Nowruz baýramy!

18.03.2016

Nowruz baýramy!

Pasyllaryň  soltany  baharyň  gelmegi bilen tutuş tebigat  janlanýar.  Her paslyň öz  gözelligi bar.  Ýöne bahar paslynyň  kalbyny heýjana salýan, gözelligine bendi edýän, görünmeýän, bilinmeýän  jadysy bar. Dag-dereler  ýaşyl begres geýende,  durnalar gykuwlaşyp  gelende, lemmer-lemmer gara bulutlar  süýşüp, gök  gübürdäp ýyldyrym çakanda, kükräp-kükräp bahar çagbasy ýaganda, kalbyňda üýtgeşik duýgular döreýär. Il içinde  nowruz gijesi dünýä inen perzent  üýtgeşik akylly-başly bolýar diýen ynam hem bar. Nowruzyň gelmegi bilen  zenanlaryň  teşwişi hem artyp,  Bibileriň tagamy bolan  semenini taýýarlamagyň  ugrunda bolýarlar.

Nowruz - türkmen halkynyň  iň bir hatyralanýan  baýramlarynyň  biridir. Pederlerimiz  bu baýramy Gündogaryň  beýleki halklary bilen birlikde  şowhunly belläp  geçipdirler. Milletiň däp-dessurlarynyň we urp-adatlarynyň  ýaşamagy,  ösmegi we kämilleşmegi üçin Nowruz baýram hökmünde  halklaryň ýüreginde, kalbynyň çuňňur törýnde  ýaşady, onuň däpleri nesilden nesle geçdi.  Berkarar  döwletimizň bagtyýarlyk döwründe bolsa,  Nowruz baýramy täze mana, täze ýalkyma eýe boldy.

Nowruz – ata-babalarymyzdan galan dessurdyr, ol türkmen ojagynyň berekedi, il-ulusymyzyň agzybirligidir. Jümle tebigatyň jana girýän bu döwründe, asmanlaryň bereket gapysynyň açylyp, zeminleriň läle lybasyny geýinýän zamanasynda halkymyzyň eşreti üçin ýagşy arzuw-dilegler etmek mertebedir. Nowruzyň jennet jemalyny türkmen ýüregi bilen duýmak bagtlylykdyr.

Tebigatyň älemlere ýaýan Nowruz şatlygyny döwrümiziň berekedi bilen goşalandyran Gahryman Arkadagymyzyň  jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç alsyn! Ýürekleriňize baharyň serginligi ýaýylyp, yhlasyňyza Nowruzyň berekedi siňsin! Nowruzda sepelän her damjanyň sanyna barabar üstünlikler, rowaçlyklar we şowlulyklar ykballaryňyza zynat çaýsyn!

Nowruz  baýramyňyz gutly-mübärek bolsun!

G.Öwezowa,

Türkmenistanyň “Daýhanbank” DTB-nyň 

Lebap welaýat şahamçasynyň hukuk işleri boýunça baş hünärmeni 


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 17.08.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy