Parzdepe ýadygärligi hakynda

Parzdepe ýadygärligi hakynda 16.02.2016

Parzdepe ýadygärligi hakynda

Ýaňy ýakynda, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabadyň eteginde ýerleşen  taryhy ýadygärlikleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz il içinde  Parzdepe ady bilen meşhur bolan  gadymy taryhy  ýadygärligine  bardy. Ol ýerde, hormatly Prezidentimiz gadymy döwürlerde ösen ekerançylygyň kämil suwaryş ulgamynyň bolandygyna şaýatlyk edýän sudurlary özünde saklaýan Parzdepäniň töwereklerinde taryhy ýadygärlikleriň bolmagy ösen ekerançylyk medeniýetinden habar berýär. Taryhy maglumatlara görä ilkinji kärizleriň biri hut şu ýerde gurlupdyr. Bu ýerde käriz gazmagyň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele alan meşhur ussalaryň birnäçe nesilleri ýaşapdyr we döräpdir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, örän baý medeniýeti-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan şäherler döredilip, binalar gurlupdyr. Taryhdan belli bolşy ýaly, Parzdepe taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän galanyň galyndysydyr.

Parzdepäniň çäklerinde tapylan küýze bölekleri, keramiki turbalar, guýular gurlanda ulanylan serişdeler bu ýerde suwaryşyň çylşyrymly usulynyň bolandygyna, kärizleriň hereket edendigine şaýatlyk edýär. Olar ýerastynda çuňlukdan çekilen ötükler boýunça adamlary suw bilen üpjün edipdir.

Parzdepäniň umumy meýdany 3.2 gektara barabar bolup, onda Nusaýyň keramikasyna kybap küýze bölekleri duş gelýär. Bu ýerdäki şäheriň gülläp ösen döwrünüň Beýik  Seljuk türkmen hökümdarlarynyň döwleti bilen baglanyşyklydygyny subut edýän keramika önümleriň bölekleri bar. Bu şäheriň IX-X asyrlara degişlidigini  aňladýan maglumatlar has agdyklyk edýär. Alymlaryň pikirine görä ýadygärligiň düýbündäki medeni gatlaklar onuň biziň eýýamymyzdan ozalky V müňýyllyga degişlidigini subut edýär.

Şeýle hem, Milli Liderimiz Parzdepäniň töwereklerine onuň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyryp, bag nahallaryny, oturtmagy, gök zolaklary döretmegi, bu ýerde ösen baglaryň taryhy döwürdäki keşbini döretmegi degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.

Türkmen topragyny onuň beýik taryhynyň dürli döwürlerinde şohrata beslän bu ýadygärlikleri indi umumadamzat siwilizasiýasynyň hyzmatlaryna girýän gymmatlyklardyr. Bu baýlyklaryň ählisini diňe bir gorap saklamak däl, eýsem olaryň bütindünýä üçin aýan bolmagyny gazanmak geljekgi nesilleriň öňünde biziň borjumyz bolup durýar.

Türkmenistan dowletimiziň barha pajarlap osmegi, dünýä derejesinde tanalmagy ugrunda ýadawsyz tagalla edýän Gahryman hem Arkadag Prezidentimiziň  jany sag,  ömri uzak,  beýik tutumlary elmydama rowaç alsyn, belent başy aman bolsun!

Herreýewa Oguljahan,

Türkmenistanyň “Daýhanbank”  döwlet täjirçilik bankynyň 

Ahal welaýat şahamçasynyň baş buhgalteri



← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 17.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy