Bilim-ylmyň şuglasy

Bilim-ylmyň şuglasy 11.06.2016

Bilim-ylmyň şuglasy

- Ýurdumyzyň ylmy kuwwaty onuň halkara abraýynyň nyşanydyr, milli baýlygymyzyň aýrylmaz bir bölegidir, berkarar döwletimiziň geljekki üstünlikleriniň berk binýadydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda bilim ulgamynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we onuň  ýolbaşçylygynda geçirilýän özgertmeler döwletiň we jemgyýetiň ählitaraplaýyn ösmeginiň esasyny düzýän maksatnamalarynyň biridir. Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň baş maksady netijeli bilim ulgamyny döretmek bolup durýar, ol adam serişdelerini kämilleşdirmek, milletiň intellektual mümkinçiligini ýokarlandyrmak ýoly bilen Türkmenistanyň ykdysady taýdan ýokary göterilmegine, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň hünärli işgärler bilen üpjün bolmagyna, ösüp barýan şahsyýetiň bilime bolan isleglerini kanagatlandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistanda bilim ulgamy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda hereket edýär. Ýurdumyzda gowy terbiýe, mynasyp bilim almak we bilimi üznüksizligini üpjün etmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky başlangyjy we onuň  ýolbaşçylygynda geçirilýän düýpli özgertmeleri döwletiň we jemgyýetiň ählitaraplaýyn ösmeginiň esasyny düzýän maksatnamalarynyň biridir. Ýurdumyzda umumybilim berýän mekdepleriň 12 ýyla geçirilmegi baradaky Milli Liderimiziň teklibi bütin halkymyz tarapyndan biragyzdan gyzgyn goldanyldy. Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň baş maksady netijeli bilim ulgamyny döretmek bolup durýar, ol adam serişdelerini kämilleşdirmek, milletiň intellektual mümkinçiligini ýokarlandyrmak ýoly bilen Türkmenistanyň ykdysady taýdan ýokary göterilmegine, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň hünärli işgärler bilen üpjün bolmagyna, ösüp barýan şahsyýetiň bilime bolan isleglerini kanagatlandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady syýasatynda ýokary bilim ulgamyndaky özgertmeler ileri tutulýar. Halkyň abadançylygynyň düýp çeşmesi ýaşlary ýokary hünärli, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ruhda  taýýarlaýan ösen bilim ulgamyndadyr. Ýokary mekdebi özgertmegiň esasynda milli ruhy gymmatlyklary bilen bir hatarda bu ugurda iň öňdebaryjy  dünýä tejribesini ulanmaklyk ýörelgesi ýatandyr.

Türkmenistan durnukly ösüşe eýe bolan we ilatynyň  maddy hal-ýagdaýy ýokary derejedäki ösen döwleti gurmagy özüniň baş maksady hökmünde öňde goýýar, bu bolsa öz nobatynda, intellektual serişdeleri we  “adam maýasyny”  has netijeli peýdalanmagy talap edýär.  Şonuň üçin hem, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi ýurduň geljekki ykdysady ösüşiniň we “adam maýasyny” ösdürmegiň esasy şertidir. Ýokary okuw mekdeplerinde berilýän jemgyýetiň ösen gatlagynyň döredijilik mümkinçilikleri esasy çeşme bolup hyzmat edýär.

Bilim ulgamynda dünýä ylmynyň we tehnikasynyň iň soňky ýeten derejesi bilen tanyşdyrýan innowasion usullar, interaktiw tehnologiýalar ornaşdyrylýar, täze okuw kitaplary we gollanmalary neşir edilýär bu bolsa talyplaryň sapaklara has gowy taýýarlanmagyna eltýär, olaryň dünýägaraýşyny giňeldýär. Mugallymlaryň aýlyk zähmet haklarynyň we talyplaryň talyp haklarynyň möçberiniň her ýylda döwlet tarapyndan köpeldilmegi mugallymlarda ýaşlary okatmak we  terbiýelemek işinde  uly höweslenme döredýär  hem-de ýaşlaryň tutanýerli bilim almagyna itergi berýär. Ýokary okuw mekdepleriniň  täze tehnologiýalar, multimediýa tagtalar, proýektorlar, kompýuterler bilen abzallaşdyrylmagy, internet ulgamynyň giň elýeterliligi talyp ýaşlara täze döwrüň bilim-sowadyny pugta öwrenmäge şert döredýär.

Ýokary okuw mekdeplerinde innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, işgärleri taýýarlamak şu günüň ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän maddy-tehniki binýadyň gowulandyrylmagy bilen berk baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary we ýörite-orta mekdepleriniň  kuwwatly tehniki maddy-tehniki binýady bilen abzallaşdyrylan täze binalar yzygiderli gurulýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin türkmen alymlarynyň mümkinçiliklerini we baý tejribesini doly ulanmagyň, şeýle hem ylma zehinli ýaşlary çekmegiň, olara başarnygyny doly açmaga we ulanmaga ýardam bermegiň, döredijilik gözleglerini höweslendirmegiň möhümdigini öz çykyşlarynda belläp geçýär.

Diýarymyzyň durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki we ruhy taýdan ösüşiniň esaslary bilim we ylym ulgamlary bilen esaslandyrylýar. Şu ýörelgelerden ugur alyp, milli Liderimiziň bilim we ylym ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek baradaky tagallalary  özüniň aýdyň netijelerini berýär. Häzirki döwürde döwrebap bilim almaga, ylym bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ol mümkinçilikleriň esaslary hökmünde şulary bellemek mümkin: birinjiden, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti ylym we täze tehnologiýany hemmetaraplaýyn ösdürmegi hemişe üns merkezinde saklaýar, ikinjiden, bizde ylym halkyň maddy üpjünçiligini gowulandyrmaga, halkyň medeni we ruhy derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär; üçünjiden, nazary we ylmy barlaglar berk utgaşykly alnyp barylýar; dördünjiden, ylmyň gazananlaryny, täze tehnologiýalary gysga möhletlerde önümçilige ornaşdyrmak üçin kanunçylyk esaslarymyz we maddy-tehniki   binýadymyz bar; bäşinjiden, dürli ylymlaryň sepgidinde täze ylmy işleri alyp barmak üçin mümkinçilikler döredilýär, halkara ylmy gatnaşyklar ösýär.

Türkmenistan döwletimizde bilime-ylma  döwlet tarapyndan uly üns berilýär. Her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän “Ylymlar” gününiň öňüsyrasynda öň yglan edilen Ýaş alymlaryň bäsleşiginiň jemi jemlenýär.  Iň ökde gowy ylmy iş ýazan ýaş alymlar Milli Liderimiz tarapyndan şa sowgady bilen sylaglanylýar. Häzirki döwürde ýaş alymlara doktoranturada, aspiranturada okamak üçin ähli şertler döredilýär.

Ýurdumyzda hünärmenleriň bilim derejelerini ýokarlandyrmak baradaky alada esasy orunda durýar. Kämil bilimli, sowatly bolmak, kompýuterlere hem öňdebaryjy tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip, sagdyn hem-de ruhubelent bolmak türkmen hünärmenleriniň durmuş ýörelgesine öwrüldi.

Pursatdan  peýdalanyp Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim-ylym  ulgamyny ösdürmekde, ýaş neslimize okamaga, ylym bilen meşgullanmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri we şertleri üçin  Gahryman hem Arkadag Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýaryn.

Hormatly  Prezidentimiziň  jany sag, ömri uzak,  alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn!

Altyn Durdyýewa., 

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň 

Amallara gözegçilik we maliýe monitoringi bölüminiň başlygy


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 22.05.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy