Täze ylham çeşmesi

Täze ylham çeşmesi 30.03.2016

Täze ylham çeşmesi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  halkymyza ýene-de bir ajaýyp “Çaý - melhem hem ylham” atly kitabyny peşgeş berdi. Arkadag Prezidentimiziň täze kitaplary ýazyp, onuň bilen halkymyzy begendirip durmagy eýýäm däbe öwrüldi.

“Çaý - melhem hem ylham”  atly kitabynda çaý içmegiň medeniýeti, lezzeti, çaý bilen baglanyşykly atalar sözi, nakyllar we rowaýatlar öz beýanyny tapýar.  Bu kitap 16 bölümden, 311 sahypadan ybarat bolup,  onda çaýyň ulanylyşy, saklanylyşy, bejerişi we çaýa gadyr goýluşy barada giňden maglumat berilýär.

Halkymyzy şeýle eşretli zamanada ýaşadýan,  Çaý - melhem hem ylham”  atly kitabyny peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza alkyşymyz çäksizdir. Hormatly Prezidentimiziň galamynyň ýiti, ylhamynyň joşgunly, janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç  bolmagyny arzuw edýärin!

Altyn Durdyýewa,

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň 

Amallara gözegçilik we maliýe monitoringi bölüminiň başlygy


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 27.07.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy