MILLI TARYHYM-MEDENI MIRASYM

MILLI TARYHYM-MEDENI MIRASYM 11.02.2016

MILLI TARYHYM-MEDENI MIRASYM

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýyl Türkmenistanda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýyly diýen şygar astynda geçer. Biziň mirasymyz uly hem-de dürli öwüşginli  bolup, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň döwlet muzeýlerinde aýawly saklanýan genji-hazynany, arheologlar tarapyndan açylmagyna garaşýan, medeniýetiň, söwdanyň we senetleriň gülläp ösen, müňýyllyklaryň dowamynda ylham joşgunynyň hem-de bilim baýlygynyň toplanan şäherleri öz içine alýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdymyzda umumadamzat gymmatlygynyň aýrylmaz bölegine öwrülen, geljekki nesiller üçin taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri aýawly saklamaga gönükdirilen uly işler geçirilýär.

Häzir Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerinde geçirilýän işleri üç ugra: arheologik, dikeldiş – öňüni alyş hem-de gorag – barlag ugurlara bölünýär. Olardan arheologiýa Internediň, metbugatyň hem-de telewideniýäniň, ylmy maslahatlaryň we arheologlaryň kitaplary netijesinde belli ugur bolup durýar. Olaryň netijeleri ylmy we döwürleýin metbugatda yzygiderli çap edilýär. Türkmenistanda diňe soňky ýylarda  Merkezi Aziýanyň gadymy maddy medeniýetini öwrenmäge uly goşant goşan hem-de gadymy gündogar taryhynda täze sahypalary açan täsin arheologiki açyşlaryň birnäçesi boldy.

Hormatly Prezidentimiziň  “Türkmen medeniýeti” hem-de “Ile döwlet geler bolsa” atly täze kitaplarynyň çap edilmegi geçen ýylyň ähmiýetli wakalaryna öwrüldi. Bu ajaýyp neşirler Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gymmatly sowgat boldy. Bu ulgamyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda 26-30-njy iýun aralygynda her ýylda Medeniýet günleri geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň we köpsanly beýleki döwletleriň döredijilik işgärleri gatnaşýar. “Türkmen medeniýeti” atly kitap milli Liderimiziň türkmen jemgyýetiniň ösüşinde köpasyrlyk medeni mirasyň orny hem-de medeniýet ulgamynda häzirki zaman döwlet syýasatynyň wezipeleri hakyndaky pikir ýöretmeleri görnüşindedir.

Ýurt Baştutanymyzyň eserinde gadymy döwürlerden – irki ýaşaýyşdan, ekarançylygyň hem-de ösüşleriň ojaklarynyň peýda bolmagyndan başlap, milli medeniýetiň taryhy yzarlanýar, Jeýtun, Altyndepe, Goňur, Nusaý, Merw, Köneürgenç medeniýetleriniň maglumatlary getirilýär. Bu baý mirasyň şu gün bilen genetiki özara baglanyşygy häzirki zaman binagärliginiň hem-de heýkeltaraşlygynyň mysalynda aýdyň ýüze çykýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynda umumy ugrukdyryjy maglumatlar hökmünde meşhur türkmen bagşylarynyň we sazandalarynyň arhiw fotosuratlary çap edilipdir, ajaýyp halk sazandalarynyň ömri we döredijiligi, şeýle hem diňe dutar däl, eýsem, gyjak, dilli tüýdük we beýlekiler ýaly dürli milli saz gurallary baradaky maglumatlar getirilipdir.

Munuň özi,  Hormatly Prezidentimiziň  alyp barýan syýasatynyň, onuň özgerdijilik ýörelgesiniň netijesi bolup durýar. Munuň özi türkmen halkymyzyň täsin medeni mirasyny hemmetaraplaýyn we çuňňur öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri açýan milletleriň ählumumy hyzmatdaşlygyna Türkmenistanyň has-da ýakynlaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu ýörelge köptaraply ylmy alyş-çalyşlary ösdürmäge ýardam edýär hem-de bilimleriň häzirki zaman ulgamy bilen ysnyşykly özara gatnaşykda milli medeniýetiň, bilimiň we ylmyň ösüşiniň ugurlaryny kesgitleýär.

Ýurdumyzyň baý mirasyny öwrenmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, başy dik, ähli tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Dursunjemal Gylyjowa,

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň 

Daşoguz welaýat şahamçasynyň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 16.06.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy