Ösüş ýolly Watanym

18.03.2016

Ösüş ýolly Watanym

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeňleşdirmek üçin düýpli esas döredýär, raýatlaryň abadançylygy, eşretli ýaşaýşy onuň esasy ölçegi bolup durýar. Şonuň üçin hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli özgertmeleriniň özeninde adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowlandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak wezipeleri durýar. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagllalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan bank ulgamy günsaýyn ösýär. Bank amallary, töleg hyzmatlary, bankda alnyp barylýan dürli işler täzeçe döwrebap görnüşe eýe bolýar. Halkymyza bank hyzmatlarynyň dürli görnüşlerinden peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär.

Welaýat şahamçamyzyň işgärleriniň 40 göterimi gelin-gyzlar bolup durýar. Olar hormatly Prezidentimiziň türkmen zenanlaryna goýýan gadyr-sarpasyndan ruhlanyp, müşderilere göwnejaý hyzmat etmekde agzybirlikli we netijeli işleýärler. Döwletimiz tarapyndan edilýän hemmetaraplaýyn aladalar olaryň işe bolan höwesini, baýramçylyk joşgunyny artdyrýar.

Biziň agzybir toparymyz Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýip yglan edilen 2016-njy ýylda uludan toýlanjak ýurt Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesini ýeňişli sepgitler bilen garşylamagy maksat edinýärler. Eziz Diýarymyza joşup gelen baharda bellenilýän Milli Bahar baýramy, Halkara Nowruz baýramy gutly mübärek bolsun! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Bibigözel Bekmyradowa,

Türkmenistanyň „Daýhanbank“ döwlet täjirçilik bankynyň

Mary welaýat şahamçasynyň Işgärler bölüminiň başlygy


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 19.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy