Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasaryny kabul etdi 24.02.2016

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasaryny kabul etdi

2016-njy ýylyň 23-nji fewraly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary jenap Mohammad Şariatmadarini kabul etdi. Ol EYR-nyň XII ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak maksady bilen, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň hem-de Eýranyň Belent ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneiniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Mohammad Şariatmadarini Eýranda milli Lideriniň ýolbaşçylygynda ösüş we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunda myhman ak mermerli Aşgabadyň gözelligine haýran galýandygyny aýtdy. Aşgabat täze taryhy eýýamda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň aýdyň beýany bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mübärekläp we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de Belent ruhy lideriniň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar bolsa dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda berkidilip, ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn üns berýändigini nygtap,    dürli pudaklarda köpýyllyk gatnaşyklaryň oňyn tejribesine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady ulgamda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada bolan pikir alyşmalaryň barşynda iki ýurduň hem netijeli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga, maýa goýum işini höweslendirmäge  ýardam etmäge gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň her ýyl Aşgabatda geçirilýän ýöriteleşdirilen sergisiniň hem-de yzygiderli guralýan bilelikdäki işewür maslahatlarynyň ähmiýeti bellenildi. Bu çäreler hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de täze ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik berýär. Şunda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň täsirli guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparyna möhüm orun degişlidir. 

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary pursatdan peýdalanyp, şu serginiň ýokary derejede guralmagy hem-de geçirilmegi babatda ähli şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu sergide Eýranyň esasy kompaniýalary hem-de senagat merkezleri önümlerini, işläp taýýarlamalaryny we kuwwatyny görkezýärler. Bu giň möçberli hem-de köpugurly sergi goňşy ýurduň işewür toparlarynyň okgunly ösýän we geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň senagatlaşdyrmak hem-de düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler ýoluna düşen Türkmenistanyň  döwrebap tehnologiýalary hem-de ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny giňden ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini belledi. Munuň özi eýranly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Energetika we ulag ulgamlary döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bu ulgamlarda möhüm halkara başlangyçlarynyň birnäçesi bilen çykyş etdi. Bu babatda 2014-nji ýylyň dekabrynda ulanylmaga berlen we tutuş Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň ösdürilmegine ýardam edýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýoly umumy tagallalary üstünlikli birleşdirmegiň aýdyň mysallarynyň biridir.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman öňden gelýän medeni-ruhy aragatnaşyklara esaslanýan hem-de häzirki döwürde türkmen-eýran gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan netijeli ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary  Mohammad Şariatmadari  hoşlaşanlarynda, uzakmöhletleýin esasda guralýan hem-de iki dostlukly goňşy ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Ahmadi gatnaşdy.

Türkmen döwlet habarlar agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 26.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy