma bildirýärler.

Aýry-aýry pudaklarda anyk goşulyşmak bilen baglanyşykly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi oňyn ýagdaýlaryň ygtybarly binýadyny kemala getirýär. Munuň özi bir ugur boýunça amala aşyrylýan hereketiň işjeňleşmegini we uzakmöhletleýin esasda netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, ulag pudagy möhüm merkezleşdirilen ugurlaryň biri hökmünde öňe çykýar. Munuň özi jemgyýetçilik önümçiliginiň öňdebaryjy görnüşi, iri durmuş-ykdysady ýagdaýlaryň biridir. Olaryň derejesi senagatyň, oba hojalygynyň, syýahatçylygyň we iň esasy ilatyň abadançylygynyň we oňaýly şertiniň üpjün edilmegine bagly bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly,  oňyn serişdeleri, anyk tehniki we hukuk syýasaty, özara gatnaşyklaryň ylalaşylan usullary bolan bir bitewi ulag ulgamynyň ýaýbaňlandyrylmagy geosyýasy ýagdaýlara amatly täsir edýär we ýurtlaryň ösüşiniň milli strategiýalary bilen ykdysady ugurlaryň gatnaşyklaryny kesgitleýär.

Türkmenistan ählumumy oňyn ýagdaýlara işjeň gatnaşmak bilen, deňeçer we durnukly ösüş esasynda halkara gatnaşyklarynyň täze binýadynyň kemala getirilmegine mynasyp goşant goşmaga çalyşýar. Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň,  Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerinde we beýleki ýokary derejedäki maslahatlarda öňe sürýän halkara başlangyçlary häzirki zaman ýagdaýlaryny we döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine we giňeldilmegine gönükdirilendir. Hususan-da, gürrüň BMG-niň Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasyndaky ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň öwrenilmegini nazarlaýan ulag ulgamynyň ösüşi boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada barýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň halkara hyzmatdaşlygynda we durnukly ösüşde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny hakyndaky iki gezek kabul edilen kararnamasynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň Prezidenti: “Iri halkara we sebitara deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa ulaglary howa ugurlaryna çykalgasy bolan ulag gatnaşyklarynyň köpugurly ulgamynyň döredilmegi, olaryň oňyn sazlaşygy we her biriniň artykmaçlyklarynyň netijeli  peýdalanylmagy ýaly meseleleriň uly geljegi bardyr” diýip nygtaýar.

Halkara ulag geçelgeleri ählumymy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm gurallarynyň birine öwrüldi. Türkmenistan öz çäginde yklymyň iň wajyp ulag merkezleriniň birini döredýär. Şunda ýurdumyz durnukly ykdysady we durmuş ösüşine, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan tutuş sebitiň hem-de yklymyň bähbitlerine laýyk gelýän geoykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ýörelgelere esaslanýar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 27.06.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy