ATLY ÝÖRIŞ - UÇAR GANATLY ÝÖRIŞ

ATLY ÝÖRIŞ  -  UÇAR GANATLY ÝÖRIŞ 05.05.2016

ATLY ÝÖRIŞ - UÇAR GANATLY ÝÖRIŞ

2016-njy ýylyň 5-nji maýynda  Homatly Prezidentimiz Gurbanguly  Berdimuhamedowyň  gatnaşmagynda  2017-nji ýylda Aşgabatda  geçiriljek  Ýapyk binalarda  we söweş  sungaty boýunça   V Aziýa  oýunlarynyň başlanmagyna  500 günüň galmagy  mynasybetli  köpçülikleýin  atly ýörişe badalga berilmegi taryhy waka boldy.  Aziada - 2017- ä  badalga  berilmegine  500 gün  galmagyna  gabatlanyp Nusaý galasynda  guralan  atly ýörişiň ýurdumyz  üçin aýratyn uly ähmiýeti bar.  Milli Liderimiziň  belleýşi ýaly, tutuş  ýurdumyz  boýunça  guralýan  atly ýörişiň barşynda  geçirilýän  çärelerde  türkmen halkynyň  baý taryhy-medeni we ruhy  ýadygärlikleri  wagyz ediler. Bu bolsa  Mirasa sarpa goýmak,  Watany özgertmek  ýylynda iň oňat milli däpleriň  ösdürilmegini, biziň medeniýetimiziň, sungatymyzyň, halk döredijiligimiziň  çuňňurlygyny we olaryň gözelligini  açyp görkezer.

Gahryman  Arkadagymyzyň  taýsyz  tagallasy  bilen geçirilýän  bu şanly waka biziň şu günki nesillerimiziň  kalplarynda   çäksiz  buýsanç  duýgularyny döretse, merdi-merdana  pederlerimizi  tirseklerine  galdyryp, olaryň   ruhlaryny  galkyndyrdy. Aziada - 2017-niň  başlanmagyna  500 gün  galanda badalga  alan bu atly  ýörişi ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň  hersinden düzüminde 17 atly  çapyksuwar  bolan  toparlary  amala aşyrylýar.  Mundan müňlerçe ýyl ozal  gadymy Nusaýda  diýseň  ýyndam atlar  ýetişdirilipdir.  Olar dünýä ýüzünde  “Nusaý atlary”, “Uçýan atlar”, “Asman atlary” diýlip şöhratlandyrylypyr.  Häzirki ahalteke  bedewleri  şol atlaryň nesilleridir.  Bu gün milli Liderimizi    halypa seýis, ussat  çapyksuwar, ahalteke  bedewleriniň  çyn hossary hökmünde  bütin dünýä  tanaýar.  Diňe ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde,  dünýä   ýüzünde  giň meşhurlyga  eýe boljak V Aziýa  oýunlarynyň başlanmagyna 500  gün galanda bu taryhy  atly  ýörişiň  gurnalmagy  hem hormatly  Prezidentimiziň  çuňňur  paýhasyndan  gözbaş alýar.

Türkmen  halky hemişe  şowly sanlar hökmünde  7-lik we 17-lik sanlaryna ähmiýet  berýär. 17-ligiň  şowlulygyň  we rowaçlygyň  alamatydygyna   Gahryman  Arkadadymyz  ünsi çekipdi. 17 bedewe  atlanan 17 çapyksuwaryň  atly ýörişi  amala  aşyryp, 2017-nji ýylyň  17-nji  sentýabrynda sagat 17-de V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna  dolanyp geljekdikleriniň  hem täsin, özboluşly  rowaçlyk  alamaty bar.

Aziada - 2017-niň  başlanmagyna 500  gün  galanda  badalga alan atly ýöriş diňe bir ýurdumyzyň  çäginde  däl, eýsem, halkara derejesinde hem uly ähmiýete eýe bolan şanly wakadyr. Atly ýöriş  her welaýatda 100 gün dowam edip, medeni çäreler, çykyşlar, konsertler, dabaralar bilen utgaşar.

Atly ýörişe gatnaşyjylar  Mary welaýatyna  gelenlerinde, bu ýerde ýerle      şýän “Galkynyş” gaz käni dünýäniň çar ýanynda dostluk goluny uzadýan Watanymyzyň  ajaýyp bir künjegidir, halkymyzyň myhmansoýerlige, mähribanlyga, ynsanperwerlige ýugrulan ýüreginiň ýylysynyň alamatydyr.

“Galkynyş” gaz käninden  Aşgabada  alnyp gelinjek  alawyň fakeliniň  türkmen  halkynyň milli ruhuna  mahsus bezegi bar. Fakeliň  umumy görnüşi emele    getirilende,  türkmen  bedewiniň   ýyndamlygynyň şekilinden ugur alnypdyr  hem-de  onuň öň  tarapynyň  bezegi Ýapyk  binalarda  we söweş  sungaty boýunça  V Aziýa oýunlarynyň  nyşany bilen başlanýar.  Sekizburçluklaryň  ýüzden gowragyny özünde  jemleýän  nagyş Oguz hanyň  ýyldyzynyň dünýä halklaryny rysgally, bereketli  türkmen topragyna jemleýändiginiň özboluşly  alamatydyr.

2016-njy ýylyň 5-nji maýynda  Aziada – 2017-niň  başlanmagyna 500 gün galanda ýurdumyz boýunça  gurnalýan atly ýörişe Gahryman  Arkadagymyz  ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy – rowaçlyklaryň, üstünlikleriň, ýeňişleriň egsilmez güýjüdir.

J.Öwezowa .,

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň 

Lebap welaýat şahamçasynyň hukuk işleri boýunça baş hünärmeni


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 21.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy