Bedewler – toýlarymyzyň bezegi

Bedewler – toýlarymyzyň bezegi 23.04.2016

Bedewler – toýlarymyzyň bezegi

Türkmen halkynyň bedew atlaryna bolan söýgüsi örän uludyr. Bu söýgi gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedewe goýýan sarpasynda bütin türkmen halkynyň asyrlarboýy kemala gelen ýokary medeniýetini görmek bolýar. Her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramynyň bellenilmegi-de halkymyzyň uçar ganatyna, syrdaş ýoldaşyna goýýan hormat-sylagynyň bimöçberdigine güwä geçýär. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda halkymyzyň milli ruhunyň nyşanyna öwrülen türkmen bedewi hormatly Prezidentimiz tarapyndan köptaraplaýyn alada bilen gurşalýar. Munuň şeýledigine diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem ähli welaýatlarda iň häzirkizaman şertler we enjamlar bilen üpjün edilen kaşaň aýlawlaryň gurlandygy we ol ýerlerde at çapyşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen bedewi hakyndaky aladalarynyň esasyny: “Biz geljekde hem bedewlerimizi birjik-de ünsden düşürmeris, çünki olar biziň buýsanjymyz we şohratymyzdyr, biziň ylhamymyzdyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň simwolydyr” diýip aýdyň düşündirýär.

Türkmen bedewiniň şan-şöhratynyň ХХI asyrda has-da dabaralanmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynyň uly ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiň bu kitabynda gözelligiň dünýä boýunça nusgasyna öwrülen ahalteke bedewini kemala getirmegi, onuň gadymy, asyl nusgasyny ýitip ýok bolmak howpundan halas etmegi başaran halkymyzyň zehin-gaýratyny buýsanç bilen wasp edýär. Bu gahrymançylykly işde türkmen zenanlarynyň hem goşandynyň uludygyny aýratyn belläp geçýär.

At –owazasy bilen gadymyýetden dowamat bolan türkmen bedewleri bu günki gün toýlarymyzyň bezegine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ahalteke atlarynyň halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga, çapyksuwardan düzülen ýygyndy toparynyň, at üstündäki hereketleriniň türgenlerini hem-de arassa ganly bedewleri ösdürip ýetişdirjek hünärmenleriň sany artdy. 

2017 – nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawynyň düzümine Atçylyk sportunyň konkur görnüşi hem girizildi.

Halk arasynda “Atym bar, ganatym bar ” diýlişi ýaly gamyşgulak bedewler biziň ajaýyp durmuşymyza doly ornaşdy. Türkmen bedewi - saglygyň, şan-söhratyň, owadanlygyň simwolyna öwrülip, parahat ýurdumyzda toý-baýramyň buşlukçysydyr. Eziz Diýarymyzda bellenilýän Bedew baýramy gutly mübärek bolsun! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

G.Öwezowa
Türkmenistanyň “Daýhanbank” DTB-nyň
Lebap welaýat şahamçasynyň Hukuk
işleri boýunça baş hünärmeni


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 29.07.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy