MAGTYMGULY, SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ

MAGTYMGULY, SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ 17.05.2016

MAGTYMGULY, SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ

MAGTYMGULY   PYRAGY: 

- Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, 

Göteriler ol ykbaly türkmeniň.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan ösüşleriň bedew bady  bilen öňe barýar. Milli Liderimiz tarapyndan  2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmeginiň özünde  hem uly many bardyr. Şonuň üçin geçmiş mirasymyza, gadymy we taryhy ýadygärliklerimize berilýän üns ýokary derejededir. Şunuň bilen baglylykda, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, ynsanperwerliginiň beýik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine  üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan milli baýram Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygrýýet gününe bagyşlanan baýram ýurdumyzyň  ähli ýerlerinde dabaraly ýagdaýda  giňden bellenilýär.

Türkmen halkynyň beýik danasy, şygryýet äleminiň şamçyragy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ynsan kalbyny heýjana getirýän, durmuş ýolyna Gün kibi şugla saçýan pähim-paýhasa eýelenen şygyrlary döredijiligiň belent nusgasydyr. Magtymguly külli türkmeniň şahyry hökmünde at-owazasy dünýä dolan şahsyýet bolup durýar. Şonuň üçin onuň ajaýyp setirlerine “altynyň gyryndysy” ýaly garamak düýgusy diňe bir türkmen halkyna häsiýetli düýgy bolman, eýsem dünýäniň dürli halklaryna mahsus duýga öwrüldi. Şoňa görä onuň dana setirlerini özüne birleşdirýän aýry-aýry şygyr diwanlarynyň bir ujy Hindistandan çyksa, bir ujy meşhur Britan muzeýinden çykdy. Magtymguly atamyzyň köňlüne gelen şygyr nagyşlary hiç mahal gaýtalanmajak, dünýä belli eserler bolup, äleme doldy. Baryp 1842-nji ýylda polýak alymy A.Hodzýako-Boreýko tarapyndan onuň üç goşgysy Londanda neşir edilipdir. Akyldar şahyryň şygyrlary her bir ynsanyň ýürek owazy bolup ýaňlanýar.

Magtymguly Pyragynyň azatlyk,  türkmeniň geljegi baradaky arzuw umytlary ýurdumyzyň Konstitusiýasynda jemlenip, amala aşyrylýar.  Beýik akyldar şahyr, mukaddes türkmen topragynyň hakyky watançysy, Gündogaryň ykrar edilen filosofy Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy döwletimiziň we jemgyýetimiziň  synmaz güýjidir. Konstitusiýa ýokary depginler bilen ösýän, kuwwatly we berkarar döwletimiziň beýik gazananlarynyň sarsmaz hukuk binýady bolup durýar. Konstitusiýamyzda halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen döwlet gurujylyk tejribesi, milli ýörelgeleri we häzirki zaman demokratik taglymatlar, umumadamzat we milli gymmatlyklaryň esaslary, halkara hukugynyň esasyny düzýän kadalar, şeýle hem adamzadyň hukuk we syýasy taglymatynyň iň ýokary gazananlary jemlenendir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, milli demokratiýamyzyň, dünýewi garaýyşlarymyzyň, aýratyn-da agzybirligimiziň, jebisligimiziň, bitewüligimiziň, parahatçylyk söýüjiligimiziň, dostlugymyzyň hem-de hoşniýetligimiziň mizemez kepilidir. Adamy jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy hökmünde ykrar edýän Konstitusiamyzyň ýörelgelerinden ugur alnyp, merdana halkymyzyň goldawy, yhlasy we tutanýerli zähmeti bilen berkarar Watanymyz dünýäniň kuwwatly, gülläp ösýän döwletleriň hataryna goşulýar.

Biziň içeri we daşary syýasatymyzyň ynsan gymmatlyklaryna, adamyň we raýatyň hukuklary babatdaky milli kanunçylygymyzyň we halkara hukugynyň kadalaryna esaslanýar.

Umumy ykrar edilen ýörelgeleri - demokratiýany, şahsyýetiň esasy hukuklaryny we azatlygyny, häkimýetleriň bölünişigini, syýasy-jemgiýetçilik gatnaşyklary, hökümet we dolandyryş guramalarynyň işini, döwlet hukuk institutlarynyň ulgamyny adalatly kesgitlemekde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ähmiýeti örän uludyr.

Esasy Kanunymyzyň ajaýyp zamanamyzyň ýokary talaplaryna laýyk gelmegini gazanmakda, Diýarymyzyň kanunçylyk namalarynyň  yzygiderli  kämilleşdirilip, jemgyýetimiziň  bitewüligini  has-da  pugtalandyrmakda  üstünlikli durmuşa geçirilýän döwletli tutumlar halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar. Munuň üçin bolsa Arkadag Prezidentimiziň  adyna  aýdylýan hoşallyk  sözleri  bagtyýar halkymyzyň  dilinde  asyrlar aşjak setirler bolup ýaňlanýar.

Ş.Gammowow

Türkmenistanyň ”Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň 

Ahal welaýat şahamçasynyň dolandyryjysynyň orunbasary

A.Seýitgulyýewa

Türkmenistanyň ”Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň 

Ahal welaýat şahamçasynyň “Ykdysady seljerme

we maliýe” bölümiň baş hünärmeni


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 16.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy