Il saglygy ýurt baýlygy

15.04.2016

Il saglygy ýurt baýlygy

“Döwletiň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, 

asuwda ýaşaýşy hakyndaky aladalar juda jogapkär aladalardyr”

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden başlap ähli ulgamlar bilen bir hatarda halkymyzyň saglygyna we ýurdumyzyň sport ulgamyna hem aýratyn üns berdi. Döwletimizi ösdürmekde, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda Mähriban Arkadagymyz uly işleri amala aşyrýar. Ilatyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmakda sport esasy orny eýeleýär. Onuň üçin Diýarymyzyň ähli künjeginde doly abzallaşdyrylan stadionlardyr hem-de sagaldyş merkezleriniň sany barha artýar. Häzirki wagtda Türkmenistan sportyň uly depginler bilen ösýän mekanyna öwrüldi.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde bina edilen „Sport“ myhmanhanasynda Hormatly Prezidentimiziň 5-nji Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisini geçirmegi ýurdumyzyň sport ulgamynda bolup geçen möhim ähmiýetli waka boldy. Elbet-de bu zatlaryň hemmesi bolsa ýurdumyzyň sagdynlygy üçin Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan taýsyz tagallalarynyň subutnamasy bolup durýar. Saglyk başyň täjine deňelýär, ähli zadyň gözbaşy saglykdadyr. Hut şonuň üçin hem sagdyn jemgyýet kämil jemgyýet hasaplanýar. Türkmenistan döwletimizde halkyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek meselesine aýratyn üns berilýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berilýän dürli görnişli sport toplumlary, sport mekdepleri, döwrebap sport desgalary ösüp gelýän ýaş neslimiziň  sagdyn kemala gelmegi üçin niýetlenendir. Ýurdumyzda halkymyzyň, esasan-da, ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamagy we zyýanly endiklerden daşda durmagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Biziň ýurdumyzda neşekeşlik, çilimkeşlik ýaly ýaramaz endiklere garşy göreş has-da ýokary derejede alnyp barylýar. Bu babatda ýurdumyzyň orta mekdeplerinde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde duşuşyklar guralyp, ýaş nesliň zyýanly endiklerden daşda durmagy hem-de zyýanly endikleriň adam saglygyna ýetirip biljek howpy barada gürrüňdeşlikler wagyz-nesihat işleri geçirilyär. Biz ýaşlar hem öz gezegimizde şol geçirilýän gürrüňdeşliklerden, köpçilik çärelerinden ugur alyp öz saglygymyz ugrynda göreşip sport çäreleri bilen meşgullanyp yurdumyza gerekli yaşlar bolup döwletimiziň ösüp özgermegine öz goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň sagdyn jemgyýetde sagdyn ruhda terbiýelenmegi hem-de ýaşamagy üçin alyp barýan işlerinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

M.Halmyradowa

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň

Mary welaýat şahamçasynyň Buhgalter hasaby we hasabaty

bölüminiň esasy hünärmeni  

                          


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 07.10.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy