Türkmen zenanlary - bagtyýarlyk döwründe

Türkmen zenanlary - bagtyýarlyk döwründe 07.03.2016

Türkmen zenanlary - bagtyýarlyk döwründe

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýasynda özüne mähremligi, gözelligi, näzikligi jemleýän mähriban ene-mamalarymyza we gelin-gyzlarymyza has uly sarpa goýulýar. Parasatly ýurt Baştutanymyzyň her bir il-ýurt bähbitli alyp barýan uly tutumlarynda bolsa, eneleriň rahatlygy, eneleriň bagty, nesilleriň röwşen geljegi görünýär. Türkmen zenanynda adamkärçiligiň asylly sypatlary jemlenýär. Maşgalanyň abraýy, rysgaly, agzybirligi, döwletliligi, esasan aýal maşgalalara degişlidir. Şonuň üçin hem maşgala binýadynyň berkemeginde halkymyzda zenanlaryň ornuna aýratyn ähmiýet berilýär.

Maşgalanyň jemgyýet bilen gatnaşygy näçe berk bolsa, ýurdumyzyň her bir raýatynyň ýüreginde öz ykbalynyň şu Watan, şu toprak bilen baglylygyna bolan buýsanç duýgulary has-da berkeýär.

Ata-babalarymyz zenanlary mertebe tugy hasap edipdirler, olaryň hemişe gözellikler bilen gurşalmagy hakynda alada edipdirler.

Häzirki döwürde zenanlar ýurdumyzyň döwlet dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ykdysadyýetde, ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda, jemgyýetçilik işlerinde, telekeçilikde we beýleki ähli ugurlarda bitirilýän beýik işlere uly goşantlaryny goşýarlar. Bank ulgamynda hem gelin-gyzlaryň ençemesi zähmet çekýär we hormatly Prezidentimiziň bank ulgamyny ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde öz saldamly goşandyny goşýarlar.

Ýurdumyzda  Halkara zenanlar güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Döwlet tarapyndan olara orden, medallar, pul sylaglary we beýleki sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Köp çagaly  enelere ähli amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryndan otaglar berilýär. Şeýle hem, çagaly enelere kömek pullary berilýär.

Goý, türkmen zenanlaryna baky bagtyýarlygy, eşretli durmuşy, nurana geljegi bagyş eden Gahryman hen Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, ähli işleri elmydama rowaç alsyn!

Altyn Durdyýewa,

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik  bankynyň 

Amallara gözegçilik we maliýe monitoringi bölüminiň başlygy


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 19.08.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy