Manadyň durnuklylygy barada

Manadyň durnuklylygy barada 01.04.2016

Manadyň durnuklylygy barada

Manadyň durnuklylygyny üpjün etmek «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maksatlarynyň biridir. Şu ugurda döwletimizde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan toplumlaýyn çäreler geçirilýär.

Şeýle çäreleriň netijesinde dünýäniň abraýly we iri maliýe düzümleri Türkmenistan döwletimiziň durnuklaşdyryş we ätiýaçlyk gorlarynda uly möçberli serişdeleri toplamaklygy başarandygy barada nygtalýar. Bu ýagdaýyň öz gezeginde köp ýyllaryň dowamynda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşini ýokary depginde saklamagyna we häzirki döwürde ýüze çykýan ýagdaýlara uýgunlaşmagyna ýardam etjekdigi barada halkara bilermenleriň beren ýokary bahasynda bellenilýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini, şol sanda daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde gazanylýan şeýle üstünlikler milli pulumyzyň hümmetiniň we abraýynyň hem saklanmagyna hyzmat edip, alnyp barylýan netijeli ýeke-täk döwlet pul-karz syýasaty ýokarda agzalan bu wezipeleri amala aşyrmaga doly mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky milli pulumyzyň hümmetiniň mundan beýläk-de durnukly saklanjakdygyny ýatladýar.


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 19.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy