Baýdak baýramyňyz gutly bolsun mähriban watandaşlar!

Baýdak baýramyňyz gutly bolsun mähriban watandaşlar! 18.02.2016

Baýdak baýramyňyz gutly bolsun mähriban watandaşlar!

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekiline seredip, ony okap bolýar. Ondaky her bir şekil ýa-da reňk türkmeniň öňden gelýän gyzyldan gymmatly mukaddesliklerini, ýaşaýyş babatdaky pähim-parasatly düşünjelerini hem-de olaryň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhyny inçeden yzarlaýar. Baýdak hakynda gürrüň gozgalanda, ilki bilen halkymyzyň taryhy, ata-babalarymyzyň döwlet döretmekde we gurmakda, şonuň bilen bir hatarda halkyň agzybirligini, parahatçylygyny we rahatlygyny üpjün etmekde bitiren ägirt uly işleri, bu ugurda döreden gymmatlyklary hakydaňa düşýär. 

Ata-babalarymyz ýaşyl reňki gözelligiň, özgerşiň nyşany hasaplapdyrlar. Meýdanlaryň al-ýaşyl öwsüp oturmagy berekediň alamaty. Ýaşaýyşy, müdimiligi alamatlandyrýan ýaşyl reňk türkmene gözel tebigat tarapyndan berlen ajaýyp serpaýdyr. Şeýle-de, türkmen halky garaşsyzlyga eýe bolanyndan soň ýaşyl reňkli, aý-ýyldyz we halynyň gölleri bilen bezelen türkmen Baýdagyny 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda al-asmanda pasyrdatdy. Türkmenistanyň Baýdagynyň reňkiniň ýaşyl bolmagy, ýurduň tebigy durmuşyny, aý ýyldyzlar bäş welaýaty we jebisligi, halynyň gölleri bolsa türkmen halysyna berilýän ähmiýeti beýan edýär. 

Hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak, watany özgertmek” ýyly diýip atlandyrmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Çünki, biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barylýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň ýaşyl baýdagyny bu gün bütin dünýä tanaýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, halkymyzyň Galkynyşynyň beýik nyşany bolan Döwlet baýdagymyzyň baýramy gutly mübärek bolsun! Eziz watandaşlar!

Ş.Sopyýewa,

Türkmenistanyň “Daýhanbank”döwlet täjirçilik bankynyň 

Daşoguz welaýatynyň  Ruhubelent etrap şahamçasynyň 

Işgärler boýunça esasy hünärmeni


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 18.08.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy