Baýdak – döwletliligiň nyşany

Baýdak – döwletliligiň  nyşany 18.02.2016

Baýdak – döwletliligiň nyşany

Türkmenistanyň Döwlet  baýdagynyň  güni  bu ýyl “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda” ,  Garaşsyzlygymyzyň şanly  25 ýyllyk we hemişelik  Bitaraplygymyzyň  21 ýyllygynyň  baýram ediljek  ýylynda toýlanýar.  Döwlet baýdagy  Watanymyyzyň  özbaşdaklygyny we özygtyýarlylygyny, şeýle-de  agzybirligini hem  Bitaraplygyny  alamatlandyrýan  döwlet  häkimiýetiniň  resmi nyşanydyr. Halkymyzyň  milli  buýsanjy  we  döwletliligiň  nyşany  bolan Döwlet  baýdagymyzda  halkyň ar-namysy, Watana bolan söýgisi hem buýsanjy jemlenendir.  Döwlet baýdagymyzyň  baýramçylygynyň  her ýylda  uludan bellenilmegi oňa  goýulýan  hormatdan nyşandyr.

Berkarar döwletimiziň  bagtyýarlyk döwründe  ak mermerli paýtagtymyzyň  görküne görk goşup, çar ýana ýalkym saçyp  duran, dünýäde  iň uly baýdak hökmünde  Ginnesiň  rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan Döwlet baýdagymyzy synlanyňda, onuň türkmen sahrasyny  ýatladýan  ýaşyl reňkinde  baky ýaşaýşymyzy, geljegimizi, dowamatymyzy  gorýäris.  Bagtyýar halkymyzyň  erkana, asuda ýaşaýşymyzyň  nyşany  bolup al-asmanda  pasyrdaýan  Tugumyzy görüp, gözüň  nurlanýar, köňlüň joşup, ruhuň ganatlanýar. Şatlygymyza şatlyk goşup, beýik  ýeňişlere täze ösüşlere ruhlandyrýan  ýaşyl  Baýdagymyzy biz ýüzümiziň  tuwagy, milli buýsanjymyz  hem guwanjymyz  hökmünde  ýüregimizde, döşümizde, depämizde  göterýäris. Bu gün adalatyň, erkinligiň  Tugy bolan ýaşyl baýdagymyzyň waspy dillerde dessan,  şahyrlar ony taryplap şygyr döretse, döwlet  nyşanymyz sungat ussatlarymyzyň  aýdym-sazlrynda  belent  mukam bolup ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň:  “Adam edebinden tanalar, ýurt Tugundan ” diýen ajaýyp  pähimi bar. Bu  gün dünýäniň  çar künjeginde  buýsançly  parlaýan  Döwlet baýdagymyz  Gahryman Arkadagymyzyň  bimöçber aladalary  bilen  deňsiz-taýsyz ösüşlere, belent sepgitlere  ýeten ata Watanymyzyň şan-şöhratyny  bütin äleme buşlaýar. Hormatly Prezidentimiziň daşary  ýurtlara  döwlet saparlarynyň  her biri buýsançly  Tugumyzy  has-da belende göterýär. Türkmen  özüniň ýaşyl  Tugunyň  astynda goňşy we dünýä döwletleri bilen  ikitaraplaýyn  özara bähbitli,  hoşniýetli  gatnaşyklaryň täze geljegine  ýol açýar. Milli mukaddeslik derejesinde  sarpalanýan Döwlet  baýdagymyzyň  astynda  ata  Watanymyzyň   dünýäniň  iň  abraýly halkara guramalarynyň  düzüminde  bitirýän işleri, Dünýä  Bileleşiginiň garamagyna  girizýän teklipleriniň  her birisi umumadamzat  derejesinde  ähmiýetliligi  bilen tapawutlanýar.  Halkymyzyň geçmişini, şu gününi, geljegini  özünde jemleýän mukaddes  ýaşyl Tugumyz türkmeniň  kalby bolup, dünýä ýüzüne nur saçýar.

Ynsan üçin baýdak şirin jandan eziz mukaddeslikdir.

Onuň bar ýerinde döwletlilik bardyr. Biz öz Baýdagymyzy beýleki döwletleriň  baýdaklarynyň  arasynda görenimizde, Türkmenistanyň  dünýä döwletleri bilen  dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkeýändiginiň  şaýady bolýarys. Biz ýaşyl Baýdagymyzyň astynda bagtly ömür sürýäris, şanly geljegimizi gurýarys. Berkarar döwletde bagtyýar durmuşy peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň  ýolbaşçylygynda her ýyl giňden bellenilýän  Döwlet baýdagynyň  baýramy gutly  bolsun!

Halkymyza  täze taryhy  eýýamda  uly ýeňişleri, belent sepgitleri  has-da  dabaralandyryp, ruhumyza ruh goşýan ajaýyp zamanany peşgeş eden  Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, işleri rowaç bolsun! Goý, türkmeniň  abadan, gülläp, osýän ýurdunda  toýlar toýa ulaşsyn! Ýaşyl Baýdagymyz  berkararlyk nyşany hökmünde baky parlasyn!

G.Öwezowa,

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň 

Lebap welaýat şahamçasynyň Hukuk işleri boýunça baş hünärmeni


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 27.06.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy