Täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabaralary

11.02.2016

Täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabaralary

2016-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkymyza sowgat beren “Paýhas çeşmesi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu çäre Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly  mynasybetli guraldy.

Dabara gatnaşyjylar türkmen nakyllaryndan ybarat bolan “Paýhas çeşmesi” kitabynyň  Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda halkymyza ajaýyp sowgat bolandygyny bellediler. Neşiriň halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny wagyz etmekde we ony ylmy taýdan öwrenmekde ägirt uly ähmiýeti bardyr.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen, milli öwüşginli suratlar bilen bezelen täze kitap birnäçe bölümden ybarat bolup, onda nakyllar toparlara bölünip ýerleşdirilipdir. Kitapda halkymyzyň ruhy dünýäsi, ahlak gymmatlyklary, dünýägaraýşy we pelsepesi öz beýanyny tapýar.

Dabarada çykyş edenler häzirki döwürde ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, şöhratly pederlerimiziň asylly dessurlaryna, gadymy ýörelgelerine söýgi döretmekde döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, munuň üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Şol gün, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uly mejlisler zalynda “Türkmen diliniň düşündirilişi sözlüginiň” we “Türkmen diliniň orfografik sözlüginiň” tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda neşir  edilen bu kitaplar çapa taýýarlananda leksikografiýa neşirlerini çap etmegiň milli hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, taryhy we ylmy esaslara daýanmak arkaly ebedi gollanmalary taýýarlamak işine döwrebap çemeleşmeler ulanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylymda we bilimde, terjime işiniň ösdürilmeginde, jemgyýetimiziň medeniýetiniň ýokarlanmagynda sözlüklere möhüm orun degişlidir. Olaryň milletimiziň medeni mirasyna baha bermekde örän uly ähmiýeti bardyr. Çünki her bir söz, onuň many-mazmuny türkmen halkynyň köp asyrlyk durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Müňýyllyklaryň dowamynda dilimiz örän baýlaşdy.

Şunuň bilen baglylykda, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda täze sözlükleriň neşir edilmegi bu ugurda öňde durýan hem-de döwrüň talabyna laýyk gelýän möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Dilçi alymlardan ybarat döredilen iş topary tarapyndan taýýarlanan we 50 müň töweregi sözi, adalgalary hem-de söz düzümlerini öz içine alýan “Türkmen diliniň düşündirişli  sözlüginiň”  diňe bir bu ugur boýunça iş alyp barýanlar üçin däl, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem örän ähmiýetli gollanma boljakdygy ikuçsuzdyr.

“Türkmen diliniň orfografik sözlügi” özünde 110 müň töweregi dürli sözleri jemläp, gepleşikde gramatik söz görnüşleriniň, orfografiýa kadalarynyň we beýlekileriň ulanylyşy baradaky maglumatlardan ybaratdyr.

Tanyşdyrylyş dsabarasynyň ahyrynda öňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, türkmen dilini okatmak, öwrenmek, ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere üns berýändigi üçin döwlet Başytutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de hormatly Prezidentimizi öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmen döwlet habarlary agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 05.10.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy