Mirasymyz milli guwanjymyzdyr

Mirasymyz milli guwanjymyzdyr 11.02.2016

Mirasymyz milli guwanjymyzdyr

Berkarar  döwletimizň  bagtyýarlyk döwründe  hormatly Prezidentimiziň  tagallalary netijesinde  taryhy-medeni  ýadygärliklerimizi goramaga, aýawly saklamaga,  öwrenmäge we  baýlaşdyrmaga  gönükdirilen  işler has giň  gerime eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiziň  teklibi  boýunça,  2016-njy ýylyň  “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly”   diýilip yglan edilmeginiň  bolsa  möhüm  işiň  rowaçlanmagyna  tarap täze ýol  açjakdygyny görkezýär.

Türkmen halkymyzyň  baý taryhy milli  medeni mirasy, oz döwrüniň  ösüşinde  görnükli yz galdyran, dünýä belli şahsyýetleri bar. Türkmenistanyň  taryhy-medeni goraghanalarynyň, ýadygärlikleriniň  hatarynda  Merwiň,  Köneürgenjiň, Nusaý galasynyň  ÝUNESKO-nyň  Bütindünýä mirasynyň sanawyna  girizilmegi  baý medeni mirasymyza dünýäde uly sarpa goýulandygynyň  subutnamasy  boldy.

Eziz diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary  netijesinde  döwrebap  taryhy  we  ülkäni  öwreniş   muzeýleri  açyldy.

Häzirki  döwründe bolsa,  hormatly  Prezidentimiziň  tagallalary netijesinde  taryhy-medeni ýadygärliklerimizi  goramaga, aýawly saklamaga, öwrenmäge  we baýlaşdyrmaga  gönükdirilen  işler  has  giň  gerime eýe  boldy.

Hormatly  Prezientimiziň  baştutanlygynda  Berkarar döwletimiziň  bagtyýarlyk  döwründe  halkymyzyň  döreden  milli  gymmatlyklaryna  uly üns  berip, ösüp  gelýän ýaş  nesillerimizi  milli ruhda  terbiýelemekde,  olaryň  kämil ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmekleri  üçin uly işler  alnyp barylýar.

Milli medeni  mirasymyza  çäksiz  sarpa goýýan, halkymyzy bagtly günleriň  goýnunda ýaşadýan, mirasa sarpa goýmagyň, Watany söýmegiň  belent nusgasyny  görkezýän  hormatly  Prezidentimiziň  jany sag, ömri uzak, ähli tutumly işleri rowaç alsyn!

Güljahan Öwezowa,

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň 

Lebap welaýat şahamçasynyň Hukuk işleri boýunça baş hünärmeni


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 13.08.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy