Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi. 11.02.2016

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi.

2016-njy ýylyň 10-njy fewraly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda öz diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Fazil Saýfini kabul etdi.

Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistany hemişe aýratyn mähir bilen ýatlajakdygyny nygtady. Bu ýerde oňa ençeme ýylyň dowamynda işlemek hem-de milli Lider   Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň üstünlikli amala aşyrylýan, ägirt uly özgertmeleriniň şaýady bolmak bagty nesip etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili öz Watanynda Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly sazlamaga hem-de Merkezi Aziýa sebitinde yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halky bilen asyrlaryň dowamynda ýola goýlan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatanaşyklaryna uly sarpa goýulýandygyny aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  köptaraply türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, Türkmenistanyň Owganystanyň içindäki gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar arkaly çözmegiň hem-de goňşy ýurtda raýat ylalaşygynyň ýola goýulmagynyň hemişe tarapdary bolup çykyş edip, doganlyk halka bagtyýar geljegi gurmakda hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berjekdigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasyny iberip, dostlukly ýurduň çäklerinde durmuş ähmiýetli desgalary gurup, Owganystana ynsanperwer ýükleri yzygiderli ugratmak bilen, döwletimiz duldegşir goňşusyna kömek berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça türkmen tarapynyň serişdelerine Owganystanda mekdep we saglyk öýi guruldy, geçen ýylyň awgustynda bolsa Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde çaga dogrulýan öýüň gurluşygyna başlandy. Türkmenistan şeýle hem owgan raýatlaryna bilim ulgamynda kömek berýär. Gazanylan döwletara ylalaşyklarynyň esasynda ýurdumyzyň dürli okuw mekdeplerinde Owganystan Yslam Respublikasynyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar.

Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça sebitleýin ähmiýete eýe bolan ýangyç-energetika we ulag pudaklarynda durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar hem goňşy döwletde parahatçylykly durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmak ýolunda möhüm ädim boldy. Gürrüň, ilkinji nobatda, Aziýa giňişliginde örän iri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan   gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň çekilmegi barada barýar. Bu taslamalar hakyky hoşniýetli goňşuçylykly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nyşanydyr.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we ilçi birnäçe esasy ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyp, iki ýurduň däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Milli Liderimiz soňky ýyllarda ýüze çykan häzirki zaman döwletara gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini kanagatlanma bilen belläp, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde, doganlyk türkmen we owgan halklarynyň öňden gelýän dostluk gatnaşyklarynyň binýadynda ýola goýulýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin ilçä minnetdarlyk bildirdi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň ilçisi hoşlaşmak bilen, işlän ýyllarynyň içinde Türkmenistanda diplomatik wekilhananyň baştutany hökmünde onuň işleriniň üstünlikli bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam edip, beren goldawy we kömegi üçin  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de tutuş türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. 

Türkmen döwlet habarlar agentligi



← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 22.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy