Arkadagyň ak ýolunda, baky parla Baýdagym!

Arkadagyň ak ýolunda, baky parla Baýdagym! 18.02.2016

Arkadagyň ak ýolunda, baky parla Baýdagym!

Ýurdumyz-Berkarar, Ilimiz-Bagtyýar, bagy-bossan Watanymyz Arkadagymyzyň paýhasyndan güller açýar. Şeýle ajaýyp zamanada ak ýollarda ýaşyl Baýdagymyz elmydama parlaýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli döwlet nyşanlary  türkmen halkynyň ruhy galkynyşynyň, milli mirasynyň ajaýyp gözellikleriniň bir ýere jemlenip, türkmen milletiniň bitewiliginiň beýanydyr. Biziň ýaşyl Tugumyz agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň nyşanydyr. Türkmen durmuşunyň ruhy ganatydyr. Dünýäde islendik döwletiň baýdagy şol halkyň tebigatyny, ruhy ýagdaýyny, taryhyny we däp-dessurlaryny şöhlelendirýär. Özbaşdaklygymyzyň, özygtyýarlylygymyzyň, döwletliligimiziň nyşany bolan, halkymyzyň özboluşly dünýägaraýşyny, milli häsiýetini özünde jemleýän Döwlet baýdagymyzyň häzirki görnüşi, reňkiniň manysy örän gadymlardan gaýdan sungat eseridir. Ata-babalarymyzyň hem ýaşyl reňke baýlygyň nyşany hökmünde garandyklaryna taryh şaýatlyk edýär.Ýaşyl Tugumyzyň reňki bir tarapdan, ýaşaýşyň, abadançylygyň we ösüşiň nyşany bolsa, ikinji tarapdan, aslymyzdan neslimize dowamaty aňladýar. Baýdagymyz Oguz han atamyzyň ruhy siňen, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesini özüne siňdiren türkmeniň ruhudyr.

Gahryman Arkadagymyz: “Dünýäde Döwlet baýdagymyzyň hormatyny we sarpasyny beýgeltmegimiz-Berkarar Watanymyzyň mertebesini beýgeltmegi-mizdir“ diýip sargyt edýär. Watanymyza bolan söýgi, oňa wepalylyk, milli dünýägaraýşyň we halkymyzyň durmuş ýörelgeleriniň esasyny düzýän baş pelsepe ugurlarynyň biridir.

Ýaşyl Baýdagymyz arzuwlanyp ýetilen Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, berkararlygymyzyň hem-de bagtyýarlygymyzyň nyşandyr. Türkmeniň kalbyndan söz açýan milli haly senediniň gölleri bilen bezelen, zeýtun şahaly, aýly, ýyldyzly, ýaşyl Tugumyz halkyň buýsanjy, berkarar Watanymyzyň şan-şöhraty, rowaç gelejegimiziň nyşany.

Tugumyz dünýä baýdaklarynyň arasynda al-ýaşyla bürenen bahar joşgunyny berip, Watana söýgini artdyrýandygy bilen mukaddesdir.   Her ýylyň 19-njy fewralynda türkmen halkymyz Döwlet baýdagynyň döredilen gününi agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar.

Buýsançly başyňy göge diredýän ýaşyl Baýdagymyzy synladygyňça bu mukaddeslige bolan guwanjyň artýar. Garaşsyzlygyň kök uran, Bitaraplygyň berkän mekanynda bu gün ýaşyl Baýdagymyzyň pasyrdysy has-da ynamly. Goý, asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde, ýaşyl Baýdagymyz Arkadagymyzyň ak ýolunda baky parlasyn!

Alma Salyhowa,

Türkmenistanyň „Daýhanbank“ döwlet täjirçilik bankynyň

Mary welaýat şahamçasynyň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 19.08.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy