Milli mirasymyz- Milli mertebämiz!

Milli mirasymyz- Milli mertebämiz! 11.02.2016

Milli mirasymyz- Milli mertebämiz!

Ýurdumyz Arkadag Prezidentimiziň saýasynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde görülip eşidilmedik belent sepgitlere ýetdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmek, ony gorap saklamak barada döredip beren giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzyň ruhy hem-de durmuşy ähmiýetini, umumadamzat gymmatlyklaryny öwrenmek,  gorap saklamak hem-de geljekki nesillerimize ýetirmek her birimiziň borjumyzdyr.

2016-njy ýylyň „Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly“ diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda milli mirasa goýulýan gadyr-gymmatyň çäksizligine şaýatlyk edýär. Dilden-dile geçip, däp – dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, halk çeperçilik sungatyna siňip, biziň günlerimize gelip ýeten maddy däl medeni mirasymyzy gorap saklamak ugrunda milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän işler buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Bu babatda, hormatly Prezidentimiziň „Türkmen medeniýeti“ hem-de „Ile döwlet geler bolsa...“ atly kitaplarynyň ähmiýeti örän uludyr. hormatly Prezidentimiziň „Ile döwlet geler bolsa...“ atly kitaby halkymyzyň saz sungatyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, halypaçylyk däpleri beýan edýär. „Türkmen medeniýeti“  atly kitapda bolsa türkmen jemgyýetiniň ösüşinde köpasyrlyk medeni mirasynyň orny hem-de medeniýet ulgamynda häzirki zaman döwlet syýasatynyň wezipeleri öz beýanyny tapýar. Bu eserde milli medeniýetimiziň taryhy yzarlanýar. Jeýtun, Altyn-depe, Goňur, Nusaý, Merw, Köneürgenç... medeniýetleri barada maglumatlar getirilýär.

2015-nji ýylda „Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda“ Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bu kanun halkymyzyň milli maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň  Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Hökümetara komitetiniň sanawyna „Görogly“  dessançylyk sungatyny girizmek hakynda kabul edilen çözgüdi bu ugurda Türkmenistanyň gazanan ýene-de bir üstünligi boldy.

Halkymyz hemişe dünýä medeniýetiniň gazananlarynyň iň oňat tejribesini kabul edip, şonuň bilen öz medeni-ruhy we ahlak  gymmatlyklaryny baýlaşdyryp gelýär.

Eziz Diýarymyzyň milli medeniýetini ösdürmekde, mähriban halkymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşinde möhüm orun eýeleýän baý mirasyny öwrenmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Bibigözel Bekmyradowa,

Türkmenistanyň „Daýhanbank“ döwlet täjirçilik bankynyň

Mary welaýat şahamçasynyň Işgärler bölüminiň başlygy



← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 17.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy