Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapary hakynda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapary hakynda 18.03.2016

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapary hakynda

2016-njy ýylyň 16-17-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri  Muhammad Nawaz Şarifiň  çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň  hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurtda resmi saparynda boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn, Premýer ministri Muhammad Nawaz  Şarif  hem-de  Milli Mejlisiniň başlygy Sardar Aýaz Sadik     bilen ýokary wekilçilikli derejesinde gepleşikleri  geçirdi.

Türkmenistanyň  we  Pakistanyň ýolbaşçylary iki ýurdy taryhy, medeni we dini meňzeşligiň, özara hormat goýmak ýörelgeleri bilen häsiýetlenýän ysnyşykly gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny bellediler. Bu gatnaşyklar halklaryň ýüreklerinde çuňňur orun aldy. Şoňa görä-de, iki Tarap hem öz halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mamnun Huseýn özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüşini kanagatlanma bilen nygtap, iki ýurduň şol gatnaşyklary döwrüň ýagdaýlaryna hem-de bar bolan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiligine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga meýillidigini tassykladylar.

Soňra,  Türkmenistanyň  hormatly Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Kad-i-Azam uniwersitetinde  geçirilen duşyşyga gatnaşdy. Ol ýerde hormatly Prezidentimize Kad-i-Azam uniwersitetiniň “Syýasy ylymlaryň hormatly doktory” diýen alymlyk derejesini gowşurmak dabarasy boldy. Şanly waka mynasybetli ol ýerde Pakistanyň ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, uniwersitetiň professorlary, mugallymlary, talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Saparyň dowamynda şu aşakdaky resminamalara, ýagny:

“Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2016-2017-nji ýyllarda Hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna”:

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi, Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrligi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Pakistan Yslam Respublikasynyň degişli edaralary bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki Ähtnamalara gol çekdiler.

2016-njy ýylyň 17-nji martynda türkmen-pakistan işewürler maslahaty boldy. Hormatly Prezidentimiziň Pakistan Yslam Respublikasyna  bu sapary geljekde iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösmegine öz oňyn  täsirini ýetirer.

Türkmen döwlet habarlary agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 21.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy